15-nji MAÝDA MAŞGALALARYŇ HALKARA GÜNI BELLENILIP GEÇILÝÄR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (29 Ses)

NÄME ÜÇIN MAŞGALANY MEÝILLEŞDIRME ZERUR?

Maşgalanyň abadançylyk derejesi döwletiň ösüşiniň görkezijisi bolup durýar. Maşgala jemgyýetçilik birligi bolup, öz gezeginde daşky gurşawyň täsiri bilen, wagtyň, jemgyýetiň talabyna görä üýtgeýär hem-de özi hem täze talaplary öňe sürýär.

Maşgalanyň sosial we ruhy taýdan doly we kämil bolmagy üçin, onda çagalaryň dogulmagy we terbiýelenmegi zerurdyr. Islendik maşgalany, onda-da türkmen maşgalasyny çagasyz göz öňüne getirmek mümkin hem däl. Biziň ýaş juwanlarymyz "maşgala = çagalar..." diýen mukaddes adat bilen maşgalany gurup başlaýarlar. Edil şonuň üçin hem, günbatar medeniýetine mahsus ýaş çatynjalaryň toýdan soň birnäçe wagt çaga edinmezden, öz islegleri boýunça ýaşamagy ýaly häsiýeti türkmen jemgyýetimiz üçin asla mahsus däldir. Gelin edinen maşgala gelniniň göwreli bolup, agtyk görmegine, ýaş çatynjalar bolsa ilkinji perzentleriniň dünýä inmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Biz köpçagaly, döwletli maşgalany gurmaga ymtylýarys. Şu ýerde meniň bir ýerde eşden, näbelli akyldaryň aýdan degişmeli sözleri ýadyma düşýär: "Bir çaga – çaga hem däl, iki çaga – "ýarty" çaga, üç çaga – doly çaga".

Ýöne öz maşgala binýadymyzy gurup, köp çaga edinme barada pikir edenimizde, biz maşgalany meýilleşdirme barada hemişe pikirlenýärismi?

MAŞGALANY MEÝILLEŞDIRME NÄME?

Maşgalany meýilleşdirme adamlara, has takygy maşgala jübütlerine islenilen sanly çagalary dogmaga hem-de dogumlaryň arasyny kesgitlemäge kömek edýär.

MAŞGALANY MEÝILLEŞDIRME

► Saglyk ýagdaýynda kynçylygy bolan (böwrek keselleri, endokrin keseller, ýürek kemçilikleri) ýaş aýallara dogrumlaryň arasyny açmaga we saglyklaryny dikeltmäge;

► Saglyk ýagdaýy boýunça göwrelilik rugsat berilmeýän uly ýaşly aýallarda islenilmedik göwreliligiň öňüni almaga;

► Aýal bedeni üçin howply bolan çaga düşürtmeleriň-abortlaryň öňüni almaga;

► Aýallaryň saglyk ýagdaýlary bilen bagly ýüze çykýan ösmedik göwrelilikleriň we wagtyndan öň bolýan dogrumlaryň öňüni almaga;

► Aýallaryň okuwyny dowam etmegine, işlemegine, jemgyýetiň işjeň agzasyna öwrülmegine mümkinçilik bermäge;

► Ene-atalara çagalaryny terbiýelemäge we olaryň hersine üns bermäge, olar üçin amatly ýaşaýyş şertlerini gurnamak, okatmak üçin maddy mümkinçilikleri tapmaga;

► Ene-atalaryň öz durmuşy gyzyklanmalaryny we talaplaryny, isleglerini (işde ösüş, saglyklaryny dikeltme, dynç alma we baş.) doly berjaý etmäge mümkinçilik berýär.

Maşgalany meýilleşdirme göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň maşgala jübütleriň saglyk ýagdaýlaryna we isleglerine görä saýlap alynmagy we gerek wagtyň dowamynda onuň dogry ulanylmagy netijesinde amala aşyrylýandygyny siziň köpüňiz bilýän bolsaňyz gerek. Bu meselede lukmanyň dogry maslahaty we jübütler bilen ynamly aragatnaşygy wajyp bolup durýandyr.

BIPERWAÝSYZLYK ÝA-DA BILIMSIZLIK?

Aýgül, 22 ýaş.

"Meniň elimde 5 aýlyk çagam bar. Ýöne men ýene 6-7 hepdelik göwreli. Gaýnym spiral goýdurmagyma garşy çykdy. Men hem çagamy emdiremsoň çaga galmaz öýtdüm. Indi çagamy hem süýtden aýyrmaly bolar."

Bibi, 25 ýaş.

"Meniň iki sany çagam bar. Ikinjim 10 aýlyk, ony hem kesip aldylar. Şonuň üçin entek çaga galmaz öýtdüm. Lukmanlar maňa kesarewo operasiýasyndan soň 2 ýyl göwreli bolmazlygy maslahat berdiler. Indi aborta gitsemmikäm?"

Hatyja, 42 ýaş.

"Meniň 3 sany çagam bar. Hemmesi hem uly. Men bu ýaşda göwreli bolaryn diýip asla pikir hem edemokdym. Indi aborta gitmeli boljak. Men indiden soň çaga dogma barada pikir edemok."

Maral, 35 ýaş.

"Meniň 4 gyz we 1 oglum bar. Men ýene göwreli boldum. Lukmanlar ýüregimde kemçilik bolany üçin, maňa indi çaga dogmagy gadagan edýärler. Näme etjegimi hem bilemok? Ýa-da ogluma taý bolar diýip goýsammyka?"

Gynansak hem, maşgalany meýilleşdirme meselesine biziň köpümiziň biperwaý garaýandygymyzy ýa-da asla ol soraglar babatda bilimsizdigimizi görkezýän halatlar we wakalar köp duş gelýär.

Onuň hem aňyrsynda bu soraga degişli ýeterlik maglumatyň ýoklugy, esasy durmuş çözgütlerini, şonuň ýaly-da göwreli bolmak ýa-da bolmazlyk, näçe çaga dogmak, haçan göwreliligiň öňüni almaly ýaly soraglary aýalyň adamsynyň (hemişe däl) ýa-da gaýynenesiniň we adamsynyň uly doganlarynyň gatnaşmagynda çözülýändigi ýaly ýagdaýlar ýatýar. Aýalyň bilim derejesiniň pesligi, onuň işiniň ýoklugy, maddy taýdan adamsyna ýa-da gaýyn tarapyna garaşly bolmagy bu kemçilikleri has hem köpeldýär.

Maşgalany meýilleşdirme soragy ene-atalaryň ikisine hem degişli bolsa-da, bu meselede hemme aladany, jogapkärçiligi aýal maşgala çekýär. Erkek adamlaryň aglaba bölegi bu soraga goşulmaýarlar. Prezerwatiwi ulanma, hatda wagtlaýyn bolsa hem, belli sebäplere görä olar tarapdan oňlanylmaýar.

Habar beriş serişdeleriň ýetmezçiligimi ýa-da lukmanlaryň göýberýän säwligimi (belki, ikisi hem günäkärdir), türkmen aýallarynyň aglaba bölegi göwreliligiň öňüni alyş serişdelerinden diňe ýatga goýulýan spirallary saýlaýarlar. Ýöne saglyk ýagdaýy boýunça spiraly goýmak bolmaýan halatlarynda gormonal (aýal gormonlaryny saklaýan) serişdeleri kabul etmegi hödürlemek juda kyn bolýar. Çünki bu serişdeler barada aýallaryň aňynda ornaşyp galan toslamalary ret etmek üçin lukmana köp wagt gerek bolýar. Ýöne lukmanlaryň köpüsiniň aňynda hem şol toslamalaryň ýaşaýandygyny ýa-da bu serişdeler barada ýeterlik sowatlylygyň ýokdugyny bellemeli bolýar.

Bilimsizlik, gorky, düşünmezlik ýa-da biperwaýsyzlyk aýala abort etdirmegi maşgalany meýilleşdirmegiň ýeke-täk usuly höküminde saýlap almagyna hem itergi berýär. Bäş gezek abort etdiren aýala: "Siz näme üçin spiral goýdurman abort etdirýäňiz?" diýenimde, "Men spiral goýdurmadan gorkýaryn. Ony goýduranymdan aborta gidenim has gowy" diýip, geň jogap berdi.

MAŞGALA BAGTLY BOLMALY!

Haýsy maşgalany bagtly hasap edip bolar? Döwletli, rysgally, agzybir, sagdyn... bu sanawy ýene köp dowam edip bolar. Ýöne meniň pikirimçe, hemmetaraplaýyn meýilleşdirilen maşgalanyň bagtly bolmaga mümkinçiligi köpmikä diýýärin.

Ene-ata 3 çaga isleýärmi ýa-da 6 çaga, tapawudy ýok. Esasy zat – olar çagalaryna öz ünsüni, söýgüsini, aladasyny, mährini paýlamaga wagt we güýç tapsyn. Maşgalada her çaga islenen bolup dogulmalydyr we özüniň söýülýändigini duýup kemala gelmelidir. Ene-atanyň olaryň sagdyn ösmegi we kämilleşmegi üçin sosial we maddy mümkinçilikleri ýeterlik bolmalydyr. Şonuň bilen birlikde hem, ene-atanyň özi hem güzerany aýlamagyň aladasynyň pidasy bolman, çagalarynyň arasynda saglygyny saklaýan, biri-birine bolan söýgüsini goraýan, öz gyzyklanmalaryny, isleglerini berjaý edip bilýän bagtly maşgala jübütleri bolmalydyr. Diňe şeýle şertler bagtly maşgalanyň özenini emele getirip biler.