• Makalalar
  • COVID-19
  • TÜRKMENISTANDA СOVID-19 WAKSINASIÝASY BARADA NÄME BILÝÄRIS?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMENISTANDA СOVID-19 WAKSINASIÝASY BARADA NÄME BILÝÄRIS?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Turkmenistan Covid 19Saglygy goraýyş ministrligi

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi öz websaýtynda ýurtdaky Covid-19 waksinasiýasy hakynda (näçe adam waksina aldy, haýsy ýerlerde) hiç hili statistika çap etmedi.

↪ Websaýtyň baş sahypasynda "Häzirki wagtda howada tozan bölejikleriniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly agyz-burun örtüklerini ulanmaklygy we 2 metr araçägi berjaý etmegi, elleri ýuwmagy" maslahat berýärler.

↪ Sahypanyň iň aşaky böleginde "COVID-19 barada soňky maglumat" zynjyry bar, emma oňa bassaň hiç ýere äkitmeýär.

↪ Şeýle-de, saýtyň "habarlar" bölüminde ýurduň COVID-19-a jogap beriş meýilnamasy hem-de birki sany koronawirus sanjymlary barada maglumat bar. Habarlar bölüminde diňe soňky çap edilen 7 makala görünýär we ondan öňki habarlar görünmeýär.

↪ 2021-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi Türkmenistan gazetinde COVID-19 sanjymy barada düşündiriş çap etdi. Düşündirişde sanjym almagyň ähmiýeti bilen birlikde ilata doly derejede sanjym etmek üçin sanjym gorunyň döredilendigi, sanjym almak üçin howsala düşmän lukman bilen maslahatlaşmalydygy we degişli barlaglardan geçmelidigi aýdylýar.

Resmi metbugatda

Türkmenistanyň çäginde COVID-19-a garşy jemi 6 sany waksina hasaba alyndy we şolar halka hödürlenýär. Olar: Sputnik V (Russiýa), EpiVacCorona (Russiýa), CoviVac (Russiýa), Biowak (Hytaý), CoronaVac (Hytaý) we AstraZeneca (Britaniýa-Şwesiýa).

Ähli saglygy goraýyş edaralarynda öňüni alyş çäreleri boýunça amaly-okuw maslahatlary geçirildi we dowam edýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de maşgala lukmanlary tarapyndan ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär (TDH).

Şeýle-de bolsa, resmi habar beriş çeşmeleriniň web sahypalarynda öňüni alyş çäreleri we Covid-19 waksinasiýasy hakynda hiç hili statistika tapyp bolmaýar.

Ýurduň waksinasiýa meýilnamasy barmy?

Ýok, waksinasiýa meýilnamasy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we Saglygy goraýyş ministrliginiň websaýtlarynda paýlaşylmady. Diňe TDH-da ilata tapgyrlaýyn sanjym etmek işleriniň geçirilýändigi aýdylýar. Waksinasiýa degişli maglumatlar gazetleriň, sosial mediýanyň, telewideniýäniň, radionyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilmeli. Waksinasiýa ilata düşnükli türkmen we rus dillerinde düşündiriş işleri arkaly geçirilmeli. Düşündiriş işleri geçirilmese, galp maglumatlar, waksina ynamsyzlyk, myş-myşlar we konspirasiýa teoriýalary ýaýrap, ilata zyýan berip bilýär.

BSGG

BSGG-nyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda jemi 41,993 sany doza COVID-19 waksinasy berlipdir. Olardan 32,240 adam waksinanyň diňe birinji dozasyny we 9,753 adam waksinanyň ikinji dozasyny hem alypdyr. Ýöne bu sanlar 2021-nji ýylyň 3-nji aprelinde girizilipdir we ondan soňra hiç hili täze maglumat girizilmändir.

Hytaý waksinalary: 2021-nji ýylyň 9-njy maýynda Hytaý Respublikasynda öndürilen "CoronaVac" waksinasyndan Türkmenistan "uly mukdarda" satyn aldy. 27-nji iýunda ýene 1.5 million doza Sinopharm waksinasyny satyn almak barada ylalaşyga gol çekildi. Bularyň yz ýany, 3-nji iýulda, Türkmenistanda lukmanyň garşy görkezmesi bolmadyk 18 ýaşdan uly ähli adam COVID-19 waksinasyny almaga degişli edildi.

Sputnik V waksinasy

2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Russiýanyň Saglyk Ministrligi bilen bolan duşuşykda Türkmenistan Sputnik V waksinasyny satyn almagy meýilleşdirýändigini aýtdy. 2021-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Sputnik V we EpiVacCorona waksinalaryny ugradany üçin Russiýa hökümetine minnetdarlygyny bildirdi. Sputnik V waksinasynyň resmi Twitter hasabynda "Sputnik V sanjymlarynyň ýene bir tapgyry 27-nji awgustda Türkmenistana geldi" diýip habar berildi. Ýokarda agzalan habarlaryň hiç birinde gowşurylan waksinalaryň anyk sany aýan edilmeýär.

Awazada dynç almak

Raýatlar Azawa milli syýahatçylyk zolagyna dynç alşa gitmezden öň, ýollamanama alandan soň, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite nokatlarda COVID-19-a garşy sanjym alarlar. Dynç alşa gidýän 18 ýaşdan uly raýatlara COVID-19-a garşy sanjym edilendigini hem-de soňky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden geçilendigini, şeýle hem koronawirus ýokanjynyň ýokdugyna degişli barlagyň geçilendigini tassyklaýan resminama berler. 18 ýaşdan kiçi raýatlar, öz nobatynda, soňky üç gije-gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigi we test tabşyrandygy barada resminama alarlar.

Şypahanalarda dynç almak

Raýatlar şypahanalarda bejergi almak üçin şahsyýetini tassyklaýan pasportuny, ýaşaýan ýerinde saglyk öýleri tarapyndan berlen şypahana kartoçkasyny hem-de COVID-19 barlagyndan geçilendigi baradaky kepilnamasyny görkezmeli.

Başga çeşmeler:

Örtük dakynmak düzgüniniň äsgerilmedik we bozulan ýagdaýynda Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodekse laýyklykda (78-nji madda), raýatlara binýatlyk möçberiň bäş essesine çenli, ýagny 500 manada çenli möçberde jerime salynýar. Örtük dakmak düzgünini bozan adam ýüze çykarylanda, Içeri işler ministrliginiň işgärleri ilkinji gezek duýduryş bermek bilen çäklenmäge synanyşýarlar. Ýöne düzgün bozma gaýtalanan ýagdaýynda administratiw jogapkärçiligine çekilýär.

Sosial mediýada käbir raýatlaryň reaksiýalary:

↪ "Ejem Nebitdagda Covid waksinasy gutarany üçin, birinji dozasyny almak üçin Aşgabada gaýtdy".

↪ "Araňyzda Hytaýyň Sinopharm waksinasyny alan barmy? Ýan täsirleri nähili bolduka?"

↪ "Covid-19 geçirenimden soňra, näçe wagtdan waksina alyp bilýän?"

↪ "Waksina edýäs diýip çagyrdylar welin gitsemmikäm gardaşlar? CoronaVac ýa-da Sputnik urýalar ýalňyşmasam. Näme etmeli?"

↪ "Türkmenistan näçe % waksina urduka?"

↪ "Waksina urdurdym, indi ýollary açsalar we menem gitsem basymrak".

↪ "Awaza gitmak üçin waksina etdirmeli eken. Olar töleglimi, nireden etdirip bolýar, kimler etdirip bilýär?"

Gazagystanyň statistika paýlaşmak tejribesi

Gazagystanda COVID-19 wirusyna garşy berlen waksinalaryň sany her gün täzelenip durýar we ilat hem-de BSGG bilen açyk şekilde paýlaşylýar. Ýurt boýunça sanlar we maglumatlar ýurduň Saglyk Ministrliginiň web sahypasynda paýlaşylýar we 4-nji sentýabrda çap edilen sanlara görä, ýurtda 6,787,867 adam (ilatyň 35.5%) waksinanyň birinji dozasyny we 5,615,412 adam (ilatyň 29.3%) ikinji dozasyny hem kabul edipdir. Gazagystan şeýle hem, COVID-19 wirusy sebäpli kesellän we ýogalan raýatlaryň sanlaryny hem her gün açyk şekilde çap edýär.

  • 1473 gezek okalan