GÖWRELILIK DÖWRI IŞLEMEK PEÝDALYMY ÝA-DA HOWPLY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

gowreli islemekAýal öz göwreliligi barada bileninden soň durmuşy endiklerini, ýaşaýyş düzgünini öz täze ýagdaýyna görä uýgunlaşdyrmaly bolýar. Işlemek meselesi hem bu döwürde esasy seredilmeli ýagdaýlaryň biri bolýar, çünki göwrelilik bilen işlemegi utgaşdyryp bilmezlik ýa-da göwrelilige işleme bilen bagly ýetirilip bilinjek howp baradaky gorkular göwreli aýaly az alada goýmaýar.

Döwürdeş aýallary göwreli wagty işlemän öýde oturtmak kynçylykly bolup biler. Zähmet çekmäni dowam etmek islegi dürli sebäplere görä döreýär: aýallaryň aglabasy öz halaýan iş ornuny ýitirmekden çekinseler, käsi hünärmenlik ösüşinde arakesme etmeden saklanýarlar. Maddy taýdan garaşsyz bolmak, 9 aý öýde oturman, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak ýaly islegler hem esasy sebäplere degişli bolup biler.

Onsoň hem, göwrelilik – kesel dälde, aýalyň durmuşynda wagtlaýyn bolýan ajaýyp döwürdir. Eger göwrelilik kadaly geçýän bolsa, işlemek aýaly dürli howply, aladaly pikirlenmelerden halas etmäge ukyplydyr.

Göwrelilik döwri işlemek: gaça durmaly ýagdaýlar

Iş berijiden işiň göwrümini azaltmak we iş ýeriňizi çalyşmak barada aşakdaky ýagdaýlar dörände talap edip bilersiňiz:

↪ Iş ýeriňizde galmagal derejesi 60 desibelden ýokary bolanda;

↪ Eger ýaramaz ysly ýa-da himiki serişdeler bilen galtaşma bar bolanda;

↪ Ultrases, titreme ýaly fiziki faktorlar bar bolanda;

↪ Agyt fiziki agramlylyk, agyr ýükleri göterme bilen baglanşykly bolanda;

↪ Dowamly aýak üstünde ýa-da bir ýagdaýda durma kynçylygy bolanda;

↪ Gijeki sagatlar işlemeli bolanda;

↪ Pes temperaturanyň täsiri bolsa;

↪ Ýokary temperatura we çyglylyk bolsa;

↪ Açyk howada işlenende.

Göräýmäge ofisde işlemek aňsat bolup görünse-de, bu ýerde hem öz aýratynlyklary bardyr:

►  Dowamly bir ýagdaýda oturmak- çanaklyk agzalarda we aýaklarda wena gan aýlanşygynyň durgunlylygyna getirip biler. Şonuň üçin hem, ýönekeýje maşklary ýerine ýetirmek, gezelenç etmek üçin her 1-2 sagatdan arakesme etmek, mümkin bolsa gyşaryp dynjyňy almak peýdaly bolup biler.

►  Kompýuter bilen işlemek- kompýuteriň bedene ýetirýän ýaramaz täsiri barada anyk deliller bolmasa hem, onuň bilen işlenende maslahat berilýän goraýjy düzgünleri berjaý etmek peýdaly bolar: ýygy arakesmeler geçirmek, monitor bilen aralygy sazlamak, oňaýly kürsi saýlamak, goraýjy ekran we äýnek ulanmak.

Göwrelilik bilen işi nähili utgaşdyrmaly?

Eger siz öz göwreliligiňizi kesgitlän bolsaňyz, öz ýolbaşçyňyzy ýagdaýyňyzdan habarly etmek barada pikirleniň. Kanun boýunça size dekret rugsady berilýär, ýolbaşçyňyza bolsa işi meýilleşdirme we siziň ýeriňize işgär taýynlamak gerekdir. Ondan başga-da, göwreli aýaly işden boşatmaga kanunçylyk boýunça hiç ýolbaşçynyň haky ýokdur. Şeýle-de, ýolbaşçyňyz bilen indiki soraglar barada hem maslahatlaşyp bilersiňiz:

◇ Iş wagty;

◇ Lukmanyň gözegçiligine barmaly günler. Göwreli aýalyň iş günleri lukmana barmaga haky bardyr;

◇ Işiňizde size goldaw berip biljek işdeşiňiz barada;

◇ Dekret rugsadyna gidýän wagtyňyz;

◇ Dekret rugsatdan çykjak wagtyňyz ýa-da öýden işleme mümkinçiligiňiz.

Şeýle hem, göwrelilik döwri işlemek size ýakymly bolar ýaly indiki maslahatlary berjaý etmek wajypdyr:

◉  Çagaňyzyň saglygyna täsir etmez ýaly, stressli ýagdaýlardan, gaharlanmalardan gaça duruň;

◉  Öz işiňizden artyk işlemäň;

◉  Dogry iýmitlenmäge çalşyň. Naharlanmalaryň arasyna peýdaly önümleri (gury ir-iýmişleri, ter gök-önümleri, maňyzlar) goşuň;

◉  Suwy ýeterlik derejede kabul etmäge çalşyň;

◉  Dynç alyp, arassa howadan dem alar ýaly arakesmeler ediň;

◉  Çaganyň ýagdaýyna täsir etmez we sizde hem ýadawlylyk döretmez ýaly çilim çekilen otaglara girmekden saklanyň;

◉  Iş ýeriňizi öz üýtgeýän ýagdaýyňyza görä oňaýly gurnamaga çalşyň. Eger siz uzak oturýan bolsaňyz, oňurgaňyza agram düşmeginiň we aýaklaryňyzyň çişmeginiň öňüni almak maksady bilen aýagyňyzy biraz galdyryp oturar ýaly şert dörediň;

◉  Işde özüňize oňaýly egin-eşik we aýakgap saýlap alyň. Uzyn ökjeli köwüşleri geýmekden saklanyň, çünki olar arkada agyrylaryň, aýakda çişginliligiň, damar çekmeleriň döremeginiň, deňagramlylygyň ýitirilmeginiň sebäbi bolup biler;

◉  Wagtly-wagtynda peşew haltany boşatmagy unutmaň. Şeýdip siz döräp biljek sistitiň öňüni alyp bilersiňiz. Eger birden ýagdaýyňyzda üýtgeme, garnyň aşagynda agyry duýsaňyz, iş wagtynyň soňuna garaşman, tiz lukmana ýüz tutmaga çalşyň.

32 hepde – dekret rugsady berilýän möhlet.

Öz gözegçilik edýän lukmanyňyzdan dekret rugsadyna degişli resmi kagyzy alanyňyzdan soň, işiňiziň işgärler we hasaphana bölümlerinde degişli resmileri doldurarsyňyz. Dekret rugsadyna gitmezden öň, hemme işleriňizi tamamlanyňyza, işleri işdeşleriňize dogry tabşyranyňyza ynamly boluň. Iş kagyzlaryňyz kompýterde saklanýan bolsa, olary hem rejeläp tabşyryň. Öz şahsy zatlaryňyzy öýe almagy ýatdan çykarmaň.

Dekret rugsadyna çykan göwreli aýala göwreliligiň soňky hepdeleriniň ajaýyp pursatlaryny arkaýynlykda, öz işleri we gyzyklanmalary bilen geçirmäge mümkinçilik berilýär. Şol mümkinçilikleri göwreliligiňiz üçin peýdaly ulanmaga çalşyň!

Şöhle Myradowa, maşgala lukmany