ENE-ATA BOLANYŇDAN SOŇRA HEM ÖZÜŇE WAGT AÝRYP BOLÝARMY?
Ene-atalyk gijesi-gündizi bolmaýan, öran talap ediji iş bolup, ene-ata bolan köp adam maşgalasynyň zerurlyklaryny özüniňkiden öňde goýup başlaýar. Emma, ene-ata haçanda öz psihiki we fiziki zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilende, diňe ene-ataň öz saglygy we durmuşy baýlaşman, eýsem çagalar hem mundan uly peýda görýärler. Ýöne muny nädip başarmaly? Muny 3 sany özleri hem ene-ata bolan psihiki saglyk ekspertleri (Lisa, Sonali, Hina) ÝUNISEF-e beren interwýuwlarynda düşündirýärler.
Ene-ata hökmünde şahsy ideg (öz psihiki we fiziki saglygyňa ideg etmek) barada nämeler öwrendiň?
↪ Lisa: Meniň pikirimçe, köplenç ene-atalar özlerine wagt aýyrmagy çagalaryndan wagt ogurlamak bilen deňeşdirýärler. Ýöne bu nädogry düşünjedir. Haçanda biz özümize ideg edenimizde, biz çagalarymyza-da has gowy ideg edip bilýäris. Munuň üsti bilen çagalarymyza hem şahsy idegiň nämedigini we nähili bolmalydygyny öwredýäris.
↪ Hina: Şahsy ideg her gezekde birnäçe minuda hem sygdyrylyp bilner. Bu endik kök urmasy üçin birneme wagt alýar, emma bir öwreneňsoň hemişe seniň bilen galýar. Käte bolsa şahsy ideg gerek ýerinde kömek soramagy hem aňladýar. Meselem öý işlerine ýetişmekde kömekçi ulanmak, maşgala agzalaryňdan çaga seredişmekde kömek almak ýa-da psihiki saglygyň üçin lukmanlara ýüz tutmak.
↪ Sonali: Eger heniz başlamadyk bolsaň, onda şu wagt şahsy ideg üçin wagt aýyrmaga iň gowy wagtdyr. Bu öz-özüňe bolan merhemediň we gaýduwsyzlygyň üstüni açmakda uly ädimdir. Şahsy ideg syýahatyňa başlanyňda özüňe we beýlekilere mährem bolmagy unutma.
Seniň özüň şahsy idege nähili çemeleşýärsiň?
↪ Sonali: Özüme aýyrýan wagtymy "arakesme rituallarym" diýip atlandyrýaryn. Men bu wagtlarda ilki demimi dürseýärin we soňra fiziki, psihiki we sosial derejelerde rahatlandyryjy rituallary edýärin. Men bu adalgany 10 ýyl mundan öň köp işlemekden döreýän aşa argynlykdan (burnout) ejir çekenimde oýlap tapypdym. Munda esasy maksat ýekeje zada ünsüňi birikdirmek we her gün etmek. Başagaý geçýän günlerde hem demiňi dürsemek üçin 10 minutjyk wagt aýyrmagy başarmak. Men her gün belli bir wagtda ýekelikde ýöremäge gidýärin, meditasiýa edýärin we irdenlerine rahatlandyryjy sazlary diňleýärin, günüň dowamynda energiýamy dikeltmek üçin 15 minutlyk (başarsam ondan uzagrak) irkilýärin we edebi kitaplary okaýaryn. Hezillik we oýun oýnamak üçin wagt aýyrmagy hem şahsy ideg hasaplaýaryn. Terapewt we ene hökmünde, meniň demimi dürseme rituallarym meniň üçin mukaddes ýer bolup hyzmat edýärler.
↪ Hina: Ýaşym gidişdigiçe men ruhy we beden saglygymy saklamak üçin durmuşyň iň ýönekeý ingrediýentlerine dönýärin: bedenimi hereket etdirmek, dem almak, ýeterlik uky almak, telefonymy öçürmek we has köp gök-önümleridir miweleri iýmek. Özümi psihiki taýdan gowy duýýan wagtlarymda bu zatlary yzygiderli edýändigime göz ýetirýärin. Haçanda psihiki saglygym agsaklajak bolanda, bu zatlary has köp ýerine ýetirmäge synanyşýaryn. Elbetde, wagtym bolanda streçiň maşklaryny we ýoga etmäge ýa-da ene-atam we beýleki maşgala agzalarymdyr dost-ýarlarym bilen gürleşmäge çalyşýaryn. Diňe birnäçe minutlap olaryň sesini eşitmek we öz pikirlerimi paýlaşmak hem meni rahatlandyrýar.
↪ Lisa: Psiholog hökmünde men ukynyň adamlary bir ýerde saklaýan kleýdigini bilýärin – şonuň üçin tiz uka gitme we gije oýanmak uklama ukybymy goramaga örän jogapkärli çemeleşýärin. Tiz uka gitmek üçin, men agşamlaryna ähli zady haýallatmaga çalyşýaryn. Köp adamlar ýaly, maňa hem köp üns we energiýa talap edýän hereketlerden az wagt soňra uka gitmek kyn gelýär. Gije gowy we rahat uklamak üçin, gündizlerine sport bilen meşgullanmaga we arassa howadan dem almaga synanyşýaryn.
Şahsy ideg üçin nädip wagt tapýarsyň?
↪ Hina: Maňa şahsy ideg üçin wagt aýyrmak elýetmez görünýär. Iki sany ýaş çagama eje boljak bolup we işimdäki ýumuşlaryma ýetişjek bolup ylgap ýörşüme, özümi hemişe nobatda ýaly duýýaryn. Men şonuň üçin şahsy idegi çagalarym bilen geçirýän wagtymyň we işde edýän zatlarymyň içine goşýaryn. Dişimi ýuwup durkam, ünsümi jemläp, dykgatly bolmaga çalyşýaryn, nahar bişiremde maşgalam we dost-ýarlarym bilen gürleşýärin, çagalarym bilen ýatmaga taýýarlanýarkak ýoga pozalaryny edýärin. Işde wagtym ýygnaklaryň arasynda uludan dem almaga çalyşýaryn. Günüň soňunda bolsa, telefonymy öçürmäge synanyşýaryn, emma bu maňa aňsat düşmeýär.
↪ Lisa: Eje hökmünde maňa uly peýdasy degýän zatlaryň biri sessiz wagtlarymy özbaşdaklykda geçirmek. Öňler eşikleri ýygnaýarkam ýa-da nahar bişirýärkäm telefonda maşgalam we joralarym bilen gürleşerdim. Emma, wagtyň geçmegi bilen, esasanam kelläm gaýgy-aladadan doly wagty ýönekeý işleri asudalykda etmegiň gadryny bilip başladym. Şeýdemde meni alada goýýan zatlar hakynda has düýpli pikir edip bilýändigimi we öňümdäki meselelere has gowy çözgütleri tapyp bilýändigime göz ýetirdim. Haçanda beýnimi öz erkine goýberemde, pikirlerim durlanýar.
↪ Sonali: Meniň üçin şahsy ideg gündelik üns talap edýär. Özüme ideg etmäge ýetişmedik günlem meni aladalar, howsala we argynlyk gurşap alýar. Biz maşgalamda başymyzdan geçirýän uly duýgularymyz barada açyk gürleşmegi kada edindik. Ýyllaryň dowamynda biziň ählimiz, şol sanda ýanýoldaşym we gyzym hem birek-birege şahsy idegiň we özüňe wagt aýyrmagyň bize berýän peýdalary barada söhbetler etdik.
Seniň özüňe edýän şahsy idegiň maşgalaňa nähili peýdasy degýär?
↪ Lisa: Men gowy dynç alyp bilsem we kelläm dury bolanda, men çagalaryma hem has sabyrly çemeleşýärin we ýakymly adama öwrülýärin. Gije gowy uky alyp tursam, mende oýnamaga, aşhanada tans şagalaňyny geçirmäge ýa-da çagalarym bilen başga gyzykly zatlary etmäge energiýam bolýar.
↪ Sonali: Şahsy ideg maňa maşgalamy has-da gujurly etmäge kömek edýär. Şahsy idegiň maňa berýän rahatlygy we asudalygy maşgalamdaky beýlekilerede "ýokuşýar" we biz kynçylyklardan batyrgaýlyk we sabyrlylyk bilen baş alyp çykýarys. Şahsy ideg bize birek-biregiň şahsy çäklerini we zerurulyklaryny hormatlamaga, şol bir wagtda birek-birege bolan merhemede we duýgudaşlyga ýer açmaga kömek edýär.
↪ Hina: Meni ene-ata hökmünde iň bir guwandyrýan pursatlaryň biri ýaş çagalarymyň kyn pursatlarynda rahatlanmak üçin uludan dem alýandyklaryny görmekdir. Olar bu endigi menden öwrendiler. Haçanda olar menden ýatmazlaryndan öňürti bilelikde ýoga etmegimizi haýyş edenlerinde ýa-da özleri ýoga edip başlanlarynda, men özümi örän bagtly duýýaryn. Men haçanda psihiki we beden saglygyma ideg etmesem, ejelik wezipämi hem göwnejaý ýerine ýetirip bilmeýändigime göz ýetirdim.
Eksepertler hakynda:
Dr. Lisa Damour psiholog, awtor, podkastçy we iki çaganyň ejesi. Sonali Gupta kliniki psiholog, terapewt, awtor, kolumnist we bir çaganyň ejesi. Dr. Hina Talib pediator we ýetginjek lukmançylygynyň hünärmeni, ýazyjy, ýetginjek mediýasyny dörediji we iki çaganyň ejesi.
- 21 gezek okalan