"GÜNÜŇ ÇAGALARY": OLAR KIMLER?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.88 (16 Ses)

21-nji martda Dauna sindromly adamlaryň Halkara güni bellenilip geçilýär.

2011-nji ýylda BMG-nyň Assambleýasy bu güni Dauna sindromly adamlaryň guni diýip yglan etdi we halkara guramalaryna, häkimiýete degişli bolmadyk guramalara, hususy sektory öz içine alýan hemme guramalara bu güni doly derejede belläp, jemgyýetçiligi bu kesel barada habardar etmekligi tabşyrdy, şeýle adamlaryň duş gelýän kynçylyklaryny çözmäge gönükdirilen çäreleriň ugrunda işlemegi hygtady.

Dauna sindromy – hromosomlaryň sanynyň köpelmegi netijesinde ýüze çykýan, genetiki bozulmaly, doga hromosomly keseldir.

Şeýle bozulma ýygy – 650 çagadan birinde duş gelip bilýändir. Käbir lukmançylyk edebiýatynda bu bozulmalar "Dauna keseli" diýip atlandyrylýan bolsa hem, alymlar "Daunyň sindromy" diýlip atlandyrmany dogry hasaplap, 1866-njy ýylda iňlis alymy Džon Daunyň beýan eden alamatlar we aýratynlyklar toplumyny göz öňüne tutýarlar.

Dauna sindromyň ýüze çykmagynyň sebäpleri

93 ýyldan soň, 1959-njy ýylda fransuz alymy Žerar Ležen artyk hromosomanyň döremeginiň bu sindromyň sebäbi bolup durýandygyny anyklaýar. Adam bedeniniň öýjükleri ene-atadan çaga geçýän alamatlary saklaýan 46 (23 jübüt) sany hromosomadan ybaratdyr. Dauna sindromly doglan çagalaryň 21-nji jübüt hromosomlary goşmaça hromosomy saklaýandyr. Şol, artyk 47-nji hromosoma hem Dauna sindromynyň ýüze çykmagynyň esasy sebäbi bolýandyr.

Köpsanly geçirilen barlaglar, Dauna sindromynyň ýüze çykma ýygylygy bilen enäniň ýaşynyň (35 ýaşdan uly) arabaglanşygynyň bardygyny belleseler hem, bu baglanşyk hemişe yzarlanmaýar. 19-20 ýaşly enelerde hem şeýle genetiki bozulmaly çagalaryň dogulýandygy syn edilýändir. Şeýle-de, ene-atanyň durmuş endikleriniň, ýaşaýyş tertibiniň, hünär aýratynlyklarynyň hem bu sindrom bilen baglanşygynyň ýokdygyny alymlar belläp geçýärler.

Şeýle sindromly adamlaryň gününiň bu senede bellenilip geçilmegi tötänden däldir: 21-nji hromosomanyň üçlenmegi seneleriň diline geçirilendir – 21.03.

Dauna sindromynyň alamatlary

Dauna sindromynyň alamatlaryny çaga doglan badyna anyklap bolýandyr. Çaganyň daşky keşbinde tapawutlandyryjy alamatlary aýdyň görmek bolýar: kelle çanagynyň nädogry görnüşi, ýasy ýüzlülik, göz yşlarynyň gyýa ýerleşmegi, ýokarky gabykda gasynyň bolmagy, ýeňse süňküniň ýasy bolmagy, gulak ýelkenleriniň kiçiligi, elleriň we aýaklaryň gysga bolmagy, barmaklaryň gysgalygy, eliň 5-nji barmagynyň gyşyklygy, eliň aýasynda kese gasynjygyň bolmagy.

Özboluşly, "Günüň çagalary" diýlip atlandyrylýan bu sindromly çagalarda köplenç doga ýürek ýetmezçilikler, süňkleriň ösüşiniň yza galmagy, galkan şekilli mäziniň işiniň ýetmezçiligi, kemakyllylyk, myşsalaryň çeýeliginiň peselmegi, hereketleriň dogrulygynyň bozulmagy ýaly alamatlar anyklanylýar. Şeýle çagalar giç ýöreýärler we gepleýärler, ýöne olaryň köpüsi sözleýşe, saza düşünýän, şadyýan, mähirli, göwnüňi tapmaga ymtylýan häsiýetli bolýarlar.

Dauna sindromynyň bejergisi

Esasy üns çaga dogmagy meýilleşdirýän jübütlere genetiki lukmanlar tarapyndan berilmelidir. Genetik lukmanlar barlaglar netijesinde maşgalada keselli çaganyň dogulma ähtimallygyny anyklamaga kömek edýärler.

Genetiki keselleriň arasynda ýygy ýaýran Dauna sindromyny bejerip bolmaýar. Bu sindromly adamlara berilmeli lukmançylyk we sosial kömegi bar bolan beden bozulmalaryna täsir edýän bejergini bermek, olara öz-özlerine hyzmat etme, gepleme, köpçülige uýgunlaşma endiklerini öwretme ýaly wajyp çärelerden düzülen bolmalydyr.

Barlaglaryň görkezişi ýaly, Dauna sindromynda peýdaly netijeleri tireoidin derman serişdesi berýär. Şeýle-de, prefizon serişdesi hem gowy netijeleri gazanmaga kömek edýär. Çaganyň kämilleşmeginde niamid, nuredal dermanlary peýdaly bolup, olar ruhy gamgynlylygyň döremegine garşy hem peýdalydyr.

Bedeniň alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrmakda nerobil, dianabol serişdeleri peýdaly bolup, umumy gurplandyryjy serişdeler höküminde kalsiý, demir we aloe ösümliginiň şiresini saklaýan dermanlary ulanma maslahat berilýär. Elbetde, bu derman serişdeleri diňe lukmanyň maslahatyndan soň, onuň gözegçiligi astynda kabul edilmelidir.

Ylymda gazanylan öňegidişlikler biziň döwrümizde sütünli (rus. - stwolowyýe) öýjükleri giňden ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu öýjükler çaganyň hemme agzalarynyň işini kadalaşdyrmaga, immun ulgamyny taplandyrmaga, dokumalaryň üýtgän öýjüklerini dikeltmäge kömek edýär. Bejerginiň bu görnüşi beýniniň kadaly ösmegini üpjün etmäge kömek edýändir. Şeýle bejergi çaga doglandan soň gijikdirilmän başlanmalydyr we özwagtlaýyn bolmalydyr.

Dauna sindromly çagalara öz-özüňe hyzmat etme ukyplarynyň öwredilmegi, logoped lukmanynyň sapaklary, çagalar bilen aragatnaşyk saklamak ruhy taýdan kämilleşmegine uly itergi berip bilýändir.