ÇAGANY DOGRY IÝMITLENDIRMEGIŇ DÜZGÜNLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (20 Ses)

Maşgalada çaga dünýä inen gününden, ene-ata diňe şonuň aladasy bilen ýaşap başlaýar. Olar öz çagasynyň  akylly, fiziki we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny isleýär.

Çaganyň kadaly ösmegine, umumy sagdynlygyna maşgala asudalygy, emosional gurşaw bilen birlikde onuň iýmitlenmesi hem täsir edýändir. Çaga ömrüniň ilkinji günlerinden 1, 5-2 ýaşaýança, ene süýdi bilen iýmitlenýär. Ene süýdüniň ornuny tutup biljek zat ýokdur, sebäbi onuň düzüminde çaga gerekli ähli ýokumly maddalar bolýar.

Ene süýdüni emip ulalan çaganyň saglygy has berk bolýar:

Emeli süýt bilen iýmitlendirilen çagalarda köplenç allergiýanyň, semizligiň, içegäniň disbakterioz ýagdaýynyň döreme töwekgelçiligi ýokary bolýar.

Çaga 6 aýlyk bolanda, ene süýdi bilen iýmitlendirilme dowam edilip, onuň iýmitine ýuwaş-ýuwaşdan dürli şüleler, ýumurtga, üwelen et, gatyk ýaly önümleri  goşmaly. Çaganyň nahary çemçe haýallyk bilen çümer ýaly goýulykda bolup, ol onuň ýeterlik mukdaryny almalydyr.

Çaga 2 ýaşanyndan soň, ol maşgala saçagyndan iýmitlenip başlaýar. Çaganyň bedeni her gün ýaglaryň, beloklaryň, uglewodlaryň belli mukdaryny iýmit arkaly almalydyr. Çaga ertirligine makaron, gunortanlygyna greçka, agşamlyga çaý we bulka bilen iýmitlendirilýän bolsa, onuň iýmitini kanagatlanarly hasaplap bolmaz, sebäbi şeýle çaga bir günüň dowamynda diňe däneliler bilen iýmitlendirilýär.

Ertirlige banan, pýure ýa-da süýtli şüle, gunortanlyga çorba, gök önümlerden taýýarlanylan işdäçar, öýlänlige kompot ýa-da çaý, köke, kakadylan çörek, agşamlyga bolsa düzümi belokly iýmit  berilse, çaganyň iýmitini peýdaly we ýokumly hasaplap bolar.

Dorog, süýt, peýnir, dürli däneliler, gaýnadylan ýa-da buga bişen et ýaly önümlerden başga-da çaganyň iýmitinde balyk ýaly önümleriň bolmagyny hem  üpjün ediň. Çaga üçin buga bişen tagamlar gowrulyp taýýarlanylan tagamlardan has peýdalydygyny hem unutmaly däldir. Fri ýer almasy, grilde taýýarlanylan towuk, çipsiler çaga üçin örän zyýanlydyr! Bu tagamlary çaga bermek asla bolmaýar. Düzümi emeli reňk  we tagam beriji maddaly, konserwantly  içgileri, süýji-kökeleri we beýleki azyk önümlerini çagalara bermek örän howpludyr. Çaga üçin taýýarlaýan naharyňyza duz atmasaňyz peýdaly bolar.

Çaga käwagt naharlanmakdan ýüz öwürýär ýa-da belli-belli önümleri iýesi gelmeýär. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda, ony öz deň-duşlary bilen bir saçagyň başyna oturdyp, iýesi gelmeýän tagamlarynyň ýerine başga bir tagam ýa-da ir-iýmiş hödürlemeli. Emma düzüminde allergenler bar bolan ekzotik ir-iýmişler, maňyzlar, ary baly, şokolad, pomidor, ýer tudanasy ýaly gyzyl reňkli iýmişler çaga hödürlemezden öň, onuň bu önümlere allergiki täsirliliginiň barlygyny ýa-da ýoklugyny hökman  bilmelisiziň. Çaganyň belli bir zada allergiki täsirliligi bar bolsa, onda ene-atasy bu barada hökman çagalar bagyndaky terbiýeçisine we enekesine habar bermeli.  

Biziň günlerimizdäki iýmit köpdürliligi we bolçulygy çagany dogry iýmetlendirmek meselesine çynlakaý çemeleşmegi talap edýär. Sebäbi mekdebe çenli ýaşly çagalarda we mekdep okuwçylarynda  dowamly gastrit, holesistit, öt ýollarynyň diskineziýasy  ýaly keseller ýygy-ýygydan duş gelýär. Şeýle ýagdaýlaryň döremeginiň esasy sebäbi çagalaryň nädogry iýmitlenmegindedir. Ýokarda agzalan ýaşdaky çagalary günüň dowamynda 4 gezek naharlamalydyr. Ertirligiň ýokumlylygy 25%, gunortanlygyň ýokumlylygy 30%, öýlänligiňki-20% we agşamlyk naharyň ýokumlylygy 25% bolmalydyr. Ýöne ir bilen işe gitmezden öň, çagasynyň ertirlik  edinmegini isleýän ene-ata zor bilen diýen ýaly çagasyny naharlaýar. Bu hem nädogrudyr. Çaga biraz hereket etmese, oýnamasa, onuň nahar iýesi gelmeýär, sebäbi aşgazan fermentleri işjeň bölünip çykmaýar. Emma çaga irden turup, biraz oýnasa, gezelenç etse, ol ajygyp başlaýar, ýakymly ysly, owadan bezelen ertirligi höwes bilen iýýär. Çaganyň howlukman iýmitlenmegi hem örän zerurdyr, sebäbi ol her bir bölejigi mazaly çeýnäp, höwes bilen iýmelidir. Iýmit eýýäm agyz boşlugynda tüýkülik bilen bölünip çykýan amilaza fermentiniň kömegi bilen özleşdirilip başlanýar. Çaga näçe haýal we arkaýyn iýip-içse, iýen nahary şonça-da ýeňil siňýär. Çagany howlukdyryp dursaňyz, onuň iýmitlenmäge höwesi bütinleý ýitmegi ahmal.

Çagany iýmitlendirmekde ýene-de bir wajyp meselä üns bereliň. Bu çaga gereginden artyk iýmitlendirmek meselesidir. Çaganyň öňki iýen nahary siňip ýetişmänkä, ony ýene-de naharlasaňyz, ol hemişe bir zat iýip durmaga endik edýär. Soňra çaga aç bolmagyň nämedigini unudyp, iýmäge näme hödürlenilse, ondan ýüz öwürmeýär. Diňe iýmäge öwrenişen çaga fiziki hereket etmegi kyn görýär, ol aşa semreme bilen bolýar. Beýleki çagalar oýna güýmenseler, iýermen çaga hereket etmän oturanyny kem görmeýär. Çagaňyz şeýle ýagdaýa uçramaz ýaly, ony wagtly-wagtynda, diňe ajygyp  başlanda naharlamalydygyny unutmaň.

Gynansak-da, çagalar gyzgyn, ýokumly nahar iýenlerinden, şöhlat, büzmeç, gury-gurak sowuk tagamlary iýmegi halaýarlar. Koka-kola, fanta ýaly içgileri bolsa çagalar uly isleg bildirip içýärler. Şeýle gazlandyrylan, düzümi reňk beriji maddaly içgileriňem çaga üçin zyýanlydyr! Ene-ata çagasyna bu babatda berk gözegçilik edip, oňa şeýle içgileriň we iýmitiň zyýanlydygyny düşündirmelidir. Bir bulgur kola içmegiň deregine, arassa  suw, çaý içmegi öwretmeli. Iň bolmanda, ter miweleriň şiresiniň gazly içgilerden has ýokumly we peýdalydygyny düşündirmeli.

Çaganyň iýmitindäki süýji önümleriň mukdaryny  hem ünsden düşürmeli däl. Nahardan öň süýji iýýän çagany naharlamak kyn bolýar. Süýji esasy naharyň ornuny tutmaly däldir. Bu çagalaryň dişleriniň çüýremegine, işdäleriniň kesilmegine hem sebäp bolýar. Süýji önümler bilen bir hatarda sakgyç ýaly zyýanly zat barada hem unutmaly däl. Çagaňyzyň asla sakgyç çeýnemezligini gazanyň. Çaganyň iýmitiniň köp dürli bolmagyny hem ünsden düşürilmeli däldir. Bu esasanam mekdep okuwçylaryna degişlidir. Olar her gün mekdep naharhanasyndan ýa-da mekdebiň golaýynda ýerleşýän dükanlardan gury-gurak önümleri, gazly içgileri satyn alýarlar. Şonuň üçin çagaňyzy mekdebe ugradanyňyzda, oňa zyýanly iýmit we içgi almaly däldigini her gezek ýatladyň. Çaga aýdanlaryňyza üns bermän, öz halaýan zatlaryny almagy dowam etse, onuň öýden iýip-içip gitmegini gazanyň, sowalga puluny azaldyň.

Mekdep naharhanasynda arassaçylyk kadaly we talabalaýyk berjaý edilip, gyzgyn, ýokumly, peýdaly naharlaryň, içgileriň taýýarlanylmagy ýola goýlan bolsa, ene-ata alada edere zat ýok.

Sözümiziň ahyrynda çaga üçin peýdaly, onuň sagdyn ösmegi üçin zerur bolan  önümleriň takmynan sanawyny ýatlatmagy  makul bildik:

1. Beloklar et, guş eti, kösükliler, balyk, ýumurtga, nohut, noýba, peýnir, süýt, dorog ýaly önümleriň düzüminde ýeterlik mukdarda bolýar. Beloklar çaga bedeninde täze öýjükleriň emele gelmegini üpjün edýär.

2. Uglewodlar dänelileriň, ýer almasynyň, mekgejöweniň, çöregiň, şekeriň düzüminde bolup, bedeniň madda çalyşygyna gatnaşýar, beloklaryň, ýaglaryň has gowy özleşdirilmegine täsir edýär. (Ýöne uglewodly önümleriň gereginden artyk bermekden saklanyň.)

3. Ýaglar iýmit ýaglaryň, ösümlik ýaglaryň düzüminde bolýar we beden öýjükleriniň diwarlarynyň düzümine girýär. Şeýle hem ýaglar bedeniň gündeki talap edýän kaloriýalarynyň köp bölegini üpjün edýär. Mundan başga-da ýaglaryň düzüminde A, D, E, K witaminleri hem bardyr.

4. Witaminler A witamini bagyr, käşir, badat, gök otlar, margarin, mesge ýagy ýaly önümleriň düzümine girýär. Bu witamin deri, nemli bardanyň öýjükleri, göreçler üçin örän ähmiýetli bolup, dürli ýokançlyklara garşy durnuklylygy güýçlendirýär.

C witamini sitrus ösümlikleriň, itburnuň, ýer tudanasynyň, kiwiniň we beýleki ir-iýmişleriň düzümine girýär. Bu witamin immunitetiň ýokarlanmagy, bedendäki biohimiki prosessleriň amala aşyrylmagy üçin zerurdyr. Ganazlygyň öňüni almakda-da C witaminiň ornuny tutup biljek zat ýokdur, sebäbi ol demriň bedende özleşdirilmegini üpjün edýär.

B toparyna degişli witaminler çaganyň işdäsini açýar, kaloriýalary, uglewodlary özleşdirmäge kömek edýär, göreji goraýar. Bu witaminler ýagsyz etiň, hozlaryň, dänelileriň, bagryň, süýdüň, gatygyň we beýleki önümleriň düzümine girýär.

Niasin bagyr, guş eti, arahis, däneliler ýaly önümleriň düzümine girýär we ýag öýjüklerini emele getirýär, iýmitiň siňmegine ýardam berýär.

Kalsiý süýt we süýt önümleri, balyk ýaly önümleriň düzümine girýär. Ol süňkleriň we dişleriň berk bolmagyna, ganyň lagtalanma ukybynyň artmagyna ýardam berýär.

Demir etiň, bagryň, kösüklileriň, garalynyň, almanyň, naryň we beýleki gök önümleriň düzümine girýär. Demir gemoglobiniň  esasy bölegidir. Ol öýjükleri kislorod bilen üpjün edýär we kömürturşy gazyň bedenden çykmagyna ýardam berýär. Immunutetiň ýokarlanmagy üçin hem demir zerurdyr. 

Her bir ene-ata çagasynyň iýmitinde beloklaryň, ýaglaryň, uglewodlaryň, witaminleriň we mikroelementleriň deňagramlylygyny üpjün edip, ony wagtly-wagtynda naharlasa, zyýanly iýmitiň we içgileriň täsirini düşündirse, sagdyn iýmitlenmek endiklerini ösdürse, çaganyň akyl we fiziki taýdan sagdyn boljagy şübhesizdir.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2 / 3