NÄME ÜÇIN ÇAGALAR ZALYM BOLÝAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

zalym cagalarEger siz çagaňyzyň synpdaşlaryna azar berýändigini bilseňiz, näme ederdiňiz? Ýa çagaňyza şol häsiýeti bilen şeýle rehimsiz dünýäde ýaşamak has ýeňil bolar öýderdiňizmi?

Rubi-Sem Ýanza azar berip başlanlarynda, ol 10 ýaşyndady. Angliýadan Welse göçüp baranyna gaty az wagt bolupdy we täze synpdaşlary onuň gürleýşine, galyberse-de, daş keşbine gülüşýärdiler.

Ol şeýle gürrüň berýär: "Meniň üçin hemme zat bimanydy. Men nätanyş bir ýere göçüp bardym, hiç kimi tanamaýaryn, adamlar meni halamaýar. Bu zatlaryň sebäbine düşünmeýärdim".

Ýanzyň aýtmagyna görä, orta mekdebi tamamlaýança yzygiderli rehimsizligiň pidasy bolmagy onuň durmuşyna hemmetaraplaýyn ýaramaz täsirini ýetirýär. Muňa garşy göreşmek üçinem, ol çilim çekip, alkogolly içgileri içip başlaýar.

Ol şu wagt 46 ýaşynda. Mekdep ýyllaryndaky azar berilmeleriň täsirinden ahyry geçen ýyl çykypdyr.

"Men hiç kim meni halamaýan ýaly duýýardym. Şol sebäpdenem öz-özümi ýigrenýärdim" diýip, ol gürrüňinde belleýär.

Ýanzyň tejribesine ser salanymyzda, biz şeýle ajy hakykata göz ýetirýäris: bigünädiklerine we tejribesizdiklerine garamazdan, çagalar zalymlygyň aňrybaş derejesine ýetip bilýärler.

Ulaldygymyzça biz jemgyýetdäki kadalaryň olaryň eden-etdilikleriniň esli öňüni alýandygyna göz ýetirýäris. Şeýle-de bolsa, olaryň şol rehimsiz hereketleriniň täsiri aýylgançlygyna galýar.

Çagany deň-duşlaryna azar bermäge iterýän zat nämekä?

"Köne barlaglar jenjelçileriň diňe ýekeje görnüşiniň bolýandygyny aýdýardylar. Olar rehimsizligiň ýa-da idegsizligiň höküm sürýän maşgalasynda ýetişen, çendenaşa ynamly, özüne ýokary baha berýän, aşa agressiw çagalardy" diýip, Çeýpel Hilldäki Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň mugallymçylyk fakultetiniň professory Doroti Espilaž belleýär. Emma bu garaýyş indi üýtgedi.

Akademiki toparlaryň arasynda azar bermegiň, rehimsizligiň (iňlisçesi: "bullying") kabul edilen kesgitlemesi şeýle: güýç babatda dürli artykmaçlyklary (at-abraýy ýa-da fiziki mümkinçilikleri) bolan şahslaryň we toparlaryň arasyndaky zalymlygyň bir görnüşi.

Emma bu kesgitleme ne-hä üstünden düşülýän pidalaryň sezewar bolýan elhenç netijelerini, ne-de adamlaryň jenjelçilige başlamagynyň sebäpleriniň çylşyrymly sazlaşygyny hasaba alýar. Ýöne, her niçigem bolsa, güýçdäki aratapawut (täsirlilik, at-abraý, tanymallyk we ş. m.) esasy alamat bolup durýar.

Indi psihologlar mekdep jenjelçileriniň birnäçe görnüşiniň bardygyny tassyklaýarlar.

"Şeýle ýagdaý ýüze çykyp bilýär: aýdaly, sen meniň üstümden gülýärsiň, sebäbi sen meşhur, men bolsa beýle däl; ine, şu tapawut zerarly hem maňa özümi goramak kyn bolýar" diýip, Espilaž aýdýar.

Ol: "Öýde doganlary tarapyndan zuluma we rehimsizlige sezewar edilmek ýaly howply faktorlar bar hem bolsa, çaganyň deň-duşlaryna azar berip başlamagynyň sebäbi diňe olar däl" diýip belleýär.

Çaga zulum edilýän maşgalada ulalan hem bolsa, birek-birege goldaw we kömek berilýän, rehimsizligi we azar bermekligi düýbünden aýyrmaklyga çalyşýan mekdepde okasa, özüni agressiw alyp barman hem biler.

Soňky ýyllarda ylmy barlagçylar has-da çylşyrymly hadysalary belläp geçýärler. Öz rehimsizligini we gödekligini açyk görkezýän çagalardan başga-da, hile arkaly azar bermeklige ýüz urýan çagalar hem bar.

Olar belli bir kesgitlenen durmuşy başarnyklara eýe bolup, erjel bolýarlar we käte olary mugallymlary hem halaýar – umuman aýdanyňda, olar adaty samsyk we agressiw garagol çagalardan düýbünden tapawutlanýarlar. Iň esasy zat hem, şeýle çagalar amatly ýagdaý dörände öz bähbitleri üçin azar bermegiň usullaryndan ussatlyk bilen peýdalanýarlar.

"Öz toparynda agalygyny dikeldip, olara lider bolmak isleýärler" diýip, Espilaž belleýär. "Olar muny halamaýan adamlaryny pes basgançaklara düşürmek arkaly amala aşyrýarlar".

Derňewlere laýyklykda, rehimsizlik esasan ejir çekýän adam hakynda däl-de, ejir çekdirýän adam barada hem köp zat habar berýär.

Italýan we ispan okuwçylary ylmy tejribä gatnaşanlarynda olara azar bermeklik ýagdaýyny ejir çekdirýäniň gözi bilen seljermek teklip edilýär. Çagalara anketa paýlanýar we synpdaşlarynyň atlaryny üç topara (jenjelçi, pida we ýagdaýy gapdaldan synlaýjy) bölüp ýazmaklyk tabşyrylýar.

Birinji topara degişli bolanlara (synpdaşlary tarapyndan) köplenç halatda azar bermeklik bilen baglanyşykly gipotetiki ýagdaýyň olara nähili täsir edýändigi baradaky tassyklamalar arkaly ("Başga çagalar maňa üns beren bolsady, men özümi örän gowy duýardym".), ýa bolmasa, kimdir birine duýgudaşlyk bildirmezlik baradaky tassyklamalar arkaly ("Men özümi günäli duýamok, sebäbi bu barada pikir hem edemok" we "Pida ejir çekenok, şonuň üçinem maňa tapawudy ýok".) diýip baha berýärler.

Soňky ýyllarda kemsitmegiň täze görnüşleri emele geldi. Öňki döwürlerde pidanyň garşysyna agressiwlik gaýtalanyp durýar diýilýärdi. Bu indi internet ulgamynda "kiberbulling" arkaly amala aşyrylýar.

"Internede biz gezek çykaran habaryňyzy million adam okasa, ony gaýtalap durmagyň hajaty barmy?!" diýip, Espilaž belleýär. "Hökman däl bolsa gerek".

Sosial ulgamlaryndaky "kiberbulling" ylmy barlagçylary kemsitmeklige we azar bermeklige başgaça seretmäge iterýär.

Aslynda "kiberbulling" mekdeplerdäki adaty masgaralamak ýa-da azar bermek bilen meňzeş ýagdaý hökmünde kabul edilýär, sebäbi okuwçylar mekdebe internete birikdirilen öýjükli telefonlary bilen gelýärler.

"Men geçiren derňewlerimde okuwçylaryň deň-duşlarynyň üstünden gülmeklerini mekdep wagtyndan soň internetde-de dowam etdýändiklerine göz ýetirdim" diýip, Haddersfild uniwersitetiniň barlag psihologiýasy mugallymy Kalli Sani-Pepelasi belläp geçýär.

"Olar mekdepde bir partanyň başynda oturyp bilerler, ýöne masgaralamak üçin internedi ulanmagy saýlaýarlar, sebäbi internetde has köp adam görýär we çagalar galp meşhurlyk duýýarlar".

Eger öz çagaň başga çagalaryň üstünden gülüp, olara azar berýändigini bilseň, näme etmeli?

Ilkinji nobatda edilmeli dogry hereketiňiz: sebäbini jikme-jik öwrenmek. "Eger-de maňa biri jaň edip, seniň çagaň şeýle edýär" diýse, men oglumdan "Sen şeýle etmek bilen näme gazanjak bolýarsyň?! Näme üçin sen bu hereketi edýärsiň?!" diýip sorardym. "Belki-de siziň çagaňyz ondan şolar ýaly hereketleriň garaşylýan mekdebinde okaýandyr".

Onsoňam, öz hereketleriňize üns bermegiňiz zerur. Belki siziň bolşuňyzyň çaganyň edýän hereketine täsiri bardyr. Onuň sizden görelde alýan bolmagy ahmal.

Mekdeplerdäki ähli rehimsizliklere garşy geçirilmeli çäreleriň biri – dostluk-doganlyk sistemasyny ýola goýmak. Onda kiçi çagalara uly ýaşly okuwçylar hossarlyk edýär (ýagny uly synpdaky okuwçylar kiçi synpdaky okuwçylara halypa hökmünde bellenilýär we olar kiçi çagalara käbir meseleleriň ýüze çykmazlygy üçin, özüňi nähili dogry alyp barmalydygyny düşündirýärler).

Çaga wagty synpdaşlary tarapyndan kimiň üstünden gülnüp azar berlen bolsa, bu onuň bütin ömrüne, psihikasyna we özüne berýän bahasyna täsirini ýetirýär.

Birek-birege goldaw bermek we dost-doganlyk rehimsizligi düýbünden ýok etmek üçin möhümdir. "Mugallymlar we beýleki mekdep işgärleri tutanýerli bolmasalar, dostluk we hossarlyk sistemasy başa barmaz" diýip, Sani-Pepelasi belleýär.

Espilaž hem esasy zadyň mugallymlaryň arasyndaky we okuwçylaryň arasyndaky berk baglanyşykdygyny nygtaýar. Ol şeýle diýýär: "Biziň derňewlerimize görä, okuwçylaryň arasynda birek-birege goldawyň bar bolan we her bir okuwçynyň özüni köpçüligiň möhüm bölegi hasaplaýan mekdeplerinde zalymlyk has az duş gelinýär".

Emma beýle goldaw köplenç halatda ýok. 2014-nji ýylda Espilaž we onuň kärdeşleri jynsy zulum bilen mekdepdäki rehimsizligiň arasyndaky aýylganç baglanyşygy açyp görkezen bäş ýyllyk barlagyň netijelerini çap etdiler.

Barlaga görä, kiçi synplardaky okuwçylara azar berlen ýagdaýynda olara garşy gomofobiýa bilen bagly kemsidiiji sözleriň aýdylýan wagtlary bolýar, bu bolsa soňraky okuw ýyllarynda jynsy zuluma ýüz urmaga getirýär.

Ýöne köplenç halatda jynsy zuluma baş goşýan çagalar – günäliler we pidalar bolup geçen zatlaryň nä derejede howpludygyna-da düşünmeýärler.

"Üstünden gülmeklikden başlanyp, gomofobiýa bilen bagly lakamlaryň dakylmagy, soňra jynsy zuluma sezewar edilip, kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen duşuşyklaryň barşynda zorlamalaryň ýüze çykmagy – bularyň ählisi agressiýanyň üznüksiz prosesidir. Galyberse-de, olar hakykatdan hem bolup geçýär" diýip, Espilaž belleýär.

Mekdebi tamamlamak bilen ýetginjeklerde kimdir biriniň üstünden gülmek islegi aradan aýrylýarmy? Espilažyň pikirine görä, şeýle bolaýmagy mümkin, ýöne beýle adamlar agressiýasyny ýüze çykarmak üçin özüne täze obýekt hem tapyp biler.

"Men öz tejribäme esaslanyp, käbir adamlaryň şeýle zalym hereketleriň olara üstünlik getirýän işlerine (polisiýa, ýurist) girýändigini nygtardym".

Emma iň gynançly ýeri, olaryň pidalarynyň başdan geçiren zatlarynyň täsiri ençeme ýyla çekýär, bu bolsa olaryň fiziki we psihiki sagdynlygynyň ýaramazlaşmagyna getirýär.

Mekdepde okan döwri elmydama kemsidilen Rubi-Sem Ýanz soňra şahsy betbagtçylykdan baş alyp çykmak bilen bagly ýörite tälim alýar. Ol özüniňki ýaly tejribesi bolan adamlara ýardam bermegi umyt edinýär.

Ol: "Üstüňden gülünmegi – bu durmuşda özüňe bolan ynamy, howpsuzlyk we ygtybarlylyk duýgusyny ýitirmekdir" diýýär.

Oňa ýakynda mekdepde azar beren gyz ötünç sorap "Facebookda" ýazýar. Onuň hatyny okap, Ýanz gaharlanýar. "Men bireýýäm köşeşmedim, ýöne onuň maňa çekdiren ejirleriniň awusy şol öňküligine dur. Belki ol ýeňländir, emma men pylan zat diýip biljek däl" diýip, Ýanz belleýär.

Ýöne ol soňra azar bermek bilen bir hatarda ötünç soramagyň hem diňe bir ejir çeken üçin däl-de, ejir çekdiren we soňundan ötünç soran üçin hem kynçylykdygyna düşünýär.

"Meniň oňa nebsimem agyrýar, sebäbi eden etmişlerini näme üçin edendigine düşünýärin. Belki-de, ol öýünde agyr kynçylyklary başdan geçirendir. Ýöne men şonda-da onuň eden zatlaryna dogry diýip biljek däl".

Makalanyň asyl nusgasy

Terjime eden Jumadurdy Rejebow