SEN COVID-19 DÖWRÜNDE TÜRKMEN DILINDE NÄHILI SÖZLERI, JÜMLELERI DÖRETDIŇ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid harplarNemesler öz dilini ep-esli derejede uýtgedip COVID-19 degişli 1200-den gowrak täze adalgasyny döredipdir. Germaniýanyň Leýbniz instituty olaryň hemmesini jemledi diýip, "Guardian" neşiri habar berýär.

Ynha käbir mysallar:

↪ Öffnungsdiskusionorgie – "ýollar, ýurt haçan açylar" bilen baglanşykly yzy üzülmeýän gürrüňler we gysgalaňly çekişmeler orgiýasy;

↪ Spuckshutztrennscheibe – tüýkülikden goraýan panel;

↪ Coronafrisur – korona priçeskasy;

↪ Overzoomed – kän Zoom ulanyp gaty ýadamak;

↪ Impfneid – waksina göripligi.

Bu lingwistik sowgatlaryň döremegine näme mümkinçilik berdikä? Dil bilen bagly düzgünler. Nemes diliniň "goşma at emele getiriş düzgüni" bar bolan sözlerden täze, has uzyn sözleri döretmäge mümkinçilik berýär.