YS ALŞYŇ ÝITMEGINDEN-TUTGAÝLARA ÇENLI: COVID-YŇ KÖPUGURLY HÜJÜMI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid hujumiAlymlar COVID-19 alamatlary barada maglumat ýygnamagyny dowam edýärler:  

↪ Medpage Today habarlar gullugy Internal Medicine Žurnalynyň täze geçiren barlagyna esaslanyp, COVID-19 hassalarynyň aglabasyna tagam we ys alyş duýgulary 6 aýyň içinde gaýdyp gelýän bolsa, käbir hassalar üçin munuň has uzak dowam etmegi mümkindigini aýdýar.

↪ Zatlary dowamly ýatdan çykarmak ýa-da beýniniň şikeslenmegine meňzeş alamatlar, wirusyň agyr newrologiki şikesler ýetirip biljekdigini görkezýär. NPR hasabatyna görä, ylmy-barlagçylar ölen näsaglaryň beýni dokumasyny öwrenip, beýniniň uzak möhletleýin zeperlenmegi, şol sanda, Alsgeýmer döreme howpynyň artmagy mümkindigini aýdýarlar. Ýakynda Täze Angliýanyň Medisina Žurnalyna (New England Journal of Medicine) ýazylan hatda "kiçijik urgular toplumyna" meňzeş çişmeler we gan damarlarynyň ýarylmagy barada aýdylýar.

↪ Hepdäniň başynda neşir edilen Alsgeýmer we Demensiýa teswirine laýyklykda, COVID-19 tutgaýlykdan başlap, psihoza çenli beýnä beýleki şikesleri hem ýetirip bilýär.

COVID-19-yň beýnä uzak möhletleýin täsiri barada bellikleri ýygnamak we meseläni has içgin öwrenmek üçin dünýäniň 30 ýurdundan alymlar güýçlerini bir ýere jemlediler.