JIGILERIMIZIŇ AGYR ZÄHMETI ÝA-DA TÜRKMEN ÇAGALARY NÄÇERÄK IŞLESELER BOLARKA?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.95 (19 Ses)

Bazarlarda, meýdanlarda, melleklerde zähmet çekip ýören çagalara gözüňiz düşende näme barada pikir edýärsiňiz? Ony jemgyýet üçin hökman we adaty ýagdaý höküminde kabul edýärsiňizmi? Mümkin kynçylyklardan daşlaşmagyň iň ýeňil usulyny ulanýansyňyz: bu yagdaýa gözüňizi ýumýansyňyz? Meň bilen bu babatda pikir alyşan adamlar iki uly topara bolünýärler: birinji topar çaga zähmetini düýbünden kabul edenoklar. Olar: "Çaga zähmeti çagalara zyýanly we olaryň fiziki hem-de ruhy taýdan doly ösmegine uly böwet bolup durýar" diýseler, ikinji topar: "Ýok, azar bermäň! Çagalar gazanç edip ene-atasyna kömek berýärler. Türkmen çagalary zähmetsöýer bolup, asyrlar boýy ene-atalaryna kömek berip gelipdirler" diýip nygtaýarlar.

Meniň pikirimçe, gürruň çagalaryň zähmeti we olaryň saglygyna edýän täsiri barada gitmeli. Çaga zähmetiniň düýp sebäpleri bolan garypçylyk, uly gerimdäki işsizlik, bilimiň hiliniň pesligi, bilim almakdaky çäkli mümkinçilikler we jemgyýetiň bu babatdaky kanunlary berjaý etmezligi hem-de olara ynamsyz garamagy yaly çylşyrymly kynçylyklar barada halkara guramalary üznüksiz belläp we hasabatlar ýaýradyp gelýärler. Biziň jemgyýetimizde ene-atalaryň, uly adamlaryň bu meselelere degişli düşunjesi düýpli üýtgemeli. Çaga zähmetiniň ulanylmagy ulular tarapyndan goldalanyp, bu ýagdaýa gözlerini ýumanlarynda bu meselä ünsi çekmek dogry bolar. Eýsem, agyr zähmet jigilermiziň (ösüp barýan çagalaryň we ýetginjekleriň) saglygyna nähili täsir edýär?

Çagalaryň kiçi göwresi olary uly adamlardan tapawutlandyrýan ýeke-täk zat däl. Dowamly agyr zähmet çagalaryň ösüp barýan bedenine we saglygyna ýaramaz täsir edýär. Çagalaryň ösüp barýan bedeni gowy iýmite mätäç bolup, kadaly iýmit ýetmedik ýagdaýynda çalt ýadamana ukuply bolýar. Pes hilli iýmit we ýadawlylyk öz gezeginde işde ýüze çykyp biljek howply ýagdaýlaryň sebäbi bolup biler. Agyr ýük daşamak olaryň direg-hereketlendiriş ulgamynyň ösmegine we berkemegine uly zeper ýetirýär. Çagalaryň we ýetginjekleriň beýnisi ösüp berkemäni dowap edýär. Meselem, oba hojalygynda ulanylýan himiki maddalar çaganyň saglygyna üýtgedip bolmajak ýaramaz täsir edýärler. Barlaglara gorä, eger uly adam we çaga deň derejede zäherleýji himiki maddalaryň täsirine sezewar edilse, onda bu ýagdaýda, uly adam bilen deňeşdirlende, çaganyň bedeni himiki maddany has köp möçberde toplaýar. Oba hojalygynda ulanylýan himiki maddalar çaganyň ganyna we beden dokumalaryna siňýärler. Deriniň der çykarýan mäzleriniň doly derejede kämil bolmazlygy, uly adamlar bilen deňeşdirlende, çagalaryň yssy howany agyr geçirmeginiň sebäbi bolup durýar. Iş ýerindäki yssy we dymyk howa uly adamlar çydamly bolsa-da, çagalara bu şertler erbet täsir edýär. Howply ýagdaýlary seljerip, dogry çözgüdi saýlap almak ukyby çagalarda çäkli bolýar. Bu ukypsyzlyk işde howply ýagdaýlaryň netijesinde alynan şikesleriň esasy sebäbi bolup durýar.

Geçirilýän ylmy barlaglar çaga zähmetiniň olaryň emosional we ruhy ýagdaýyna edýän täsirini öwrenmäge gönükdirilip başlandy. Eger ýeňil zähmet çagany maşgala we jemgyýete imrikdirip, oňa özüne bolan ynamy we jogapkärçilik duýgusyny ýokarlandyrmaga kömek berýän bolsa, dowamly, maşgalasy we dost- ýarlary bilen gatnaşygyny çäklendirýän, gorky we ynjalyksyzlygy döredýän zähmet çaganyň bütün durmuşyna, onuň emosional we ahlak taýdan ösüşine negatiw täsir edip bilýär.

Işde ýüze çykýan howply ýagdaylar diňe bir gysga wagtda bitip biljek şikeslere sezewar etmän (açyk ýaralar, deri keselleri we beýlekiler), agyr işiň netijeleri çaga doly kemala geleninden soň ýüze çykyp biljek kynçylyklary hem döredip biler. Şu sebäpler, bu ýagdaýlary öwrenmek maksady bilen ylmy barlaglary geçirmekde kynçylyklary döredýärler. Rak keseli, önelgezislik, dowamly bil agyry we umymy akyl derejesiniň pes bolmagy ýaly keseller we ýagdaýlar geljekde agyr zähmetiň döredip biljek netijeleri höküminde garalyp bilner.

ÝETGINJEGIŇ IŞINIŇ DOWAMLYLYGY NÄÇE BOLMALY?

Birnäçe barlaglar amerikan ýetginjekleriniň zähmetini, onuň ölçelmeli usullaryny seljerdiler. Barlagçylar ýetginjekleriň saglygyna zyýansyz bolup biljek zähmetiň dowamlylygyny kesgitlemäge çalyşdylar. Hepdede jemi 20 sagada barabar dowamlylygy zyýansyz hasaplap, olar "ýeňil" we "agyr" zähmetiň arasyny kesgitlediler we şeyle netijelere geldiler:

► 20-sagatdan az işleýan ýetginjekler, işlemeýan ýetginjeklere garaňda okuwa gatnamaklaryny seýrek ýagdaýlarda bes edýärler. Hepdede 20 sagatdan köp işleýän çagalar wagtyň geçmegi bilen mekdebe gatnamagyny taşlaýarlar.

► 20 sagatdan kän işleýän ýetginjekler ukysyny ýeterlik alyp bilmän, mekdebe gijä galyp barýarlar we günüň dowamynda işjeň, hüşgär we ünsli bolmak kynçylygyny başdan geçirýärler.

► Hepdede 20 sagatdan köp işleýän ýetginjekleriň arasynda ýaramaz endiklere baş goşýanlaryň sany artyp biler. Ýaramaz endikler alkogol içgilerini, çilim, neşe serişdelerini kabul etme we özüňi gazaply alyp barmak, ogurlyk etmek ýaly endikleri öz içine alýarlar.

Görşümiz ýaly, ýetginjegiň zähmetiniň hili we dowamlylygy onuň saglygyna uly täsirini ýetirýär. Ýetginjekleriň pul gazanyp, öz maşgalasyna berýän kömegi olaryň özlerine bolan hormatyny artdyrsa hem, çendenaşa işleme ýetginjeklerde stress derejesini artdyryp, olaryň doly we sagdyn ösmegine böwet bolýar.

Biziň jemgyýet bolup hem-de "agyr" zähmeti "ýeňil" we "peýdaly" zähmetden tapawutlandyrýan ölçegleri aýdyňlaşdyryp, ylmy barlaglaryň netijelerine, medeniýetimize we milli gymmatlyklarymyza baglylykda "çaga zähmetiniň" kadaly ülňülerini kesgitlemegimiz gerekdir. Meniň pikirimçe, şu esasda çykarylan netijeler türkmen halkynyň geljegine peýdaly täsirini ýetirip we sagdyn nesilleri ýetişdirmekde goşant goşup, bu mesele babatda döreýän düşünişmezlikleri aradan aýryp bilerdi.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir.