GÖWRELILIKLERIŇ ARASY NÄÇE WAGT BOLMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

gowreliliklerin arasyBritan Kolumbiýasy Uniwersitetiniň we Garward Uniwersitetiniň hünärmenleriniň gelen netijelerine görä, göwrelilikleriň arasy iň azyndan 1 ýyldan az bolmaly däldir.

Göwrelilikleriň bu möhletden ýygy bolmagy çaganyň wagtyndan öň dogma howpuny, bäbekleriň fiziologiki ösmeginiň yza galmagyny, şeýle-de enäniň we çaganyň ölümçiligini ýokarlandyryp bilýändir. Göwrelilikara arakesmäniň ýeterlik bolmazlygy aýalyň endokrin ulgamynyň deňagramlaşmagyna, bedeniň öňki göwrelilikden soň dikeldilmegine mümkinçilik bermeýär. Şeýlelikde, täze dörän göwrelilik gan azlylygyň agyr derejeleri, preeklampsiýa, dogumdan soňky gan akmalar, çaganyň ösüşden yza galmagy bilen gaýraüzülip biler.

Ondan başga-da, göwrelilikleriň yzly-yzyna bolmagy çaganyň doly ene süýdi bilen emdirilmegine päsgel berýär. Şeýle hem her çaga berilmeli emosional duýgulary, ünsi, ene we ata mährini azaldýar.

150 müň aýallaryň dürli dowamlylykdaky göwrelilikara arakesmelerini öwrenip, barlagçylar 12 aýdan 18 aý aralykdaky arakesmäniň howpsuzlygyny bellediler.

BSGG-nyň maslahat bermegine görä, göwrelilikara arakesme 18-24 aýa barabar bolmalydyr.

Başga maglumatlar:

Maşgalany meýilleşdirme näme?