ÇAGALAR BİLEN GEZELENJE ÇYKYŇ!

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

caga bilen gezelenc2015-2016 ýyllarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropadaky başlangyçlarynyň çäginde çagalaryň semizligine epidemiologiki taýdan gözegçilik etmek üçin Türkmenistanda barlag geçirildi. Munuň netijesinde, türkmen çagalarynyň fiziki işjeňlik derejesiniň pesdigi ýüze çykaryldy. Ýagny olar sport hem-de işjeň oýunlar bilen az meşgullanýarlar. Bu Türkmenistandaky çagalaryň 14%-iň aşa semiz, 3%-iň bolsa semiz bolmagynyň sebäpleriniň biridir.

Häzirki wagtda, bütin dünýäde ene-atalar çagalary bilen wagt geçirmäge ýa-da gezelenç etmäge ýeterlik wagt tapmaýarlar. Bizde, ýagny Türkmenistanda maşgalalaryň köpüsinde kakalar iş bilen başagaý, ejeler bolsa öýüň işlerine gümra. BMG-nyň Ösüş Maksatnamasyna laýyklykda, türkmenistanly kakalaryň bary-ýogy 15%-i kiçi ýaşly çagalary bilen bilelikde ylym-bilimiň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Köp çaga ýa özbaşdak ýa-da başga çagalar bilen oýnaýar.

Amerikanyň Çaga Lukmançylygy Akademiýasy ene-atalaryň çagalary bilen gezelenç etmeginiň hem-de bile oýun oýnamagynyň juda möhümdigini nygtap, onuň çaganyň jemgyýetçilik, aň we fiziki ösüşine ýardam berýändigini belleýär. Şeýle hem, ol geljekde çaga bilen ene-atanyň duýgy taýdan biri-birine baglanmagyna täsir etjek güýçli we sagdyn gatnaşyklaryň saklanmagyna kömek edýär.

↪ Çaga bilen günüň dowamynda iň bolmanda bir sagat arassa howada oýun oýnamak onuň myşsalaryny we süňklerini güýçlendirýär, ýüreginiň işleýşini gowulandyrýar, bedenini kislorod bilen baýlaşdyrýar we immunitet goragyny ýokarlandyrýar.

↪ Bilelikdäki oýunlar size bu dünýä çaganyň gözi bilen seretmäge, ony ýakyndan tanap, oňa düşünmäge, dürli ýagdaýlarda özüni nähili alyp barýandygyny bilmäge mümkinçilik berýär.

↪ Çaga siziň bilen ýygy-ýygydan oýnamak arkaly aragatnaşygyň dürli ýollary bilen tanyşýar, dürli-dürli ýüz alamatlaryny ulanmagy öwrenýär we döwrebap jemgyýetde özüni alyp barmagyň kadalaryny özleşdirýär.

↪ Ene-atanyň çagalary bilen oýun oýnamagy olaryň duýgularyna-da oňyn täsir edýär. Hoşniýetli duýgularyňyzyň we gülküňiziň üsti bilen, çaga siziň söýgüňize we aladaňyza düşünýär.

Çeşme: 1 / 2