GÖWRELILIK DÖWRÜNDE GAN BASYŞYŇ PESELMEGI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.52 (21 Ses)

Göwrelilik döwründe ösýän çaga üçin iň gowy şertleri döretmek maksady bilen enäniň bedeni hemme güýçlerini jemleýär. Elbetde, göwrelilik aýalyň bedeni üçin stress ýagdaýy bolup durýar. Adaty ýagdaýda bilinmän geçen ýarawsyzlyklar bu döwürde ýüze çykyp başlaýar. Bu ýagdaý bu döwürde gan basyşyň peselmegine hem degişlidir.

Gan basyşyň peselme ýagdaýy diýip, arteriýa gan damaryndaky gan basyşynyň 100/60 mm. simap sütüninden pes bolan halatlaryna aýdylýar.

Köplenç, göwrelilik döwründe (ortaça 12% ýagdaýlarda) aýalyň arterial gan basyşy biraz peselýär. Emma hemişe pesräk gan basyşyň görkezijisi bilen gezýän aýalyň göwrelilik döwründe gan basyşy has hem peselip, onuň umumy ýagdaýyna we göwreliligiň geçişine ýaramaz täsirini ýetirip biler.

Göwrelilikden öň dörän gan basyşyň peselme ýagdaýyny (ilkilenç) we şol döwürde dürli sebäpleriň täsiri bilen dörän (ikilenç) gan basyşyň peselmegini tapawutlandyryp bolýandyr.

Sebäpleri

Gan basyşyň peselmegi galkan şekilli we böwreküsti mäziň işiniň ýetmezçiliginiň, merkezi we periferiýa nerw ulgamynyň işiniň bozulmalarynyň, ýokanç keselleriň alamaty höküminde ýüze çykyp hem biler ýa-da özbaşdak kesel höküminde hem döräp biler.

Emma göwreli aýallarda gan basyşynyň peselmeginiň özbaşdak ýüze çykmagynyň sebäpleri doly anyklanmadyk. Esasan hem, onuň sebäbi göwrelilik döwründe aýalyň bedeninde çaganyň ýoldaşynyň gan aýlanşygynyň emele gelendigi bilen düşündirilýär. Çaganyň ýoldaşy gipofiz mäziniň işini peseldýän gormony bölüp çykarýar, netijede, gipofizde gan basyşy ýokarlandyrýan gormonlaryň emele gelmegi peselip, gan damaryndaky basyş hem peselýär.

Ýüze çykyş alamatlary

Pes gan basyşyň alamatlary köpdürliligi bilen tapawutlanýar. Gan basyşynyň pes bolmagy zerarly beýnide kislorod ýetmezçiligi döreýär, netijede gözüň öňüniň garaňkyramagy, emosional durnuksyzlyk, ukynyň bozulmagy, ondan başga-da, der basma, ysgynsyzlyk, parhsyzlyk, çalt ýadamaklyk, işe ýarawlylygyň peselmegi, howa ýetmezçilik duýgusy, agşamara injikleriň çişmegi, agzyň içiniň ajamagy, işdäniň peselmegi, gägirme, sarynyň gaýnamagy, garnyň ýellenmesi, içiň gatamagy, köplenç kellagyry we ýürek agyry ýaly alamatlar bimaza edip bilýär.

Köplenç pes gan basyşly ýagdaý aýalyň göwresindäki çaga kän bir täsir etmän, onuň özüniň ýagdaýyny kynlaşdyryp bilýär. Mysal üçin, göwreli aýal uzak wagtlap aýak üstünde duran bolsa, dymyk otagda oturan bolsa, gyzgyn suwa düşýän bolsa, açlyk duýsa ysgynsyzlyk, başaýlanma, kellagyry, hatda huşuň ýitirilmegi ýaly alamatlaryň döremegi mümkindir. Ondan başga-da köp halatlarda göwreli aýalyň keýpiniň üýtgäp durmaklygy, keýplilik we gurşap alýaň äleme bolan söýgi ýa-da gorky we özüniň gereksizligi duýgusy, gowşaklyk – gan basyşyň pesligi bilen bagly bolup durýar.

Käwägtlar gan basyşyň peselme keseli diňe ýeke kellagyrylar bilen geçip bilýär. Bu kellagyry akyl ýa-da fiziki işden, ukydan soň ýüze çykýar. Ol kütek, çekilýän, ýaryp barýan, damar urup agyrýan häsiýetli bolup, maňlaý we çekge ýa-da maňlaý-depe töwereklerde ýüze çykyp biler. Ilkilenç döreýän gan basyşyň peselme keseli wagtal-wagtal baş aýlanma, ýiti yşa, güýçli sese, galmagala ýokary duýgurlylyk, enterekleme, çaşmaklyk bilen häsiýetlenip bilýär.

Nerw ulgamy durnuksyz aýallaryň käbirinde dikelmeden soň gan basyşyň peselmegi ýüze çykýar: ýatan ýerinden birden dikelende gan aşak, ýagny göwrä inýär, beýnisinde gan üpjünçiligi azalyp, başy aýlanýar, gözüniň öňi ümezleýär. Şol wagt nasag huşuny ýitirip hem bilýär.

Göwrelilik döwründe pes gan basyşyň gaýraüzülmeleri höküminde:

► irki gestozy (80% ýagdaýlarda duş gelýär);

► düwünçegiň düşme howpuny (55%);

► giçki gestozlary (20%);

► wagtyndan öň bolýan dogrumlary (20%) belläp bolar.

Göwrelileriň gan basyşynyň peselmeginiň esasy gaýraüzülmesiniň biri – göwreliligiň özbaşdak aýrylmagydyr. Ondan başga-da, ýatgy-ýoldaş-çaga gan aýlanyş ulgamynda döreýän bozulmalar sebäpli göwredäki çaga ösüş üçin gerekli maddalar bilen ýeterlikli mukdarda üpjün edilmeýär we düwünçegiň ösüşden yza galmagynyň alamatlary ýüze çykýp bilýär.

Bejergi

Gan basyşynyň pesliginden ejir çekýän göwreli aýallar diňe ginekolog lukmanyň kadaly gözegçiligine mätäç bolman, olar maşgala lukmanynyň, newropatolog lukmanyň hem maslahatyny we bejergisini almalydyrlar.

Gan basyşyň peselmeginiň öňüni almakda we bejermekde bejeriş maşklary netijeliligi bilen bellidirler. Esasan hem ertirki maşk etmeler peýdalydyr. Suw bilen bejergi: duş, ýyly we salkyn suwlarda gezekleşdirip suwa düşme, owkalama peýdaly bolup biler.

Göwreli bir gije-gündizde 10-12 sagat ýatmalydyr. Ukysyzlyk ýüze çykanda ösümliklerden ýasalan serişdeleri (biopassit, persen, wamelan, alora, nowopassit), suprastin ýaly dermanlary ulanmak maslahat berilýär.

Iýmitlenme peýdaly we dürli bolup, beloga (et, balyk, dorog, ýumurtga) baý bolmalydyr.

Gan basyşyň peselme ýagdaýynda düwünçek üçin howpsuz bolan umumy tijendiriji serişdeleri ulanmak hem peýdaly bolup, olar umumy ýagdaýy gowulandyrýar, işe bolan ukyplylygy ýokarlandyrýar, ukyny kadalaşdyrýar. Bu maksat üçin pantokrini 2-4 gerdejikden ýa-da 30-40 damjadan günde 2-3 gezek kabul edip bolar. Araliýa, eleutorokokkyň erginini 30-40 damjadan günde 2-3 gezek, hytaý limonnigiň ergini 20-30 damjadan ýa-da 1 gerdejikden (0,5gr.) günde 2 gezek kabul etmek maslahat berilýär. Ženşeniň 10%-li spirt erginini 15-25 damjadan ýa-da 1-2 (0,15-0,3 gr.) gerdejikden günde 3 gezek kabul etmelidir. Dogrumdan soň süýdiň inmegini köpeldýän apilak serişdesi pes gan basyşy ýokarlandyrmakda hem peýdaly bolup, günde 1 gerdejikden (0,001gr.) 3 gezek diliň aşagyna goýlup kabul edilýär. Bu serişdeler bilen bejergi alamatlaryň dörän wagty ýa-da öňüni alyş bejergisi höküminde göwrelilik döwründe 2-3 tapgyr gaýtalanyp bilner. Izadrin, Riboksin, Panangin, Kokarboksilaza ýaly serişdeler görkezme boýunça lukmanyň bellemesinden soň kabul edilýändir.

Gan basyşyň pesliginden kösenýän göwrelileri fizioemleri bilen hem bejerýärler: umumy ultramelewşe şöhlelenme, boýun töweregine mezatonyň 1%-li ergini, kalsiý ýa-da nowokain bilen elektroforez geçirme, kofeinli burun elektroforezi.

Kislorodyň peýdaly täsirlerini göz öňüne tutup, ýokary basyş bilen berilýän kislorod bilen dem alma bejergisini geçirmek hem peýdaly hasaplanýar.

Gün tertibini dogry gurnap we lukmanlaryň hemme maslahatlarynyň dogry ýerine ýetirilşini gazanyp, gan basyşynyň pes halatlarynda hem göwreliligiň gaýraüzülmesiz geçmegini üpjün edip bolýandyr.