SEN ÇAGANY ENE SÜÝDI BILEN IÝMITLENDIRMEK BARADA NÄME BILÝÄRSIŇ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

caga ene suydi2020-nji ýylyň 1-7 awgust aralygy Çagany Ene Süýdi Bilen Iýmitlendirmegiň Bütindünýä Hepdeligi. Bu hepdeligiň esasy mowzugy "Planetamyzyň has sagdyn bolmasy üçin çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamakdyr". Bu mowzukdan ugur alyp, Saglyk UNICEF guramasyny we Saglyk Ministrligini çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmekde ilata maslahat we goldaw berme hyzmatlaryny ösdürmäge çagyrýar. Ýurdumyzda bu mowzukda esasy meseleleriň biri ene süýdüniň peýdasy barada türkmen dilindäki maglumatlaryň ýetmezçiligidir. Şeýle maglumatlar diňe eneler üçin däl-de, atalar üçin hem çykarylmaly we düşündirilmeli. Ene-atalaryň kän soraýan soraglaryna jogap berýän sosial mediýa hasaby ýa-da web sahypasy açylmaly. Kynçylyklar ýüze çykanda kimden we nireden tiz konsultasiýa alyp bolýandygy anyk görkezilmeli. Çaga ene süýdi bilen iýmitlendirilende diňe çaga däl, bütin maşgala we jemgyýet utýar. Şonuň üçin, düşündiriş işleri diňe enä gönükdirilmän, atalary, maşgala agzalaryny, iş berijileri hem öz içine almaly. Çaga emdirýän işgär eneler üçin, kanuna görä, çagany wagtly-wagtynda emdirmäne amatly iş şertleri döredilmeli.

Çaga üçün ene süýdünden peýdaly we gymmatly önümiň ýoklugy bireýýäm subut edildi. Çagany ene süýdünden kesip, emeli süýt bermek – düýbünden ýalňyş çemeleşmedir. Çaga niýetlenen emeli süýt önümleri, ýokary tehnologiýanyň talaplaryna laýyk gelýän hem bolsa, hiç haçan düzümi boýunça ene süýdüne meňzäp bilmez. Çünki ene süýdi her çaganyň talaplaryna, ýaşyna görä düzümini üýtgedip durýar. Ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalar:

◈ Ýokanç kesellerden, aşgazan-içege we dem alyş ulgamynyň kesellerinden, peşew çykaryş ýollarynyň ýokançlyklaryndan, gulak sowuklamasyndan, allergiýalardan, demgysma, ekzema ýaly kesellerden goragly bolýarlar. Kesellere garşy sanjymlary hiç hili kynçylyksyz, gaýraüzülmesiz alýarlar.

◈ Dişleriň nädogry ösmegi, görejiň kütelmegi, ragyň käbir görnüşleri, gan basyşyň ýokarlanmagy we ýürek keselleri ýaly näsazlyklara az duçar bolýarlar.

◈ Eneleri bilen hemişe fiziki we ruhy ýakynlykda bolýarlar. Şeýle ýakynlyk çaganyň nerw we endokrin ulgamynyň işjeň işlemegine, beden agzalarynyň kadaly ösmegine ýardam berýär. Akyl taýdan has ösen bolýarlar we okuwy ýeňil özleşdirýärler. Dürli üýtgeşmelere çalt uýgunlaşýarlar. Şähdaçyk, mähirli, şadyýan bolýarlar.

Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň diňe bir çaganyň saglygyna däl, enäniň saglygyna-da peýdalydygyny bilmek möhümdir! Çagasyny öz süýdi bilen iýmitlendirýän enelerde süýt mäzleriň we ýumurtgalyklaryň ragynyň döreme howpy azalýar. Süýji keselli aýallar emdirende, olara bejergi üçin insuliniň az mukdary gerek bolýar.

Birinji 6 aýyň dowamynda, aýbaşy gelmedik ýagdaýda, gije-gündiz emdirýän aýalda göwreli bolmazlyk ukyby saklanýar.

2019-njy ýylda UNICEF tarapyndan çap edilen Köp görkezijili klasterleýin barlaga (MICS) görä, Türkmenistanda:

► Doglanyndan soň ilkinji sagadyň içinde ene süýdi berilýän çagalar: 68.3%

► Doglanyndan soň bir günüň içinde ene süýdi berilýän çagalar: 96.7%

► Ilkinji alty aýda diňe ene süýdi berilýän çagalar: 56.5%

► Ilkinji alty aýda galapyn ene süýdi berilýän çagalar: 78.6%

► Bir ýaşa çenli ene süýdi berilýän çagalar: 73.6%

► Iki ýaşa çenli ene süýdi berilýän çagalar: 20.2%

Hormatly okyjy,

Seniň pikiriňçe bu sanlar hakykata laýyk gelýärmi?

Mähriban eneler,

Siz çaga emdirmekde kynçylyk çekdiňizmi? Beýle ýagdaýda kimden kömek aldyňyz? Lukmandanmy? Başga enelerdenmi? Joralaryňyzdanmy? Ejeňizdenmi? Gaýynyňyzdanmy? Ýörite guramadanmy?

Goşmaça maglumatlar: 1 / 2 / 3 / 4