YLYM WE JYNSLARYŇ DEŇLIGI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.73 (33 Ses)

11-nji FEWRAL – YLYM BILEN MEŞGULLANÝAN AÝAL-GYZLARYŇ HALKARA GÜNI

2015-nji ýylyň dekabr aýynda Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan aýal-gyzlaryň ylymda we tehnologiýada ýeten derejesini belläp geçmegi, olaryň bu pudaklarda doly derejede deň mümkinçilikleriniň bolmagy we hukuklarynyň goldalmagy barada rezolýusiýa kabul edildi. UNESCO guramasy aýal-gyzlaryň ylymda, tehnologiýada, matematikada we inženerçilikde gatnaşmagyny gollaýan we ýardam berýän başga-da guramalar bilen bilelikde, her ýylyň 11-nji fewralynda ylym bilen meşgullanýan aýal-gyzlaryň Halkara günini dünýä derejesinde bellenilmegini karar etdi.

Soňky 15 ýylda dünýä derejesinde aýal-gyzlaryň ylyma bolan höwesini goldamak üçin gaty kan tagallalar edildi. Ýöne gynansakda, şu döwürde-de birnäçe päsgelçilikler, böwet bolup durýän sebäpler zerarly hemme isleg bildirýän aýal-gyzlar ylym we tehnologiýa ulgamlarynda doly, dowamly we işeňňir gatnaşmaga mümkinçilik tapyp bilmediler. BMG-nyň 14 ýurtda geçiren barlagynyň netijeleri:

1. Ylym we tehnologiýa ugrundan bakalawr derejesini alan aýal-gyzlar 18%-i, erkek adamlar bolsa 37%-i tutýar;

2. Bu ugurlarda aspirantura derejesini alan aýal-gyzlar 8%-i, erkek adamlar bolsa 18%-i tutýar;

3. Bu ugurlardan professorlyk derejesini alan aýal-gyzlaryň sany 2%-e, erkek adamlaryň sany bolsa 6%-e barabardyr.

Näme sebäpli ylym, tehnologiýa, inženeriýa we matematika pudagynda we ugurlarynda aýal-gyzlaryň az sany okaýarlar we işleýärler? Bu barada ýurdumyzda anyk statistiki maglumatlaryň bolmazlygyna garamazdan, Siziň pikiriňizçe, şu wagtky ýagdaýlar Söwetler döwründäkisinden näme bilen tapawutlanýar? Şu döwürde türkmen aýal-gyzlaryň ylym, tehnologiýa ulgamyndaky ornuny nähili häsiýetlendirip bilersiňiz? Biz gyz doganlarymyzyň we jigilerimiziň arasynda "inžener", "alym", "programmist" boljak diýip arzuw edýänlerine duş gelýärismi?

Türkmen aýal-gyzlarynyň bu ulgamlar bilen meşgullanmagynyň pes derejede bolmagyny birnäçe sebäpler bilen düşündirip bolar:

► Jemgyýetde ýörgünli bolan pikirler

Käbir medeniýetlerde, esasan hem patriarhatda (jemgyýetde erkek adamynyň höküm sürmegi) bar bolan adatlar jynslara ýöňkelýän düzgünleriň ýüze çykmagy üçin şertleri döredýär we bu duşünjeler adamlaryň aňynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Bu düşünjeler ylym we matematika ugurlary oglanlar üçin, sungat we gumanitar ugurlar bolsa gyzlar üçin diýen düşünjeleriň jemgyýetde kök urmagyna sebäp bolýar. "Gyzlar matematika, fizika, himiýa okamakda ökde däldir" diýen "pahim" erkek adamlaryň we erkek mugallymlaryň, professorlaryň arasynda köp bellenilýändir. Şunuň ýaly düşünjeler gyzlaryň arasynda ylyma, tehnika we matematika bolan howesini peseldýär we mümkinçilikleri çäklendirýär.

Jyns taýdan deňsizlik

Köplenç ylym, tehnologiýa, inženeriýa we matematika pudagyndaky iş berijiler erkek adamlary işe almaga juda ýykgynly bolýarlar. Jynsy deňsizlik sebäpli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde aýal-gyzlar kynçylyk bilen ylym, tehnologiýa, inženeriýa we matematika pudaklaryna degişli edaralara işe durýarlar we işe durandan soň hem ençeme gezek jynsy taýdan kemsitmeleriň pidasy bolýarlar. Meselem, çagaly aýallar öz kärinde erkek adamlardan ökde bolsalar hem, hünärmenlik ösüş babatda olar ýokary wezipeleri seýrek eýeleýärler. Aslynda eýelemek üçin hem mümkinçilikleri örän çäkli bolýar. Aýal-gyzlaryň ýokary wezipelerde ýetmezçilik etmegi, öz gezeginde bu pudakda kök uran ters düşünjeleriň has hem ýaýramagyna goldaw we itergi bolup durýar.

"Saýla! Maşgala ýa-da ylym!"

Ýöne käbir ayal-gyzlar ylym, tehnologiya, inženeriya we matematika ugurdan yokary bilim alyp, üstünlik bilen bu pudakda iş tapsalarda, köplenç bir-iki ýyldan işini taşlaýarlar. Erker adamlaryň we umuman jemgyýetiň arasynda giňden ýaýran düşünjä görä, aýallaryň kärini taşlamasy, olaryn iş-maşgala jogapkärçiliklerini sazlap bilmezligi diyip hasap edilyar. Ylym bilen maşgalany bile alyp barmaga böwet bolýan sebäpleriň arasynda cagalar baglarynyň, çaga idegi üçin ýeterlik yerleriň we mümkinçilikleriň bolmazlygy we maşgala tarapdan ýeterlik goldawyň berilmeýändigi bellenilmelidir.

Artykgül Ÿazmyradowa

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2 / 3