NÄDIP MASKA GEÝMEGI HAÝYŞ ETMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

maska geydirmeliAgyz-burun örtügi COVID-19 ýaýramagynyň öňüni alýan esasy şerişdeleriň biridir.

Muňa garamazdan, örtügi geýmegi gönümel talap etmek, adamyň özüni gorama refleksini oýaryp, netijede seniň haýyşyňy ýerine ýetirmezligi ahmal. Saglyk hünärmenleri bu meselede has mylakatly, sypaýyçylykly usullary ulanmagy maslahat berýär.

Başarsaň köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtüksiz adamlardan daşda durmaly.

Dükan we restoranlarda müşderileriň maska geýmeklerine menejerler gözegçilik etse has netijeli bolar.

Emma biri bilen gönümel gatnaşykda bolmaly, gürleşmeli bolan halatyňda, bu meselä sypaýyçylykly çemeleşseň, has netijeli bolar. Meselem, maska geýmegi saglyk hünärmenleriň maslahat berýändigini aýtmak, ýa-da, agyz-burun örtüginiň siziň ikiňizi hem gorajakdygyny ýatlatmak ýaly usullar ulanmak.

Okyjy, sen maska geýmegi nädip soraýarsyň?

Çeşme: Nädip maska geýmegi haýyş etmeli?