ENÄ WE ÇAGA IÝMIT ÝETMEZÇILIGI: ULULARYŇ SAGLYGYNA WE ADAM KAPITALYNA TÄSIRLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

ena we caga iymit yetmezciligiDogurumdan öňki we soňky iýmit ýetmezçiliginiň beýniniň gurluşynda we işleýşinde uzak möhletli üýtgeşmelere sebäp bolup, çagalykda we ýetginjeklikde ýatkeşlik hem-de öwreniş bozulmalaryna eltip biljekdigini öňki barlaglar görkezipdi.

↪ 1 ýaşa çenli ýetmezçilikli iýmitlenmegiň ömür boýunça intellektual ukyplara nähili täsir edýändigi barada kän ylmy barlag geçirilmedi.

↪ "Barbados Iýmitleniş Barlagy" atly 55 ýyl dowam eden ylmy barlagda aram agyrlykda doglan, ýöne ömrüniň ilkinji ýylynda orta we ýiti derejede iýmit ýetmezçiligini başdan geçiren barbadosly ýaşaýjylaryň intellektual zehin derejesine (IQ) we akademiki ukyplaryna baha berildi.

↪ Barlaga gatnaşanlar iýmitleniş interwensiýa programmasyna kabul edildiler we12 ýaşlaryna çenli olaryň saglyk ýagdaýynyň gowulygyna gözegçilik edildi.

↪ Barlaga gatnaşanlaryň görkezen netijeleri olaryň 1 ýaşa çenli iýmit ýetmezçiligini başdan geçirmedik, sagdyn deň-duşlarynyňky bilen deňeşdirildi.

Netijeler:

↪ Göwrelilikde we çagalykda iýmit ýetmezçiligi nesillerde saglyk meselelerini döredip biler.

↪ Göwreli enelerde we çagalarda iýmit ýetmezçiligi şular bilen berk baglanyşykly:

▷  Uly ýaşda kelte boýlulyk;

▷  Az bilimlilik;

▷  Pes ykdysady öndürijilik;

▷  Aýallaryň pes agramly çaga dogurmagy (çaganyň dogluş agramy öýkeniň işleýşi we käbir rak keselleri bilen baglanyşdyrylýar; iýmit ýetmezçiliginiň psihiki bozulma bilen bagly bolmagy mümkin).

↪ Çagalykda pes agramlylykdan we ýetmezçilikli iýmitlenişden soňra, iki ýaşdan başlap agramyň artmagy glýukozanyň ýokary konsentrasiýasy, gan basyşyň ýokarlanmagy hem-de uly ýaşda lipid (ýag) çalşygynyň bozulmasy ýaly näsazlyklaryň töwekgelçilik faktorlarydyr.

Esasy sitatalar:

↪ "Düwünçegiň ýaramaz ösmegi ýa-da 2 ýaşa çenli boýuň haýal ösüşi ýetginjeklikde kelte boýlulyga, pes bilimlilige, ululykda az girdejä we olaryň nesilleriniň pes agramly dogulmagy ýaly öwezini dolup bolmajak zeperlere getirýär".

↪ "2 ýaşa çenli ýeterlik iýmitlenmän, çagalykda we ýetginjeklikde tiz semrän çagalarda iýmitlenme bilen bagly hroniki keselleriň döreme töwekgelçiligi ýokary".

↪ "Irki çagalykda çekilen zyýan hemişelik bozulmalara eltýär we geljekki nesillere hem täsir edip biler".

Çeşme