ÇAGALARDA IÝMIT ZÄHERLENMESI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Hili erbet bolan azygyň iýilmeginiň netijesinde iýmiti siňdiriş ulgamynyň işi bozulyp, iýmit zäherlenmesi ýüze çykýar. Lukmanlar bu ýagdaýy içege ýokançlyklary zerarly döreýän kesellerdiýip atlandyrýarlar. Içege ýokançlyklaryny dürli bakteriýalar we wiruslar döredýändir. Şeýle ýokançly kesellere: ganly içgeçme, salmonellýoz, eşerihioz, kampilobakterioz, iýersinioz degişlidir.

Içege ýokançlyklaryna islendik ýaşdaky adam ýolugyp bilýändir. Ýöne çagalar bu kesele has aňsat ýolugyp, keseli has agyr geçirýändirler.

Keseliň döremeginiň sebäpleri

Tomus döwründe çagalar içege ýokançlyklaryna, esasan-da, kesel dörediji mikroblaryň "mesgen tutunan" suwyny, iýmitini kabul etme arkaly uçraýarlar. Mysal üçin, bir käse gaýnadylmadyk suwuň ýa-da süýdüň içilen ýagdaýynda, gatygyň, dorogyň, gaýmagyň ýa-da ýuwulmadyk ir-iýmişleriň, miweleriň, gök önümleriň iýlen ýagdaýynda ganly içgeçmäniň başlamagy ahmal.

Gatyk, dorog, ýogurt önümçiliginde ýa-da olaryň saklanyş düzgünleriniň bozulan ýagdaýynda, olaryň düzümine düşen eşerihiýa atly bakteriýa içege ýokançlygynyň döremegine sebäp bolýar. Stafilokokk bakteriýalary bolsa ýylyň maýyl möwsümlerinde tortlaryň, ýagly kökeleriň, kremleriň düzüminde örän çalt köpelip, azyk zäherlenmesiniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Salmonellýoz ýokançlygyny döredýän bakteriýalar bolsa islendik azyk önümi: towuk eti, ýumurtga, gaýnadylan şöhlat, büzmeçeler, çala ýuwlan gök önümleri we otlary (ýa-da olaryň hapa suwa ýuwlan ýagdaýlary) arkaly adama geçip bilýär. Iýersiniýa bakteriýalary bolsa öýde ýa-da ammarda saklanylýan azyk önümlerinde gemrijileriň, syçanlaryň "gezelenç" eden ýagdaýynda töwerek-daşa ýaýrap bilýär.

Ýöne içege ýokançlyklaryň ählisini "hapa elleriň" keseli diýip atlandyrmak mümkin, sebäbi olar näsag adamdan sagdyn adama hapa elleriň ýa-da zatlaryň (mysal üçin, oýnawaçlar we ş.m) arkaly geçýändir.

Näme bolup geçýär?

Içege ýokançlygyny döredýän bakteriýalar bedene düşenden soň, olar aşgazan-içege ulgamynyň dürli bölüminde öz zäherlerini bölüp çykarýarlar. Netijede beden zäherlenmesi, içege sowuklamasy ýüze çykýar. Näsagyň içiniň geçip, gaýtaryp başlamagynyň netijesinde onuň bedeni suwuklygy köp ýitirýär-de, beden suwsuzlanmasy howpy döreýär.

Islendik içege ýokançlygynyň ilkinji alamatlary – gaýtarmalar, garyn boşlugyndaky (ilki bilen aşgazan töweregi) agyrylar, düzümi nemli, ganly, ýaşylymtyk suwuk täret. Gyzgynyň galmagy bilen ýa-da onuň öň ýanynda gaýtarmalar ýüze çykyp bilýär. Körpeler özlerini erbet duýýarlar, ysgynsyz, gowşak bolup, kelleleri agyrýar. Olar nahar iýmekden ýüz öwürýärler. Bularyň bary zyýanly bakteriýalaryň adam bedenine edýän täsiriniň, ýagny zäherlenmäniň netijesinde döreýändir. 

 Şeýle alamatlaryň utgaşmasy we ýüze çykyş aýratynlyklary içege ýokançlygynyň görnüşine bagly bolýar.  

Keseli kesgitlemek

Içege ýokançlygynyň bolup-bolmazlygy lukman tarapyndan kliniki ýagdaý esasynda kesgitlenilýär. Mundan başga-da, goşmaça barlaglar geçirilip, gaýtarylan iýmitdäki, täretdäki kesel döredijiler ýüze çykarylýar.  

Bejergisi

Eger siz çagada iç bozulmalarynyň haýsydyr bir alamatyny gören bolsaňyz, haýdan-haý bejergini başlaň. Şunuň bilen birlikde-de, hökman degişli ugurdaky lukmana ýüz tutuň. Esasy zat – lukman gelip ýetýänçä, çaga bedeniniň ýitiren suwuklygynyň we duzlarynyň öwezini doldurmaly. Gaýtarmanyň ýa-da içgeçmäniň ýüze çykan badyna, çaga her 5-10 minutdan çaganyň ýaşyna görä 1n.ç ýa-da 1 ç.ç. suw içiriň. Körpä "Regidron" atly erginini, kompot, çaý, 5%-li glýukoza erginini içiriň.

 Eger çaganyň içi geçýän bolsa, enterosorbentler: smekta, polofepan, mikrosorb ulanylýar. Eger onuň täretinde nem, ýaşylymtyk suw, gan bar bolsa, lukman antibiotik serişdelerini belleýär.

Eger körpeje emýän bolsa, içege ýokançlyklarynyň ilkinji alamatlarynda ene süýdi bilen iýmitlendirmekde arakesme edip, körpejä gaýnadylan suw (mylaýym gyzgynlykda!) içiriň. Soňra, eger körpejäniň ýagdaýy gowulaşsa, emdirmäniň adaty ýagdaýyny dowam ediberiň.  

Eger körpeje emeli süýt emýän bolsa, onda 8-12 sagatlyk arakesmeden soň oňa gaýnadylan tüwi goşulan gatyk önümlerini berip bolýar. Goşmaça iýmitlendirmäni (gök önümlerden, ir-iýmişlerden taýýarlanylan pýureleri, ýumurtganyň sarysyny, eti) diňe 3 günden soň kem-kemden girizip bolýandyr. Körpeje doly gutulýança, oňa heniz dadyp görmedik iýmitini bermekden saklanyň!

Uly ýaşly çagany hem içege ýokançlygyna uçran ýagdaýynda onuň aşgazan-içege ulgamyny "goraýan" iýmitlenme düzgünine geçirmelidir. Oňa şu tagamlary: suwa gaýnadylan tüwi, gatyk, ýer almasyndan taýýarlanan pýure (ýöne oňa süýt we ýag goşmak bolmaýar!), howurpeçde kakadylan çörek, etsiz çorbada gaýnadylyp, mäjum edilen gök önümleri bermek bolýar. Bulary ýygy-ýygydan, ýöne az mukdarda iýdirmelidir!  

Keseliň öňüni almak

Keseli bejereniňden, onuň öňüni almak aňsatdygy hemişe ýadyňyzda bolsun. Keseliň öňüni almak üçin, arassaçylygyň ýönekeýje düzgünlerini berjaý etmeli:

Ýylyň yssy möwsüminde nahary diňe 1-2 iýerlik taýýarlamak maslahat berilýär. (Käbir öý bikeleri ýetişmänsoň, nahary 2-3 günlük-de bişirip goýaýýar). Ýaňyja bişirilen tagam saglyk üçin howply däl, ýöne birnäçe sagatdan, hatda siz onuň düzümindäki gök önümleri oňat edip ýuwandygyňyza garamazdan, onuň saglyga howp salmagy ahmal. Mysal üçin, ýaňyja üwelen etiň 1 gramynda 2 milliona golaý bakteriýa bar bolsa, bir gije-gündizden soň olaryň mukdary 100 milliondan hem geçýär. 

Ýokarda agzalanlardan başga-da, çagalary suw howdanlarynda düşüreniňizde seresaplylyk çärelerini görmeli. Içege ýokançlyklaryny döredýän bakteriýalaryň käbir görnüşi suw howdanlarynda 50 güne çenli ýaşap bilýär. Içege ýokançlygyna uçrap, ondan gutulan çaga bolsa tutuş bir aýlap bu keseliň ýokançlygyny daş-töweregine ýaýradyp bilýär. Şonuň üçin-de, şu wagt aralygynda ony beýleki çagalar bilen gatnaşdyrmakdan saklanmaly bolýar.

Ýatda saklaň: içege ýokançlyklary – bu öňüni alyp bolýan keselleriň hataryna girýändir! Şonuň üçin-de, sadaja arassaçylyk çärelerini berjaý etmek bilen, özüňiziň, tutuş maşgalaňyzyň we töweregiňizdäki adamlaryň saglygyny goraň. Bu ýokançlyklaryň arassaçylykdan örän "gorkýandygyny" arassa zatlara ýanaşmaga "milt etmeýändigini" unutmaň.

Ulanylan WEB Salgy.