HAPA HOWA ÇAGA DOGRUMYNA TÄSIR EDIP BILERMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

hapa howa caga dogrumyAlymlar dünýäde millionlarça çaganyň wagtyndan öň we pes agramly dogmagynyň hapa howanyň uzak wagtlyk täsiri bilen baglanyşykly bolup biljekdigini aýdýarlar.

Ýer ýüzünde hapa howa sebäpli ýylda ortaça ýedi million adam ölýär. Täze barlag işlerine görä, howanyň hapalygy diňe bir ýer ýüzündäki ähli adamlaryň saglygyna howp salman, eýsem heniz dünýä inmedik çagalaryň saglygyna hem howp salýar.

Ýakynda "PLOS Medicine" žurnalynda çap edilen ylmy iş howanyň hapalanmagynyň dünýäde çaga dogrumyna ýetirýän zyýanly täsirlerine seretdi. Ähli ýaşalýan yklymlarda bar bolan maglumatlar seljerilenden soňra, adam saçyndan 30 esse kiçi bolan, howa hapalaýjy madda PM2.5 2019-njy ýylda dünýäde takmynan alty million çaganyň wagtyndan öň dogmagyna we üç million çaganyň pes agramly dogmagyna getiripdir.

Howanyň hapalanmagy we dogurmak bilen bagly meseleler, bütin dünýäniň saglyk ulgamynda giňden ýaýran meselelerdir. On adamdan dokuzysy hapa howadan dem alýar. Şol bir wagtyň özünde, her ýyl takmynan 15 million çaga wagtyndan öň we 20 milliona golaý çaga pes agramly dogýar. Wagtyndan öň dogan çagalar 5 ýaşa ýetmän iň köp ölýän çagalardyr. Pes agramly çagalarda bolsa süýji we ýürek-damar keselleri ýaly ýokanç däl keselleriň döremek howpy has ýokary bolýar.

Dem bilen içiňe düşýän bölejikleriň iň ownugy bolan PM2.5 içerki we daşarky howanyň düzüminde bolup bilýär. PM2.5-iň çeşmeleri:

↪ awtoulaglaryň çykarýan tüsseleri;

↪ ýangyçlar;

↪ tokaý ýangynlary;

↪ himiýa zawodlarynyň tüsseleri;

↪ dürli peçlerden çykýan tüsseler;

↪ şem tüsseleri.

2.5 mikrometr ýa-da ondan hem kiçi bolan PM 2.5 demiň üsti bilen öýkene düşýär. PM2.5 bilen göwreliligiň ýakymsyz netijeleriniň arasyndaky baglanyşyk kesgin anyklanylan hem bolsa, bu mesele global taýdan heniz kän ölçenmedi.

Bu barlag işi dünýäde içerki we daşarky howada PM2.5 zyňyndylary bilen göwreliligiň esasy görkezijileriniň (dogum ýaşy, pes agramly dogmak, wagtyndan öň dogmak) arasyndaky baglanyşygy ilkinji bolup derňän iş hasaplanylýar.

"Howanyň hapalanmagynyň belli bir çägi bar diýip bolmaýar" diýip, bu barlag işine gatnaşmadyk, epidemiolog we Kaliforniýanyň daşky gurşawy goramak gullugynyň (CalEPA) howa we klimat epidemiologiýa bölüminiň müdiri Rupa Basu aýdýar. "Şeýle ylmy barlaglaryň bütin dünýäde gerimi giňese, P2.5 zyňyndylardan uzak wagtlap dem almak bilen göwreliligiň ýakymsyz netijeleriniň arasynda berk baglanyşygyň bardygyny boýun almaga delil artjak" diýip, Rupa Basu sözüniň üstüni ýetirýär.

Çaga dogumy we daşky gurşawdaky adalatsyzlyk

Alymlar häzir hem PM2.5 bölejikleriň düwünçege nähili täsir edýändigini anyklamaga synanyşýarlar. Ozalky barlag işleri PM2.5 bölejikleriň düwünçege plasentanyň üsti bilen ýetip biljekdigini görkezdi. Beýleki barlag işlerine görä bolsa, bölejikler gan aýlanyşa, kislorod çalşygyna we ene bilen çaganyň arasynda ýokumly maddalaryň daşalmagyna täsir edýär. Netijede, düwünçegiň ösüşden gijä galmagy ýa-da çişmegi (wospaleniýe) döräp biler.

Türkmenistanda PM2.5 bölejikleriň mukdary howanyň bir metr kub göwrüminde 21.77 mikrogram (şu barlag işine görä) bolup galýar. BSGG-nyň görkezmesindäki derejesi bir metr kub göwrümde 10 mikrogramdan köp bolmaly däl.

Batyr Bäşimow