1-nji IÝUN – ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNIDIR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.94 (17 Ses)

Elektronika enjamlary çagalara peýda berip bilermi?

Gündelik durmuşymyzda eýeleýän ornuny ýyldyrym çaltlygynda mäkämleşdirip barýan tehnologiýa enjamlary, ylaýtada ýaş çagaly ene-atalary uly alada goýýar. Ýaş çagalaryň tehnologiýanyň gazananlaryny ulanmalaryna Amerikan Pediatorlar Akademiýasy (AAP) tarapyndan 90-njy ýyllarda goýlan çäklendirmesi, häzirki günlerimizde ene-atalaryň soraglaryny günsaýyn artdyrýar. AAP 2 ýaşdan kiçi çagalara telewizory, kompýuteri we akylly telefony hiç görkezmeli däldigi, 2 ýaşdan uly çagalara hem günde 2 sagatdan artyk ulanmaga rugsat bermeli däldigi dogrusynda maslahat berýär.

90-njy ýyllarda mesele diňe telewizorda we ullakan ekranly oýun oýnalýan kompýuterlerde bolan bolsa, indi akylly telefonlar, planşetlar, el kompýuterleri we başga-da birnäçe elektroniki enjamlar adamlara telewizordan has ýakyn boldular. Ene-atalar hem ýaş çagalaryny dogan-garyndaşlary, mama-babalary bilen internet arkaly ekranda ýygy-ýygydan görüşdirmek isleýärler. Çagalarynyň planşetdir, kompýuterlerdäki bilim maksatly meýilnamalardan peýdalanmaklaryny isleýärler.

Bilermenleriň nygtamagyna görä, çagalaryň adamlar bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklap, söhbetdeş bolmagy olaryň aňlaryny, pikirlenme ukyplaryny çalt ösdürýär. Şonuň üçin hem, ýaş çagalara ýakynlary bilen habarlaşmaklary üçin elektroniki ekranlar ulanylanda, esasan çaganyň habarlaşýan, söhbetdeş bolýan adamy bilen edýän aragatnaşygyna, oňa bolan garaýşyna aýratyn üns berilse gowy bolar. Ene-atalar şeýle ýagdaýlarda elektroniki ekrany aşa ulanmak barada gaýgy etmege derek, çagalarynyň şol ekranyň aňyrsyndaky ynsan bilen gürrüňdeşliginiň äheňine, hereketlerine has köp üns bermelidir. Elektroniki enjamlar ýaş çagalar üçin nähili maksat bilen ulanylsa hem, maslahat berilýän wagtyndan köp ulandyrylmaly däldigini çaga lukmanlary belleýärler. Her bir ene-atanyň öýde elektroniki enjamlaryň ulanylmagyna pugta çäklendirme girizip, "maşgala wagtyna", ýagny özara gürrüňdeşliklere, pikir alyşmalara, biri-biriňe üns berilmegine we ýakynlaşmalara parh bermelidigi barada nygtalýar. Çünki, häzirki wagta çenli geçirlen barlaglar tehnologiýanyň ýaş çagalara pikirleniş, aragatnaşyk gurma we özlerini alyp baryş taýdan berýän netijeli peýdasynyň bardygyny anyklamady. Tersine, saglyk we adamlar, daşky gurşaw bilen aragatnaşyk saklamak ukyplaryny döretmek meselesinde birnäçe zyýanlaryň we howplaryň üstünden baryldy.

Maya Amanowa

Ulanylan çeşme