ÝURDUMYZDA ÇAGA SEMIZLIGI BARHA ULALÝAN MESELE
Türkmenistanda ýyl-ýyldan has köp çaga semreme we aşa semreme töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bütindünýä semizlik atlasynyň habar bermegine görä, häzirki wagtda ýurtda 5-19 ýaşly çagalaryň ~10% semizlikden ejir çekýär we bu görkezijiniň 2040-njy ýyla çenli 15-18% çykmagyna garaşylýar. Ýurduň öz içinde bolsa, 2017-nji ýyldan bäri bu mesele boýunça sanlardyr maglumatlar köpçülik bilen paýlaşylmaýar, iýmit marketingi düzgünleşdirilmeýär we mekdep naharlarynyň hil we ýokumlylyk standartlary barada habar berilmeýär.
Halkara guramalar nähili maglumatlary berýärler?
Bütindünýä semizlik federasiýasynyň 2026-njy ýylda çap eden Bütindünýä semizlik atlasynda Türkmenistanda 350 müň çaganyň we ýetginjegiň semiz ýa-da aşa semizdigi bellenilýär. Çaga semizliginiň zyýanly saglyk täsirlerine eýýämden syn etmek bolýar: 20 müň töweregi çaga bedeniň agyrlyk indeksi (BMI) bilen bagly ýokary gan basyşy, 11 müň çaga giperglikemiýany we 56 müňüsi bagyr kesellerini başdan geçirýärler. Eger özwagtynda çäreler görülmese, bularyň ählisiniň 2040-njy ýyla çenli ýaramazlaşmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, ýurtda bäş aýa çenli bäbekleriň 40% golaýy diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilmeýär (BSGG bäbekleri ilkinji alty aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi ündeýär) we önelgelik ýaşyndaky aýallaryň 22.5%-nde bedeniň agyrlyk indeksi ýokary. Ene süýdüniň ýerini tutujy iýmitler boýunça Halkara marketing kodeksi Türkmenistana 100 baldan 49 bal berýär. Bu kodeks ene süýdüni gorap, onuň ýerini tutujy iýmitleriň we olaryň mahabatlandyrylmagynyň berk düzgünleşdirilmegini talap edýär. Ýurtda, şeýle-de, çagalara gönükdirilýän iýmit marketingini azaltýan kanunlar ýetmezçilik edýär.
BSGG-nyň Ýewropa boýunça çagalaryň arasynda aşa semizlige gözegçilik ediş başlangyjynyň (COSI) 2017-nji ýyldaky hasabaty Türkmenistany çaga semizligi boýunça bütin Ýewropa sebitinde iň aşaky orunlarda goýýar (7 ýaşlylaryň diňe 11.5% semiz we 3% aşa semiz). Şol bir wagtda, ol hasabat aladalandyryjy durmuş endiklerini hem ýüze çykardy: 6-9 ýaşly çagalar şekerli garbanalgalary hepdede üç günden hem ýygy iýýärler – bu bolsa sebitdäki ýurtlaryň içinde iň uly görkezijileriň biridir. Şeýle-de, türkmenistanly çagalar bütin sebit boýunça ekranyň öňünde iň köp wagt geçirýärler (çagalaryň 60%-i günde azyndan iki sagat ekrana seredýär). Gündelik gök-önümleri we miweleri çagalaryň 70% töwereginiň iýmesine we 80%-den köp böleginiň mekdebe pyýada ýa-da tigirde gatnamasyna garamazdan, çagalaryň diňe 8%-i hepdede azyndan iki sagat sportuň bir görnüşi bilen meşgullanýarlar.
Merkezi Aziýa sebitindäki goňşy döwletler bilen deňeşdirilende Türkmenistanda çaga semizliginiň ýaýrawlylygy has pes. Bütündünýä semizlik atlasy Özbegistanda we Gazagystanda çagalaryň takmynan 20%-niň semizdigini habar berýär. Gyrgyzystanda bolsa bu san Türkmenistanyňka deňeçer bolup (~10%), Täjigistan 8% bilen iň soňky orunda durýar. Ene süýdüni goraýan we öňe sürýän kanunlar boýunça welin, Türkmenistan pes netije görkezýär (49/100). Meselem, 73/100 we 70/100 ballar bilen Gyrgyzystan we Täjigistan has öňde barýar.
Türkmenistanda goňşy ýurtlar bilen deňeşdirilende çaga semizligi meselesi onçakly uly görünmese-de, ýurtda bu meselä yzygiderli gözegçilik edilmezligi ýagdaýyň ýaramazlaşyp gitjekdigini we indiki on bäş ýylyň içinde iki esse artjakdygyny yşaratlandyrýar. 2017-nji ýyldan bäri BSGG ýene iki sany COSI hasabatyny çap etdi, munuň iň soňkusy 2024-nji ýylda çap edildi we 37 ýurdy öz içine alýar. Emma welin hasabatlaryň ikisinde-de Türkmenistanyň ýoklugy ýurtdaky çaga semizligine degişli standartlaşdyrylan sanlaryň tas on ýyl könedigini aňladýar.
Maslahat berilýän çözgütler
Çagalaryň şekerli garbanalgalary ýokary derejede kabul etmegi, sport bilen az meşgullanmagy, ekranyň öňünde aşa köp wagt geçirmegi hem-de ýurduň çagalary ýokumsyz iýmitleriň we ene süýdüniň ýerini tutujylaryň marketinginden berk goramazlygy Türkmenistanda barha has köp çaganyň semizlikden ejir çekmegine ýol açýar. BSGG-nyň we Bütindünýä semizlik atlasynyň berýän maslahatlary aşakdaky çözgütleri öz içine alýar:
↪ COSI hasabatyna gatnaşmagy dowam etmeli we yzygiderli ygtybarly, deňeşdirip bolýan maglumatlary ýygnamaly.
↪ Mediýanyň ähli görnüşlerinde saglyga ýaramsyz iýmitleriňdir içgileriň marketingini çäklendirmeli.
↪ Şekerli içgilere salgyt salynmagyny güýçlendirmeli.
↪ Ene-süýdüniň ýerini tutujy iýmitleriň marketingini düzgünleşdirmeli.
↪ Mekdeplerde fiziki hereket programmalaryny we sagdyn iýmitleniş bilimini giňeltmeli.
↪ Aşa semizlikden ejir çekýän çagalara we maşgalalaryna hyzmatlary hödürlemeli.
- 14 gezek okalan