ÇAGANY NÄDİP GÜNDEN GORAMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gunden goramalyGün energiýasy islendik adam üçin, esasan hem çaganyň ösüp barýan bedeni üçin örän wajypdyr. Güneşlemek şeýle peýdaly hem bolsa, onuň çaga bedenine ýaramaz täsir etmegi üçin bary-ýogy 15 minutlap dik Günüň aşagynda bolmak ýeterlikdir.

Gün ultramelewşe şöhlelerini ýaýradýar. Bu bolsa deri öýjüklerinde mutasiýalaryň döremegine getirip bilýär. Çagalykda deriniň Gün energiýasy zerarly ýanmagy ýetginjeklikde we uly ýaşda deri ragynyň döremegine sebäp bolup bilýär. Gün şöhlesiniň çaganyň derisine, gözüne we immunitetine zyýanly täsiriniň öňüni almak üçin aşakdakylar maslahat berilýär:

↪ Gün şöhlesiniň täsiri günortan ýitileşip, iň howply ýagdaýa baryp ýetýändigi üçin, çagaňyzy şol wagt daşaryk çykarmaň. Bu başartmasa, çagany kölegede saklaň. Saýawan ulanmak ýakyp barýan Günden goranmagyň iň ýönekeý we elýeterli ýoludyr.

↪ Çagaňyza ýeňi uzyn egin-eşikleri geýdirmäge çalşyň. Şortik deregine uzyn balak geýdiriň. Şeýle etmek bilen, çaganyň derisiniň mümkin boldugyça köp bölegini gorap bilersiňiz.

↪ Kellä geýilýän başgaby hem ýatdan çykarmaň. Panama ýa-da şlýapa bolsa iň gowusy, sebäbi olar kepkadan tapawutlylykda çaganyň hem ýüzüni, hem gulagyny hem-de boýnuny goraýar.

↪ Ultramelewşe şöhleleri gözlere hem zyýan ýetirýär. Şonuň üçin hem, çagaňyza hökmany suratda Günden goraýjy äýnekleri dakyň.

↪ Çagaňyz daşary çykmazyndan ýarym sagat öňürti derisine Günden goraýjy krem çalyň. Goraýjylyk faktory 15 we ýokary bolan kremleri ulanyň. Gulak bilen burna hem çalmagy ýatdan çykarmaň. Eger çaga basseýnde suwa düşen bolsa, Günden goraýjy kremi täzeden çalyň.

Çeşme: ABŞ-nyň Keselleri bejeriş we öňüni alyş merkezleri (CDC)