KESAREWO KESIMI: GÖRKEZMELER, GEÇIRIŞ TEHNIKASY WE OPERASIÝADAN SOŇKY DÖWÜR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.71 (31 Ses)

Amaly akuşerçilikde geşirilýän kesarewo kesimi operasiýasy, aýallarda garyn boşlugynda geçirilýän operasiýalaryň arasynda iň giňden ýaýranydyr. Çaganyň dogulmagynyň operatiw usulyny ulanma, akuşer-ginekolog lukmanyndan ýörite taýynlygy we tejribeliligi talap edýändir. Gözegçilikde saklanýan geljekki enelerde bu operatiw usuly barada dürli soraglar ýüze çykýar.

Kesarewo kesimi nämekä?

Kesarewo kesimi – akuşer-ginekolog lukmany tarapyndan geçirilýän operasiýa bolup, onuň gidişinde, çaganyň dogulmagyny upjün etmek üçin garyn boşlugynyň öňki diwary hem-de ýatgy kesilýändir.

Gyssagly geçirilýän hem-de meýilleşdirilen kesar kesimiň arasynda nähili tapawut barka?

Meýilleşdirilen kesar kesimi operasiýasy üçin görkezmeler göwreliligiň gidişinde kesgitlenýändir. Ony geçirmek üçin görkezmelere aşakdakylar degişlidir:

♦ Aýalyň çanaklyk süňkleriniň darlygy;

♦ Çaga ýoldaşynyň ýatgy boýunjygynyň ýokarsynda ýerleşip, çaganyň geçýän dogrum ýollaryny böwetlemegi;

♦ Adaty dogrumyň geçmegine kynçylyk döredip biljek sebäpler (meselem, ýatgynyň boýunjygynda ýerleşýän mioma düwünleri);

♦ Ýatgynyň ýyrtylma howpy (ýatgyda geçen dogrumdan galan tyg yzy bolan halatynda);

♦ Enäniň beden keselleri (ýörek-damar ulgamynyň keselleri, böwregiň zeperlenmeleri, ýokary derejeli miopiýa we ş. m.);

♦ Enäniň we çaganyň janyna howp salýan, göwrelilik bilen bagly gaýraüzülmeler (agyr derejeli preeklampsiýa, eklampsiýa);

♦ Çaganyň çanaklygy bilen ýa-da kese ýerleşmegi;

♦ Ekiz çaga bilen göwrelilik;

♦ Göwreliligiň ahyrynda ýüze çykan jyns agzalarynyň uçuk keseli. (çaganyň jyns agzalaryna galtaşmagnyň öňüni almak maksady bilen)

Kesar kesimi operasiýasy adaty dogrumda, enäniň we çaganyň janyna howp salýan gaýraüzülmeler ýüze çykanda gyssagly ýagdaýda geçirilip bilner. Dogrum güýçleriniň gowşamagy ýa-da ýitmegi, çörekçäniň wagtyndan öň gopmagy, çagada ýüze çykan ýiti kislorod ýetmezçiligi, ýatgynyň ýyrtylma howpy kesar kesimini gyssagly geçirmek üçin görkezme bolup durýandyr.

Bu operasiýany geçirmeklige garşy görkezmeler barmy?

Bar. Ýaşaýşy upjün edip bilmejek çaganyň doga kemçilikleri ýüze çykarlanda, çaga enäniň göwresinde ölende bu operasiýa geçirilmeýär.

Operasiýa taýynlyk nähili geçirilýär?

Operasiýa geçirilmezden öň, lukman göwreli aýala operasiýany geçirmek üçin dörän sebäpler, onuň geçiriliş tertibi, ýüze çykyp biljek gaýraüzülmeler ( çaga üçin hem) barada maglumat berip, ondan operasiýany geçirmek üçin ýazmaça razylygyny almalydyr.

Operasiýadan öň aýal ýanyndaky hemme gymmatly zatlaryny (şaý-sepler, pul we ş. m.) garyndaşlaryna tabşyrmalydyr. Eger Siz göz linzalaryny, äýnek, çykarylýan emeli diş ýasamalaryny dakynýan bolsaňyz, olary çykarmak maslahat berilýär. Siziň ganyňyzyň gemoglobine barlagy geçiriler. Bu görkezijiniň derejesini lukmanlar üçin bilmek zerurdyr. Sebäbi, sag aýallara garanyňda, gany az göwreliler ganyň ýitirilmegini has agyr geçirýändirler. Wena damaryňyza zerur boljak erginleri we derman serişdelerini göýbermek üçin kateter goýlar. Şonuň ýaly-da, operasiýa wagty peşew haltanyň kadaly boşadylyp, onuň päsgel bermezligi we ýatgynyň gowy ýygrylmagy üçin peşew halta hem kateter goýulmalydyr.

Anesteziolog lukmanlary Size agyrsyzlandyrmak üçin derman serişdesini göýberip, operasiýanyň gidişinde Siziň ýagdaýyňyza (gan basyşy, ýürek urmalaryň ýygylygy) gözegçilik ederler. Häzirki wagtda, geçirmäge garşy görkezmeler bolmadyk ýagdaýlarynda epidural (oňurgadan çykýan nerw çogdamjyklaryny agyrsyzlandyrma) agyrsyzlandyrma usuly ulanylýar. Agyrsyzlandyrmanyň bu görnüşi, umumy agyrsyzlandyrma bilen deňeşdirlende, ene we çaga üçin has howpsyz bolup durýandyr. Bedeniň aşaky bölegi duýujylygyny ýitirip, Siz hiç zat duýmasaňyz hem, dogan çagaňyzyň sesini eşidip, oňa seretmäge mümkinçiligiňiz bolýandyr. Garnyň öňki diwarynyň kesiljek ýeri arassalaýjy serişdeler (ýodonat) bilen işlenilýär we arassa sargylar bilen çäklendirilýär.

Kesar kesimi operasiýasy nähili geçirilýär?

Hirurg lukman garnyň öňki diwaryny gasyk süňküniň üstünden keseligine, gyssagly ýagdaýlarda bolsa, çagany basym çykarmak üçin dikligine kesýändir. Geçen göwreliliklerden tyg yzlary galan bolsa, täze kesim şol ýerlerden kesilýändir, ýöne deridäki köne tyg kesilip aýrylýandyr. Garyn myşsalary süýşürilip, peşew halta gapdala aýrylansoň, ýatgyda kesik edilip, çaganyň suw haltasy deşilýändir. Lukman çagany çykaryp, onuň göbegini kesýär we operasion otagda taýyn duran çaga lukmanyna tabşyrýar. El bilen çaganyň ýoldaşy çykarylýandyr. Ýatgynyň kesigine üç gatly tikin goýlup, garnyň öňki diwary dikeldilýändir we derä tikin goýulýandyr. Kesar kesimi operasiýasy 20-40 minut dowam edýär.

Operasiýadan soňky döwürde aýalyň ýagdaýyna üznüksiz gözegçilik edilip, görkezme boýunça ýatgyny ýygyrýan, içegeleriň hereketini tijendirýän serişdeler, antibiotikler, agyrsyzlandyryjy dermanlar ulanylyp bilner. Operasiýadan soňky dikeldiş döwrüni gysgaltmak we gaýraüzülmeleriň öňüni almak maksady bilen aýaly düşeginden ir turuzyp, hereket etdirme maslahat berilýär.

Garyn boşlugyna derman serişdelerini göýbermek üçin turbajyklar (drenaž) goýlan bolsa, olar operasiýadan 2-3 gün soň, derä goýlan tikinler bolsa 5-6 gün soň aýrylýar.