AŞAK SANALYŞ: ÖNELGESIZLIK KRIZISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

count downAşak sanalyş – sanlary belli bir ýerden yzlygyna nola çenli sanamak. (esasan raketa uçurylanda edilýär)

Ynsanlaryň köp zada gadyrbilmezlik edýändigi täzelik däldir. Olaryň biri hem önelgelik. Edil durmuşda esasy zerurlyklaryň we belli erkinlikleriniň hemişe elýeter boljakdygyna ynanyşlary ýaly, köp adam çaga etmegiň hem islän wagtlary mümkindigine ynanyp gezýärler. Bu ynançlar köplenç bir zady ýitirýänçäk onuň gadyr-gymmatyny bilmeýändigimiziň mysalydyr.

Reproduktiw ýa-da önelgelik meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýan erkege ýa-da aýala çagasynyň asla bolmazlygynyň mümkindigini kabul etmek agyr degýär. Gynançly biologiki hakykatlary bütin adamzada boýun aldyrmak welin, ondan hem agyr. Meniň öz barlaglarym we beýleki ylmy gözlegler soňky 40 ýylyň içinde, günbatar döwletlerinde sperma sanlarynyň we testosteron derejeleriniň örän peselendigini görkezýärler. Şeýle-de, jynsy taýdan ir ýetişýän gyzlaryň sany köpelýär we kämillik ýaşyndaky aýallar gowy hilli ýumurtgalaryny garaşylýanyndan has ir ýitirýärler; munuň üstesine, çagasy aýrylýanlaryň hem sany artýar.

Reproduktiw hasaplaşma asyry

Ynsan reproduksiýasyna gezek gelende, indi ähli zat öňküler ýaly işlemeýär. Mundan başga jandarlar hem kösenýärler. Janly tebigatda anormal jyns organly haýwanlar gitdigiçe artýar. Meselem, alligatorlarda, babyrlarda we norkalarda aşa kiçi ujytlaryň gabat gelmegi ýa-da balyklarda, gurbagalarda, guşlarda we pyşdyllarda aýallyk we erkeklik jyns mäzleriniň bilelikde bolmagy ýa-da näbelli jyns organlaryň emele gelmegi. Şeýle seretseň, bu meseleler geň-taňlyk ýa-da Ene Tebigatyň oýunlary ýaly görnüp bilýär, emma ähli yşaratlar içimizde örän ýalňyş bir zatlaryň bolup geçýändiginden habar berýär. Muňa anyk nämäniň günäkärdigi baradaky ýiti jedeller dowam edýär, ýöne şübhelenilýän günäkärleri subut ediji deliller barha köpelýär.

Bize şunçasy mälim: Ewolýusiýa esasynda özgeren adam bedeninde tebigy taýdan näsazlyk ýok. Biziň töweregimizdäki himikatlar we zyýanly durmuş stillerimiz gormonal durnuklylygymyzyň bozulmagyna, önelgelik meseleleriniň döremegine we reproduktiw ýaşdan geçen adamlarda hem saglyk näsazlyklarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Bu ýagdaý beýleki jandarlara hem täsirini ýetirip, reproduktiw şogyň has giňden ýaýramagyna goşant goşýar. Gysgaça aýdanymyzda, biz planeta dowamly zyýan ýetirip duran reproduktiw hasaplaşma asyrynda ýaşaýarys.

Tapmaçanyň böleklerini ýerli-ýerinde goýmak

Eger bu howply ýoldan ýöremegi dowam etsek, ýene ýüz ýyldan dünýämiziň nähili görünjekdigini göz öňüne getirmek kyn. Sperma sanlary şu gidişi bilen azalmagyny dowam etse, nähili bolar? Bu adamzadyň soňunyň başlangyjyndan habar berýärmi ýa-da biziň ýok bolup gitmäge ýakynlaşandygymyzdan? Janly tebigatyň ýumrulmagy ýerde ýaşamagyň kynlaşýandygyny aňladýarmy? Biz global taýdan ekzistensial krizise (durmuşyň manysyny we barlygy soraglamak netijesinde gama batmak) uçramaga ýakynlaşdykmy? Bular gowy soraglar we biziň heniz olara aýdyň jogabymyz ýok. Emma, tapmaçanyň bölekleri ýerli-ýerinde goýlup başlandy. Bular bilen indiki baplarda tanyşarsyňyz. Şeýle-de, ol baplarda sperma sanlarynyň gorkuly aşaklanyşynyň göwrümi, reproduktiw funksiýanyň başga taraplary, hem-de ylmy barlaglar esasynda ynsanlaryň bu gözgyny hala düşmegine sebäpkär bolmagy mümkin faktorlar barada öwrenersiňiz.

Bize şu mälimdir: Reproduktiw meseleler şu gidişine dowam etse, adamzat dowamatyna uly howp abanar.

Awtor hakynda:

Bu parça Şana Swanyň "Aşak sanalyş: Biziň häzirkizaman dünýämiz nädip sperma sanyna howp salýar, aýal we erkek reproduktiw ösüşini üýtgedýär, we adamzadyň geljegine wehim edýär" (iňlisçe: Count Down: How Our Modern World Is Threatening Sperm Counts, Altering Male and Female Reproductive Development, and Imperiling the Future of the Human Race) atly kitabyndan alnan. Ph.D Şana Swan dünýäde öňdebaryjy daşky gurşaw we reproduktiw epidemiologlaryň biri hem-de Nýu Ýork şäherindäki Icahn School of Medicine at Mount Sinai lukmançylyk mekdebinde professordyr. Birnäçe baýraklaryň eýesi bolan alym Dr. Swan, daşky gurşawdaky maddalaryň erkekleriň we aýallaryň reproduktiw (köpeliş) saglygyna we çagalaryň nerw ösüşine edýän täsirini öwrenýär.

Çeşme: Environmental health news