ÇAGALARDA TUTGAÝLARYŇ DÖREMEGINIŇ SEBÄPLERI WE BEJERGISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

Tutgaýlaryň döremegi çagalarda nerw ulgamynyň bozulmalarynyň has ýygy duş gelýän alamaty bolup, onuň ýüze çykmagyna göwrelilik döwründe we dogrum wagtynda, çaganyň ömrüniň birinji günlerinde we aýlarynda täsir edýän faktorlar sebäp bolup biler.

Has anyk häsiýetnama berlende, tutgaýlar dürli derejede huşuň bozulmalary bilen utgaşýan we beden myşsalarynyň ygtyýarsyz, birden ýygrylmagy bilen geçýän ýagdaýdyr.

Çagalarda tutgaýlaryň duş gelme ýygylygy 1000  çaga ilatyna 17-20 ýagdaýy düşýändir.

Tutgaýly ýagdaýlaryň ýarysyndan gowragy 15 ýaşa çenli çagalarda duş gelip, olaryň aglaba bölegi 1 ýaşdan 9 ýaş aralygyndaky çagalarda ýüze çykýar.

Çagalara berilýän gaýragoýulmasyz lukmançylyk gullugynyň çagyryşlarynyň 10%-i tutgaýly ýagdaýlar sebäpli bolýandyr.

Çagalyk döwründe tutgaýlaryň ýygy duş gelmegi çaganyň nerw ulgamynyň aýratynlyklary hem-de olary döredýän sebäpleriň köpdürlüligi bilen düşündirilýändir.

Çaganyň doly kemala gelmedik beýnisi doly ýetişen uly adamynyň beýnisi bilen deňeşdirlende dürli faktorlara durnuksyz bolup, beýni bozulmalaryna mahsus dürli alamatlary döredip bilýändir.

Tutgaý ýagdaýyna getirýän sebäpleriň dürlüligine garamazdan, olaryň döremeginiň esasynda kislorod ýetmezçiligine we beýniniň alyş-çalyş ýagdaýlarynyň üýtgemegine getirýän beýni gan aýlanyşygynyň bozulmalary ýatandyr.

Damarlaryň diwarlarynyň syzyjylygynyň ýokarlanmagy suw we mineral çalşygynyň üýtgemegine, şonuň esasynda bolsa beýnide çişginlilik ýagdaýynyň döremegine getirýär.

Dörän üýtgemeler beýniniň ferment işjeňliginiň peselmegine, şonuň esasynda bolsa tutgaýlaryň döremegine esas döredýär.

Tutgaýlar ýüze çykanda, körpejik kellesi bilen arkan gaýşyp, öňe uzalan elleri we aýaklary bilen doňup galýar. Köplenç bu ýagdaýda çaga huşuny ýitirýär, gözüni agdarýar, dişlerini mäkäm gysýar.

Kähalatlarda dodaklarda köpürjik döreýär. Umumy beden dartgynlylygy ýagdaýynda, aýaklaryň hem-de elleriň gaty ýygrylmagy ýa-da olarda damar çekmeleriň ýüze çykmagy mümkindir.

Tutgaýlar wagty dem alşyň ýetmezçiligi sebäpli dodaklar gögerip bilýär. Çagada ygtyýarsyz peşew ýa-da täret etme bolup biler. Käwagtlar tutgaýlar diňe käbir myşsa toparlarynda ýüze çykyp bilýändir.

Tutgaýlar birnäçe sekuntdan 10 minuda we ondan hem uzaga dowam edip, ondan soň çagalarda gowşaklyk, ukuçyllyk, bolan zatlary ýatlap bilmezlik ýagdaýlary ýüze çykyp biler.

Kiçi çagalarda tutgaýlary anyklama çäreleri geçirlende, olary garaguşagyry keseline mahsus (epileptiki) we garaguşagyry keseline degişli däl (epileptiki däl) toparlara bölmek dogry bolar.

Eger nesil yzarlama ýagdaýy inkär edilip, merkezi nerw ulgamynyň düýpli bozulmalary bolmadyk ýagdaýynda, EEG (elektroensefalografiýa) barlagynda degişli üýtgemeler ýüze çykmasa we tutgaýlaryň ýüze çykma häsiýetinde tapawut bolmasa, 5 ýaşa çenli çagalara garaguşagyry keselini kesel kesgidi edip bellemeýärler.

Garaguşagyry keseline mahsus däl tutgaýlar öz sebäpleri boýunça dürli-dürlüdir.

Täze doglan çagalarda kislorodyň ýetmezçiligi esasynda döreýän tutgaýlar dürli häsiýetli bolup biler.

Kislorod ýetmezçiligi ýagdaýyndan çykyp, beýnidäki çişginlilik aýrylandan soň, körpejikde tutgaýlaryň döremegi bes edip biler.

Tutgaýlar 2-3 aý we uly ýaşda gaýtalanyp hem biler.

Çagalarda tutgaýlar dogrum wagtynda ýüze çykýan şikeslenmeler netijesinde beýnä gan inmeler sebäpli hem döräp biler.

Olar çaganyň ömrüniň 3-5-nji gününde ýüze çykyp, çaganyň aglamagy ýa-da emmegi tutgaýlaryň döremegi üçin itergi bolup biler.

Dogrumda dörän beýni şikeslenmesinden soň döreýän tutgaýlar üçin ýüzde ýa-da el-aýakda belli bir myşsa toparlarynyň ýygrylmagy häsiýetlidir.

Köplenç tutgaýlar has ýaýran häsiýete eýe bolup, ol dem almanyň bozulmasy we ýüzüň, göwräniň gögermegi bilen hem geçip  biler.

Dogrumda beýniniň şikeslenmesini başdan geçiren çagalarda tutgaýlaryň has giç ýüze çykmagy, beýnide dörän sepleşme ýagdaýlaryna, beýni dokumasynyň üýtgemegine, beýnide suw ýygnanma ýagdaýlaryna bagly bolup, olar öz geçişinde bir durnuklylyga eýe bolýarlar.

Kelle çanagynyň içki basyşynyň ýokarlanmagy bilen geçýän ýokançlyk, öňüni alyş sanjymlary geçirilenden soňky ýagdaýlarda tutgaýlar birinji gezek ýüze çykyp biler.

Merkezi nerw ulgamynyň dogabitdi şikeslenmesi sebäpli döreýän tutgaýlar gidrosefaliýa, mikrosefaliýa, beýniniň ýeterlik ösmedik ýagdaýlarynda ýüze çykyp bilýändir.

Uly ýaşly çagalar bilen deňeşdirlende, kiçi ýaşly çagalarda bedeniň gyzgynynyň galmagy bilen geçýän ýokanç kesellerinde tutgaýlaryň döremegi has ýygy duş gelýändir.

Dümewde, ýiti respirator kesellerinde, öýken sowuklamasynda tutgaýlar esasan keseliň başynda döräp, keseliň ýiti döwri geçensoň olar ýitip gidýändir.

Çaga ýokançlyklarynda (garamyk, gyzamyk, gyzylja) tutgaýlar örgünleriň örýän wagtynda döräp, wirusyň nerw ulgamyna zäherleýji täsiriniň bardygyndan habar berýändir.

Gökbogma keselinde tutgaýlar keseliň islendik döwründe döräp, beýnide gan aýlanşygynyň bozulmalarynyň ýüze çykýanlygyndan şaýatlyk edýär.

Nerw ulgamynyň kesellerinde (meningit, ensefalit) tutgaýlar bedeniň gyzgynynyň galmagy bilen başlap, ol peselensoň ýitip gidýändir.

Öňüni alyş sanjymlary alan çagalarda tutgaýlar esasan diatezli, dogrumda kislorod ýetmezçiligini we şikeslenmeleri geçiren çagalarda döräp biler. Bu çagalar tutgaýlara bolan özboluşly meýilliligi saklaýarlar. Şol sebäpden hem tutgaýlaryň döremegine meýilli çagalar öňüni alyş sanjymlaryny almakdan wagtlaýyn boşadylmalydyr.

Käbir tutgaýly ýagdaýlar alyş-çalyş ýagdaýlaryň bozulmalarynda hem ýüze çykyp biler.

Kalsiý-fosfor çalşygynyň bozulmalarynda tutgaýlar igleme (rahit) ýagdaýynyň ýüze çykmagy bilen hem döräp bilýändir.

Bu ýagdaýda ganda kalsiý mineralynyň pes mukdary ýüze çykarylýar (kadada-6,0-6,7 mg% bolmaly).

Igleme keselinde tutgaýlar köplenç 6-12 aýlyk kiçi çagalarda gyş paslynyň ahyry, bahar paslynyň başynda döräp biler.

Igleme keselinden başga-da, kalsiý mineralynyň peselmegi sebäpli döreýän tutgaýlar wagtyndan öň doglan çagalarda hem ýüze çykyp biler.

Ene süýdi bilen iýmitlenýän kiçi çagalaryň birden emeli sygyr süýdi bilen iýmitlenmegine geçmegi hem kalsinyň ýetmezçiligi sebäpli tutgaýlaryň döremegine getirip biler.

Bu ýagdaý sygyr süýdüniň köp mukdarda fosfor mineralyny saklap, onuň çaga bedeninden peşew arkaly ýeterlik çykarylmazlygy bilen hem düşündirilýär.

Çaganyň güýçli emosional ýagdaýlarynda hem tutgaýlar (dem alyş-affektiw tutgaýlar) döräp biler.

Çaga has gaty gygyryp başlaýar. Birdenkä onda demi tutulyp, deri örtükleri we agzynyň töweregi gögerýär, bütin bedeni dartylýar. Bu tutgaýlaryň çaganyň kakynly(isteriýa) ýagdaýynyň ýüze çykmaklygy bilen baglydygyny bellemelidir.

Tutgaýlaryň bu görnüşiniň  çaga çagalar bagynda bolanda başlanman, diňe ejesiniň ýa-da köplenç mamasynyň (ýa-da enesiniň) ýanynda bolanda ýüze çykýanlygyna syn edildi.

Tutgaýly ýagdaýlary anyklamakda we öwrenmekde elektroensefalografiýa, kelle çanagynyň rentgen barlagy, göz düýbüni barlamak, angiografiýa, kompýuter tomografiýa barlagy, oňurga kanalynyň punksiýasy ýaly anyklaýyş çäreleri ulanylýar.

Çagada tutgaýly ýagdaý ýüze çykanda, haýal etmän oňa birinji gaýragoýulmasyz  kömegi bermäge çalşyň.

Onuň üçin:

Gelen lukmana maglumat bermek üçin, tutgaýlaryň näçe wagt dowam edenligini, olaryň arasynyň dowamlylygyny, çaganyň beden gyzgynynyň derejesini, näme edip, näme iýenligini ýadyňyzda saklaň.

Tutgaýlaryň sebäbi anyklanansoň, olaryň netijeli bejergisini saýlap bolar.

Kalsiý mineralynyň ýetmezçiliginde 10%-li glukonat kalsini glukoza ergininde ulanmak, magniniň ýetmezçiliginde 25%-li magniý sulfatyny myşsaiçre goýbermek, gyzdyrma sebäpli döreýän tutgaýlarda gyzgyny peseldýän dermanlary ulanmak netijeli bolup biler.

Tutgaýlary ýatyrýan serişdeleri gaýragoýulmasyz ýagdaýda ulanmak, olary wagtlaýyn saklap we sebäbini anyklap, has netijeli bejergi çärelerini ulanmaga mümkinçilik döredýär.

Dem alyş kynçylyklary,  huşuň bozulmalary, sebäbine görä bejergini saýlap bilmezlik ýagdaýy çagany barlag üçin keselhana ýerleşdirmäge görkezme bolup durýandyr.