TÜRKMENISTAN: GÖWRELILIK, SEMIZLIK WE SAGDYN NESIL

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (7 Ses)

gowreli fiziki isjen

2018-nji ýylyň oktýabrynda Saglyk.org BSSG-nyň Türkmenistandaky edarasynyň habaryny terjime edip, okyjylaryna ýetiripdi. Hasabatda köçe iýmitleriniň hili, ýokanç däl kesellere eltýän faktorlar we çaga semizligi barada birnäçe san görkezilýär. BSSG bu maglumatynda göwreli eneler we olaryň agramy barada maglumat bermeýär. Diňe "ýurtda semizligiň ýaýgynlygy soňky 5 ýylyň içinde üýtgewsizligine galýar: takmynan ilatyň ýarysy semiz bolup, her 7 adamdan 1 adam aşa semizlikden ejir çekýär" diýip belleýär.

2020-nji ýylyň martynda BSSG "Türkmenistanda göwreli zenanlaryň fiziki işjeňligini öňe sürmek" atly makalany çap etdi.

Makaladaky barlaglara görä:

↪ Türkmenistandaky aýallaryň takmynan ýarysy semiz, 17% aşa semiz.

↪ Barlagnama gatnaşan aýallaryň 4-den 1-inde (25,9%) gipertoniýa bar ýa-da gan basyşy peseldýän derman ulanýar.

↪ Aýallaryň erkeklere garanda fiziki işjeňligi has pes.

↪ Mekdep ýaşly gyzlaryň 9,1% oglanlaryň 7,9% aşa semiz.

BSSG ýurduň 2018-nji ýylyň sanlaryna salgylanyp şeýle diýýär "Bu alada goýujy sanlara jogap hökmünde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BSGG-dan goldaw bermegini haýyş etdi".

BSSG-nyň maglumatyna görä fiziki işjeňlik göwreli aýallarda semizligiň öňüni almaga, gan basyşy peseltmäge, göwrelilik diabetiniň öňüni almaga kömek edýär we sagdynlygy, ukyny, keýpi gowulaşdyrýar. Bäbege garaşýan eneleri fiziki işjeňlige höweslendirmek olaryň fiziki häsiýetlerini ömürlik üýtgedip, çagalaryna, maşgalalaryna we jemgyýetlerine hem oňaýly täsirini ýetirip bilýär.

Näme edilýär?

Makalada bu mesele barada Türkmenistanyň 2018-2025 milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin BSGG bilen işleşip gelýändigi aýdylýar. Emma bu maksatnamanyň jikme-jikleri berilmeýär. Diňe iki çäre mysal hökmünde bellenilip geçilýär:

1. Göwreli zenanlara berilýän kitapçada fiziki işjeňlik barada maslahatlar berler.

2. Göwreliler bilen iş alyp barýan lukmançylyk işgärleri zenanlara göwreliligiň dowamynda fiziki hereketleri maslahat bermekde türgenleşdiriler.

Pikirler

Göwreli zenanyň saglyk ýagdaýy, iýmitlenişi we fiziki işjeňligi çagasynyň gelejegine täsir edýär. Elbetde, türkmenistanly göwreli eneleriň fiziki işjeňligini gazanmak gowy zat, olara maglumat bermek hem gerek. Ýöne bu çäreler üstünlikli netijeleri almak üçin ýeterlik dälmikä diýýärin. Bu wajyp meselä çemeleşmekde başga-da göz öňüne tutup boljak çäreler:

↪ Barlagnamadaky sanlaryň göwreli enelere näderejede degişlidigi görkezilse. Meselem, şu mahal näçe göwrelileriň semizdigi we aşa zemizdigi baradaky sanlar berilse. Ol göwreli eneleriň näçesiniň şäherden, näçesiniň oba ýerindendigi görkezilse. Bu meselede göwreli zenanyň we onuň ýoldaşynyň, onuň maşgalasynyň başga agzalarynyň (gaýynene, baldyz) berip biljek goldawlary anyk görkezilse peýdaly bolardy. Çünki sanlar köp adamyň özüni alyp barşyny we endiklerini uýtgedip bilýär.

↪ Kän türkmen maşgalalarynda "göwreli ene gymyldamaly däl, hereket enä we çaga zyýanly" ýaly düşünjeler giňden ýaýran. Şeýle düşünjeleri enä peýdaly düşünjeler bilen çalyşmaga çemeleşilse.

↪ Göwreli bolmanka fiziki işjeňligi pes bolan zenany göwrelilik döwründe hereketliligini artyrmaga höweslendirmegiň ýollary agtarylsa.

↪ Sagdyn enelige we atalyga entek maşgala gurulmanka deň derejede taýýarlyk görmek öňe sürülse.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Awtor: Maral Nazarowa