SINOPHARM WAKSINALARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

vero cell"Vero сell" waksinasy Hytaýyň Sinopharm (resmi ady: China National Pharmaceutical Group Co., Ltd) kompaniýasy tarapyndan öndürilýär. Bu firma iki görnüşli Vero cell waksinasyny öndürýär we olaryň birinjisi Hytaýdaky Beijing Institute of Biological Products we ikinjisi Wuhan Institute of Biological Products tarapyndan döredilen waksinalardyr. Bu iki waksina habar çeşmelerinde Sinopharm/BIBP, (Pekin) we Sinopharm/WIBP, (Wuhan) diýlip atlandyrylýar.

Waksinalaryň täsirliligi

Sinopharm/BIBP (Pekin) waksinasy

2020-nji ýylyň 29-njy dekabrynda, Sinopharm/BIBP waksinasy synaglaryň 3-nji tapgyrynda 79.34% täsirli diýip habar berildi we 2 gün soňra, Hytaý döwleti bu waksinany resmi taýdan ulanmaga rugsat berdi. Bu synaga 125 milletden 60 000 meýletinçi gatnaşypdy. Waksinanyň kliniki synaglarynyň üçünji tapgyry Birleşen Arab Emirliklerinde (BAE), Marokkoda, Bahreýnde we Peruda hem amala aşyryldy. Waksina iki dozadan, arasyna 3 hepde salyp berilýär.

Sinopharm/BIBP waksinasynyň täsirliligi hakynda berlen sanlar firma tarapyndan diňe ýüzleý aýdylyp geçildi we heniz hiç hili jikme-jik maglumat berilmedi. Resmi lukmançylyk žurnalynda waksinanyň diňe 1 we 2-nji tapgyrdaky netijeleri çap edildi, ýöne 3-nji tapgyr hakynda heniz hiç zat çap edilmedi. Hytaýyň Azyk we derman serişdeleri administrasiýasynyň (Chinese FDA) öňki müdiri Bi Jingquan, Sinopharm firmasyna 3-nji tapgyryň netijelerini ilat bilen paýlaşyp, lukmançylyk žurnallarynda, syn ýazylan şekilde çap etmegi ündedi.

Şeýle hem, 2020-nji ýylyň dekabrynyň 9-na, Sinopharm/BIBP waksinasynyň BAE-däki 3-nji tapgyr synaglarynyň netijeliligi 86% diýlip bellenilip geçildi. Bu ýerdäki barlaga jemi 125 milletden 31 000 meýletinçi gatnaşdy. Ýöne bu barlaglaryň jikme-jikleri heniz lukmançylyk žurnallarynda çap edilmedi we barlaga gatnaşanlaryň näçesine plasebo berlendigi we näçesinde ýan täsirleriniň ýüze çykandygy hakynda maglumat paýlaşylmady.

Sinopharm/WIBP (Wuhan waksinasy)

2021-nji ýylyň fewral aýynyň 24-ne, bu waksinanyň 3-nji tapgyr synagynda 72.51% täsirlilik görkezendigi habar berildi. Bu waksina hem 7 sany ýurtda synagdan geçirildi we bularyň arasyna BAE, Bahreýn we Müsür hem girýär. Waksinany ulanmaga diňe Hytaýda we BAE-de şertli rugsat berildi. Bu waksinanyň hem, kliniki synaglarynyň 3-nji tapgyrynyň netijeleri heniz ilat bilen paýlaşylmady we lukmançylyk žurnallarynda çap edilmedi.

Haýsy ýurtlar Sinopharm waksinasyny ulanmaga rugsat berdi?

Sinopharm/BIBP (Pekin) waksinasyny resmi we şertli şekilde ulanmaga rugsat beren ýurtlar: Hytaý, BAE, Bahreýn, Argentina, Kambodia, Müsür, Guýana, Wengriýa, Eýran, Yrak, Iordaniýa, Maldiwler, Nepal, Päkistan, Peru, Wenezuela we Zimbabwe.

Türkmenistanyň hem bu waksinany kabul edendigi Hytaý mediýasy tarapyndan habar berildi, emma Türkmenistan heniz muny resmi şekilde aýan etmedi we ulanmak üçin resmi rugsatnama bermedi.

Günbatar ýurtlaryň arasynda bu waksinanyň ulanylmagyna diňe Wengriýa we Serbiýa hökümetleri rugsat berdiler. Ýewropa Bileleşiginiň derman serişdeleri agentligi (EMA) we ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri administrasiýasy (FDA) entek öz raýatlaryna bu waksinany ulanmaga rugsat bermediler. BSGG şu wagt bu waksina hakynda barlaglary derňeýär we netijelerini apreliň başynda aýan eder.