MEDIKAMENTOZ ABORT: ARTYKMAÇLYGY, GEÇIRILIŞ AÝRATYNLYKLARY, GAÝRAÜZÜLMELERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

medikametoz abortTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 2022-nji ýylyň 17-nji martynda çykaran "Göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagynyň Tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda" 108 belgili buýrugynda göwreliligiň 5-nji hepdesinde çenli medikamentoz (dermanlar bilen) aborty geçirmäge rugsat berilýär. Başga ýurtlarda medikamentoz aborty 10 hepdä çenli geçirmek rugsat berilýär.

Lukmançylyk resminamasynda bellenilşi ýaly, medikamentoz abort Saglyk öýlerinde lukmanlaryň gözegçiligi astynda geçirilmelidir we abortyň geçişi näsagyň lukmançylyk kartasynda beýan edilmelidir.

Abort – bu ýatgyda ösýän çaga düwünçegini derman serişdesi ýa-da lukmançylyk gurallary bilen aýyrmakdyr. Başgaça aýdylanda, göwrelilik emeli usul bilen togtadylýar. Abort aýalyň islegi bilen diňe ýörite taýynlykly lukman tarapyndan, ýöriteleşdirilen lukmançylyk edarasynda geçirilmeli. BSGG-nyň maslahatlaryna esaslanyp geçirilýän abort – howpsuz proseduradyr.

Medikamentoz (dermanlaryň ulanylmagy bilen geçirilýän) abort – ýatgynyň içindäki çaga düwünçegini hirurgiki usul bilen däl-de, dermanlaryň kömegi bilen aýyrmakdyr. Onuň üçin mifepriston we mizopristol derman serişdeleriň utgaşmasy ulanylýar. Mifepriston serişdesi göwrelilige goldaw berýän progesteron gormonynyň işläp çykmagyny togtadýan bolsa, mizopristol ýatgyny ýygryp, çaga düwünçeginiň çykmagyny üpjün edýändir.

Medikamentoz abortyň artykmaçlygy nämede?

↪ Ýokary netijelilik (95-98%) we howpsuzlyk;

↪ Agyrsyzlandyrma bilen bagly howpuň bolmazlygy;

↪ Hururgiki çäre bilen bagly gaýraüzülmeleriň aradan aýrylmagy: ýatgynyň deşilmegi, gan damarlarynyň, ýatgy boýunjygynyň şikeslenmegi, ýokançlyklaryň ýatga düşmek howpy;

↪ Hirurgiki abortda döreýän ruhy-emosional şikeslenmäniň aradan aýrylmagy;

↪ Önelgelilik ulgamyna ýaramaz täsirleriň bolmazlygy, esasan hem birinji gezek göwreli bolan aýallar üçin wajypdyr.

Medikamentoz aborty haýsy ýagdaýlarda saýlap bolýar?

▷ Geljekde göwrelilik meýilleşdirilýän bolsa;

▷ Öý şertlerinde göwreliligi togtatmak isleýän bolsa;

▷ Narkoz ulanmak bilen hirurgiki usul arkaly abort geçirmek islemeýän bolsa;

▷ Göwreliligi togtatmakda gizlinligi saklamak isleýän bolsa;

▷ Abort wagty maşgalanyň goldawyny isleýän bolsa;

▷ Aýalda ýatgynyň doga kemislikleri, ýatgynyň miomasy, ýokary dereje semizligi bolan halatynda;

▷ Aýal ozal ýatgynyň boýunjygynda operatiw bejergi geçiren bolsa.

Medikamentoz aborty haýsy ýagdaýlarda geçirmek bolmaýar?

↪ Mifepriston we mizopristol dermanlaryna allergiki täsirlilik bolan halatynda;

↪ Prostoglandinleri ulanmaga garşy görkezmeler bolan ýagdaýynda: demgysma keseli, glaukoma;

Ýatgydan daşary göwrelilige güman edilende;

↪ Uly ölçegli ýatgynyň miomasy bolan ýagdaýynda;

↪ Aýal jyns agzalarynyň ýiti sowuklama kesellerinde;

↪ Böwreküsti mäziň ýiti we dowamly ýetmezçiliginde;

↪ Kortikosteroid serişdeleri dowamly kabul edilýän ýagdaýynda;

↪ Ganyň lagtalanyş ulgamynyň keselleri bolanda;

↪ Gan basyşynyň ýokarlanma we ýüregiň işemiýa keseliniň agyr görnüşleri bar bolan halatynda;

↪ Ýygy tutgaý sindromy bolanlar;

↪ Gan azlylygyň agyr görnüşleri bolan ýagdaýda;

↪ Abortdan soň barlag geçmäge mümkinçiligi bolmadyk halatlarda;

↪ Çaga emdirilýän döwri.

Medikamentoz aborty geçirmek üçin haýsy barlaglardan geçmeli?

Aýal lukmany ginekologiki barlag geçirip, geçiren keselleriňiz we dermanlara bolan allergiki täsirliligiňiz barada maglumat ýygnandan soň, çanaklyk agzalaryň USB-na, bakteriologiki we sitologiýa barlagyna iberer. Olardan başga-da, ganyň umumy barlagyny, ganyň gruppa we rezus-faktoryna, ganyň gepatitlere, AIW we merezýel keseline barlagy geçmek wajypdyr.

Medikamentoz abort nähili geçirilýär?

► Lukmanyň birinji gezek kabul etmegi – aýal lukmany ginekologiki barlag geçirip, laborator barlaglaryň netijelerine baha berýär, göwreliligiň möhletini anyklap, onuň ýatgynyň içinde ösýändigini tassyklaýar, medikamentoz aborta bolan görkezmeleri we oňa garşy bolan görkezmeleri anyklaýar. Aýalyň abortyň bu görnüşini geçirmäge islegi bolan ýagdaýynda we oňa garşy görkezmeler bolmadyk halatynda abortyň geçişi barada aýala doly maglumat berilýär: aborta getirýän dermanlaryň täsiri, abortyň geçiş dowamlylygy, döräp biljek ýaramaz täsirler, gaýraüzülmeler we lukmanlaryň maslahatlaryny anyk ýerine ýetirmek zerurlygy.

► Lukmanyň ikinji gezek kabul etmegi – medikamentoz usul bilen göwreliligi togtatmaga razylyk alynýar we lukmanyň ýanynda Mifepriston derman serişdesi ( mukdary lukman tarapyndan kesgitlenmeli!) berilýär. Aýal lukmanyň gözegçiligi astynda bir sagat galdyrylýar, soňundan öýüne göýberilýär. Aýala zerur bolanda lukmançylyk işgärleri bilen habarlaşar ýaly doly mümkinçilik döredilýär (lukmanyň telefon belgisi, elektron poçtasynyň salgysy we baş).

► Lukmanyň üçünji gezek kabul etmegi – mifepriston kabul edilenden 24-48 sagat soň geçirilýär. Lukmanyň ýanynda aýal dermanlar utgaşmasynyň ikinji serişdesini – mizoprostoly kabul edýär. Serişdäniň mukdaryny aýbaşynyň saklanan dowamlylygyna görä lukman kesgitleýär. Aýala gözegçilik derman kabul edilenden soň 3-4 sagadyň dowamynda amala aşyrylýar. Soňundan aýal öýe göýberilýär we habarlaşmak üçin şert döredilýär. Aýallaryň aglaba böleginde mizoprostol kabul edenden soň jynshanadan ganly bölünip çykmalar başlap, olar 2-5 sagatdan has köpelip biler. Medikamentoz abort geçirlende gasykda we bilde çekiji agyrlar, ganly bölünip çykmalar, ýürek bulanma, baş aýlanma ýaly alamatlar döräp bilýändir. Olar babatda lukmanyň maslahatyny almak zerurdyr.

► Lukmanyň dördünji gezek kabul etmegi – medikamentoz abortyň netijeliligine baha bermek üçin mifepriston kabul edilenden iki hepde soň geçirilýär. Aýala ginekologiki barlag, çanaklyk agzalaryň USB-gy geçirilýär. Medikamentoz abort netijesiz geçen ýagdaýynda (abortyň doly bolup geçmezligi, göwreliligiň dowam etmegi) ýatgynyň içindäki galyndylar sordurylýar – wakuum-aspirasiýa geçirilýär.

Medikamentoz abortdan soň aýal nämelere üns bermeli?

◎ Aýbaşy halkasynyň doly dikelmegi üçin abortdan soň fiziki agram salmakdan, stresden, artykmaç derman kabul etmekden gaça durmalydyr, daşky jyns agzalaryň gigiýenasyny doly berjaý etmelidir;

◎ Medikamentoz abortdan soň aýbaşy 4-8 hepdäniň dowamynda başlap biler we aýbaşy halkasy 2-3 aýbaşydan soň doly kadalaşyp bilýändir;

◎ Abortdan soň jynsy gatnaşyklary 3-4 hepdeden soň başlamak maslahat berilýär;

◎ Medikamentoz abortdan soň birinji aýda hem göwreliligiň basym galyp bilýändigi sebäpli netijeli kontrasepsiýa usulyny saýlap almak möhümdir;

◎ Gaýtadan medikamentoz aborty diňe 6 aýdan az bolmadyk möhletden soň geçirmäge rugsat berilýär. Bu möhlet endokrin ulgamynyň doly dikelmegi üçin gerekdir. Oňa garamazdan, abortyň islendik görnüşiniň endokrin ulgamyna zarba urujy täsir edýändigi sebäpli, göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri ulanyp abort etdirmekden saklanmak dogry çözgütdir.

Ulanylan çeşmeler:
В. И. Краснопольский, О. Ф. Серова "Безопасный аборт" ГЭОТАР 2009 г.