OMIKRON ŞTAMY DÜNÝÄNI ELEWREDÝÄR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

omicron covidKoronawirusyň ilkinji gezek noýabryň 24-ne Günorta Afrikada ýüze çykan ştamy, gysga wagtyň içinde Awstraliýa, Gongkonga, Ysraýyla, Niderlandiýa we Kanada ýaýrady.

Bu ştamdan näme üçin gorkulýar?: Omikron diýlip at berlen bu ştamyň birnäçe mutasiýasy bolup, onuň Delta ştamyndan hem has ýokançly bolmagy çaklanylýar. Bu ştam ilkinji gezek COVID-19 hadysalarynyň we hassahana düşýänleriň birden artan ýeri bolan Günorta Afrikada hasaba alyndy, emma epidemiologlar bu ýagdaýa Omikronyň ýa-da başga faktorlaryň sebäp bolandygyna heniz hem düşünmäge synanyşýarlar.

Häzire çenli näme bilýäris?

↪ Henize çenli Omikron bilen baglanyşykly ölüm hasaba alynmady.

↪ Alymlar Omikronyň agyr kesele sebäp bolýandygyny heniz bilmeýärler. BSGG muňa düşünmek üçin ýene birnäçe hepdäniň gerek boljakdygyny aýdýar.

↪ Waksinalaryň we öň koronawirus keselini geçirmegiň Omikrondan nähili gorap bilýändigi hem heniz anyk bilinmeýär.

↪ BSGG-nyň maslahatlaryna görä, kortikosteroidler we IL6 reseptor blokirleýji bejergiler COVID-19 bilen agyr kesellän näsaglar üçin netijeliligini saklar.

Syýahat çäklendirmeleri:

↪ Ýaponiýa we Ysraýyl ähli daşary ýurtlularyň ýurda girmesini çäklendirdi. Marokko döwleti ýurda gelýän ähli uçuşlary ýatyrdy.

↪ ABŞ we beýleki döwletler geçen hepde günorta Afrikadan gelýän uçuşlary ýatyrdylar.

"Ýurtlaryň hasaba alyş tertiplerinde uly tapawutlar bar. Bu bolsa bize iki zatdan habar berýär: 1) täze ştamy ilkinji bolup habar berýän ýurt, şol ştamyň asyl dörän ýeri bolman biler; 2) täze ştamlar barada habar berýän ýurtlary jezalandyrmak gorky we ýaýdanjaňlyk döredip, täze ştamlara takyk gözegçilik etmegi kynlaşdyryp biler." – Jenifer Nuzzo, John Hopkins epidemiology.

Umytlandyryjy bellikler:

↪ Günorta Afrika resmilerine adaty bolmadyk COVID-19 hadysalary barada habar beren lukman Anjelik Koetzi öz seredýän näsaglarynyň (dürli klasdan we milletden bolan ýaş adamlar) diňe ýadawlyk ýaly ýeňil simptomlarynyň bardygyny, emma tagam we ys alşyňy ýitirmek ýaly alamatlarynyň ýokdugyny aýdýar.

↪ Pfizer waksinasyny oýlap tapan BioNTech kompaniýasy ýörite Omikron ştamyna laýyk waksinany 100 günüň içinde çykaryp biljekdigini aýdýar. Şeýle-de, kompaniýa häzirki waksinanyň Omikrondan nä derejede gorap bilýändigini 2 hepdeden soň bilip boljakdygyny belledi.

Ylmy barlagçylar näme diýýär?: "Afrikaly ylmy barlagçylar we beýlekiler Afrikada waksina ýetmezçiliginiň täze ştamlaryň döremegine ýol açyp biljekdigi barada duýdurypdylar, emma baý ýurtlar muňa ähmiýet bermediler. Indi bize ‘size aýtmanmydyk?!’ diýäýmek galdy" diýip, Johannesburgdaky Witwatersrand Uniwersitetiniň ylmy barlagçysy Fransua Wenter belleýär.