ÇAGAŇYZA ŞARPYK ÇALMAK ZERURMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.72 (25 Ses)

Bu sorag bilen baglanşykly biziň jemgyýetimizde bolup geçýän ýagdaýlar barada statistiki maglumatlaryň bolmazlygyna garamazdan, bizde çaga şarpyk çalmagyň tarapdarlarynyň "aýaly başdan, çagany ýaşdan!" diýip pikir ýöredýänleri kän bolmaly diýip hasaplaýaryn. Ýöne bu gezek gürrüňi aýal-gyzlara garşy edilýän zulumluk barada alyp barman, çagalarymyzyň terbiýesinde ulanylýan usullar barada alyp barmakçy.

Köp ýyllaryň dowamynda bu soragy owrenip gelýän hünärmenler çaga şarpyk çalmagy, urmagy, onuň terbiýesinde güýç ulanmagy netijesiz, zyýanly we howply usullar diýip hasaplaýarlar. Şarpygyň ene-atany sylamaga öwretmän, olardan gorkmagy mejbur edýändigi üçin ony netijesiz we ýerliksiz hasaplap bolar. Çalnan şarpygyň çaga gaty degip şikeslendirip bilýändigi we çaganyň nädogry düşünjä eýe bolmagyna mümkinçilik döredýändigi sebäpli, ony terbiýeçilik usullarynyň netijesiz görnüşidigi diýip bellesek ýalňyşmazmykak diýýärin. Ene-ataň çagasyna çalan şarpygy: "Başga adamlaram urup öz diýeniňi gögerdip bolar!" diýen düşünjäniň döremegine esas bolýar. Psihologlaryň bellemeklerine görä, çagalykda urlan adamlarda olaryň soňky durmuşynda agressiw häsiýetliligiň döremeginiň towekgelçiligi artýandyr.

Hünärmenleriň maslahatlaryna garamazdan çagasyna temmi berýän ene-atalaryň sany näme üçin azalmaýarka? Biz olaryň maslahatlaryna eýermek islämzokmy ya-da olaryň bilmeýän zadyny bilýärismi?

"Şarpyldadyp urmak" näme?

Ilki bilen "şarpyldadyp urmak" düşünjäniň nämäni aňladýandygyny anyk kesgitläliň. Rus dilinde "отшлепать" sözi çaganyň eline ya-da otyrýerine şarpyldadyp ( eliň aýasy bilen) urmagy aňladýar. Ýöne onuň manysyny her ene-ata özüçe düşündirip, oňa bolan dürli garaýşyny beýan edýärler. Barlaglar geçirlende çagasyny urýan ene-atalaryň hataryna diňe eli bilen däl-de, kemer bilen hem, başga zatlar bilen hem ýençýän ene-atalar bir topara girizilýärler. Bir zatda ene-atalar bilen hünärmeler ylalaşýarlar – çaga garşy çendenaşa güýç ulanmak hyýanat etmeklige barabardyr we ýerliksizdir.

Çaga temmi bermegiň tarapdarlary bolan ene-atalar hem we olaryň garşysyna çykýan ene-atalaryň hem öz sebäpleri bar. Ýöne iň esasy sebäp – olaryň öz çagalyk döwründen gelip çykýar. Çagalykda urlan ene-ata öz çagasyny urmaga ýykgyn bolýar. Bellemeli zatlaryň biri hem, çagalykda temmi alan ene-atalaryň özleri ulalansoňlar köp halatlarda öz ene –atalaryny ýazgarmaýarlar. Olar: "Meni çagalykda urýardylar, ýöne bu temmä men mynasyp bolandyryn, sebäbi gaty garagoldym we günäkärdim" diýip hasaplaýarlar.

Täsirler

Öz täze "Ilkidurmuş zorlugy" ("The Primordial Violence") atly kitabynda Möry Straus (Murray Straus), Niýu Hampşer (New Hampshire) uniwerstitetindäky proffesor, bu ugurda 40 ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň we barlaglarynyň netijesini jemleýär. Kitapda subutnamalara, barlaglara esaslanyp urmagyň çaga edýän täsiri barada giňişleýn maglumat berilýär. Bu kitap Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky 7000-e golaý maşgaladan, 32 dürli ýurtlarda öwrenilen maglumatlaryň we soňky barlaglaryň netijelerini okyja hödürleýär. Kitapda dürli medeniýetlerde, ýurtlarda çaga temmi bermegiň terbiýede ulanylşy we olaryň çaga we jemgyýete edýän tasiri barada dürli maglumatlar beýan edilýär.

Stros öz pikirini şeýle beýan edýär: "Barlaglar çagany urup, onuň özüni nädogry alyp barşyny düzedip bolýär diýen düşünjeleriň agdyklyk edýändiginden maglumat berýärler. Ýöne urmak usuly bäşga terbiýeliş usullardan, meselem "burçda goýmak", çaga düşündirme, ony gowy görýan zadyndan wagtlaýyn mahrum etmek ýaly usullar bilen deňeşdirlende ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýan däldir. Şundan başga-da, urmak bilen gazanylan netijäniň "bahasy" gaty ýokary bolýar. Çaga bilen ene-atanyň arasyndaky aragatnaşygyň gowşamagy we çaganyň başga çagalaram urmak töwekgelçiliginiň artmagy bu usulyň ýaramaz tarapy bolup durýandyr. Ulalanda urlan çaganyň halaýan ya-da öýlenen gyzyny urmagy we oňa garşy güýç ulanmagy, şeýle gyzyň öz halaýan ýigidi bilen oňşuksyz bolmagy ähtimaldyr. Onsoň hem, şarpyk çalmak çaganyň aklynyň ösmegini bökdäp, onuň mekdepde üstünlikli okamak mümkinçiligini peseldýar".

Kitabyň awtorlarynyň iş topary çagalaryň urulmagyny azaltmak we soňra bu tejribäni doly aradan aýyrmak maksady bilen anyk çäreleri teklip edýärler. Meselem, köpçüligiň üýşýän ýerlerinde "Çagalary urmaň!" diýen manyly bildirişleri ýaýratmak, ene-atalara çaga dogluş şahadatnamasy gowşurlanda çaga temmi berilmeginiň onuň saglygyna getirip biljek zyýany barada maglumat bermek, çagalary bilen gatnaşykda kynçylyklar dörän ene-atalara kömek bermek ýaly anyk çareler teklip edýärler. Awtorlar çäreleriň wajyplygynyň subutnamasy höküminde şeýle faktlary hödürleýärler:

► Maşgalada urulmaýan çaganyň adamlar bilen gowy aragatnaşyk gurmak ukyby we okuwda üstünlikleri artýar.

► Hemişe temmi berilýän çaganyň, ulalan döwri özüni ýaramaz alyp barmagynyň we jenaýatçylyga baş goşmagynyň ähtimallygy ýokarydyr.

Ene-atalara Stros şeýle maslahat berýär: "Siz çagaňyz uçin, onuň bagtly we sagdyn durmuşa bolan mümkünçiligini artdyrmak uçin sowgat gözleýän bolsaňyz hem-de onuň gowy işi tapyp, zorluksuz maşgala durmuşyny gurmagyny isleýän bolsaňyz, onda kitapdaky subutnamalardan ugur alyp, özüňiziň hiç haçan çagaňyzy urmajakdygyňyza söz bermegiňiz gerek. Bu ädimiň çagaňyzyň size bolan hormatyny we söýgüsini artyrmagy ahtimal. Beren wadaňyzda durup, ony berjaý etmäge siziň çagaňyzyň özüniň hem kömek etjegini belläsim gelýär".

Stros kitapda öz pikirini şeýle jemleýär: "20-den gowrak döwletde çaga şarpyk çalmak gadagan edilen. Bu çagalaryň esasy hukuklarynyň biri hasaplanyp, dürli ýurtlarda bu düşünje babatda ylalaşma döredi. Birleşen Milletler Guramasy hemme halklary çaga şarpyk çalynmagyny we urulmagyny gadagan etmäge çagyrýar. Temmi berilmezlik diňe jenaýatçylygyň we dürli psihiki keselleriň döreme töwekgelçiligini peseltmän, edil aýal-gyzlaryň hem geçen asyrda zorluklardan azat bolma hukugyny gazanşy ýaly, çagalaryň ösmeginde "terbiýelemek" diýip ulanylýan fiziki zorlukdan azat ösmegini üpjün eder".

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2