IŞ ÝERINIŇ MEDENIÝETI NÄME WE ONY BIZ NÄHILI DÖREDÝÄRIS?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.62 (21 Ses)

Hepdäniň duşenbe güni. Sagadyň jaňy ukydan oýanmalydygyny ýatladýar. Işe gitmeli...

Her bir işçi adam bu setiriň agramyny eýýäm duýan bolsa gerek. Edil siz ýaly işgärleriň biri Merdan hem işe taýýarlanyp durka, geljek iş gününi göz öňünden geçirip, täze iş güni başlamaka ruhdan düşýär. Dünýewi standartlar boýunça biznes we menejmenty okan ýaş ussat öz işleýän kärhanasynda öz öwrenen tälimlerini asla ulanyp bilmeýär. Wezipesi boýunça diňe çig mal ammaryna ýolbaşçylyk etmeli Merdan, özünden ýaşy uly hasapçynyň buýruklarynam ýerine ýetirmeli, käwagt gerekli resmi kagyzlary ýaýradyp, gerek bolsa ofisdaky printeri hem bejertmäge gitmäge mejbur bolýar. Emma onuň diňe ýeke özi beýle däl, 200-den gowrak işgärli kärhanada 5-6 sany ofis işgäri bar. Olaryň hersiniň bellenen wezipesine garamazdan, "adam ite buýrar, item guýrugyna" diýilşi ýaly, beýleki işgärleriň işlerini hem ýerine ýetirýärler. Şunlukda, arada galan işleriň kimiň jogapkärçiligindedigi belli bolman, köplenç işgärleriň sebäpsiz käýelmegine getirýär.

Ondan daşary, ofisde işleýän işgärler bilen beýleki işgärleriň arasynda aragatnaşyk örän pes. Döwrebap pikir edýän Merdan bu ýaramaz däpleri bozmak üçin öz ammarynda işleýän ýükçüler bilen dostlaşmaga çalyşýar. Wagtyň geçmegi bilen ofis işgärlerinden iň halanýany bolup galýar. Emma bu öz gezeginde ýükçüleriň aşa arkaýynlaşmasyna we ammarda alnyp barylýan işiň ýaramazlaşmagyna getirýär. Öz dosty hasap edýän ýükçüler Merdanyň wezipesine görä berýän buýruklaryny öz ýüreklerine ýakyn alyp we kiçilik bilip, oňa bolan gatnaşyklaryny üýtgedýär. Şularyň bary iş ýerinde ruhy ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna we iş öndürijiliginiň peselmegine sebäp bolýar.

Elbetde, Merdanyň ýüzünde köpüňiz özüňizi tanan bolmagyňyz mümkin. Iş ýerinde täzeçe, döredijilikli, döwrebap we global derejede pikir edýän ýaşlar, ýaşy uly, emma täze ykdysady üýtgeşmelere uýgunlaşmadyk hünärmenler bilen dil tapyp bilmezlik kynçylygyna uçraýarlar. Bu bolsa kärhananyň öndürijiliginiň we işgärleriň aragatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagynyň sebäbi bolup bilýär. Elbetde, ýaşlar hem öz gezeginde ýaşy ulularyň tejribesiniň baýlygyny we zerurlygyny göz öňüne tutmalydyr.

Bir ýerde ýaşaýan bir milletiň medeniýetiniň, ýagny ynançlarynyň, dünýä garaýyşlarynyň, gymmatlyklarynyň, dini däpleriniň, häsiýetleriniň, diliniň we başga medeniýeti düzýän görkezijileriň bolşy ýaly, kärhananyň ýa-da ofisiň hem agzalarynyň aragatnaşyklaryndan iş ýeriniň medeniýeti döreýär. Soňky on ýyllykda türkmen kärhanalaryň halkara ykdysadyýetine goşulmagy bilen, daşary ýurt kompaniýalary bilen işleme ukybyny ýokarlandyrmak üçin, ilki bilen iş ýeriniň medeniýetiniň döredilmegi we özgerdilmegi örän wajyp mesele bolup durýar.

"Iş Ýeriniň Medeniýeti" näme?

Edil adamyň bedeni ýaly, guramanyň işgärleri hem onuň "gözi, gulagy, ýüregi, beýnisi, aýagy we eli", umuman iň gymmat baýlygydyr. Bir agza syrkawlasa bütin bedeniň saglygyna täsir edýär. Iş ýeriniň medeniýeti bolsa edaranyň "gan aýlanşygy" ýalydyr. Iş Ýer Medeniýeti ýa-da Gurama Medeniýeti nazaryýeti adamlary, olaryň şahsy medeniýetlerini, gymmatlyklaryny, ynamlaryny, gyzyklanmalaryny, terbiýelerini we häsiýetlerini edaranyň umymy sagdynlygynyň iň merkezi bölegi diýip nazara alýar. Geçen asyryň 60-njy we 70-nji ýyllarynda öwrenilip başlanylan Gurama Medeniýeti 80-nji we 90-njy ýyllarda has giň gerim aldy. Gurama Medeniýeti birnäçe ugurlaryň birikmeginde öwrenilýär: olaryň arasyna menejment, psihologiýa, sosiologiýa we antropologiýa ýaly ylymlar girýär. Bu ugur boýunça iň esasy işleri Maýkl Pasanowskiý, Nik O’Donel-Truhiýo we Klifford Geertz dagylar ilkinji bolup döretdiler.

Geertz tanymal antropolog bolup, medeniýeti möýleriň kerebine meňzedipdir hem-de hersiniň üýtgeşikligini we özboluşlydygyny belläp geçipdir. O’Donel-Truhiýo we Pasanowskiý bu pikiri giňeldip, esasy ünsini adamlaryň aragatnaşygyna gönükdirip, işde "adamlar gürleşenlerinde, ýazyşanlarynda olar medeniýeti gurýarlar" diýip belläpdir. Ýagny, işgärleriň arasyndaky aragatnaşykdan özboluşly edaranyň medeniýetiniň "kerebi" döreýär. Elbetde bu "kerep" näçe gür bolsa, şonça-da berk bolýar. Dörän iş medeniýeti edaranyň agzalarynyň aragatnaşygyny pugtalandyrmaga we öndürijiligi ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Gurama medeniýetini öwrenýänleriň käbirleriniň pikirine görä, "medeniýet, bu işgärlere berilýän daşky iş gurşawy". Ýagny, "medeniýet bu ýolbaşçylaryň gurnan ulgamy, işgärler bolsa passiw gatnaşyjylar". Elbetde, iş ýeriniň medeniýeti bir tarapdan ýolbaşçylaryň we edaranyň eýeleriniň aýnasydyr. Emma, medeniýet diňe ýokardan aşak dälde, aşakdan ýokarlygynada ösýän ulgamdyr. Ýagny, ýolbaşçylaryň üpjün edýän iş ýerleri, serişdeleri we mümkünçilikleri medeniýetiň bir bölegini düzýän bolsa, aşakdan ýokaryk täsiri bilen, işgärleriň bu serişdeleri we iş ýerini ulanyşy medeniýetiň deň derejedäki wajyp ýene bir bölegini düzýändir. Öndürijilik we dolandyryş meselelerini çözmekde kimiň we näçe adamynyň gatnaşýandygy hem iş medeniýeti üçin wajyp bolup durýandyr. Dörän mesele diňe bir adamyň ýa-da bir toparyň gatnaşmagynda çözülýärmi ýa-da bütin edaranyň agzalarynyň goşulmagynda çözülýärmi?! ("Mesele däl!" – iň bähbitli we ýitgisiz çözgütler we olara ýetme usullary)

Sagdyn Medeniýet – Sagdyn edara

Iş ýeriniň sagdynlygyna birnäçe görkezijiler täsir edýär. Olar:

► Dil we aragatnaşyk – bu ýerde diňe umumy medeni dil (türkmen, rus, iňlis) göz öňünde tutulman, eýsem işgärleriň biri-biriniň arasyndaky we ýolbaşçylaryň aragatnaşygynda kämilleşýän dili (ulanýan sözleri, wezipeleriň atlary, biri-birine ýüzlenme görnüşleri we edaranyň kesekiler bilen aragatnaşykda ulanýan sözleýşi) göz öňüne tutulýar.

► Mesele çözme – ýokarda aýdylyp geçilşi ýaly, mesele çözmek usulyň ulanylşy sagdyn ýa-da sagdyn däl iş medeniýeti gurmaga kömek edýär.

► Nyşanlar – edaranyň öz önümini we maksatlaryny suratlandyrýan ýazgylar ýa-da loganlar. Şulara iş uniformasyny (iş eşigini) hem degişli edip bolar.

► Wakalar we rowaýatlar – her bir medeniýetde bolşy ýaly, taryhda bolup geçen wakalar we il içinde ýaýraýan rowaýatlar bu medeniýetiň ösüşiniň wajyp bir bölegi bolýar. Edil şeýle hem, iş ýerinde bolýan wakalar we tassyklanan ýa-da tassyklanmadyk geplerdir rowaýatlar onuň medeniýetiniň hiline täsir edýär. Bu punkt birinji punkt bilen baglanşyklydyr.

► Gündelik iş tertibi we iş ýeri – şunuň içine iş we dynç wagtlary, iş ýeriniň ýagdaýy, şeýlede töleg we jeza görnüşleri ýa-da aýdylyp geçilen uniformada girip bilýär.

► Ykdysady, syýasy we sosial gurşawy – elbetde iň wajyp görkezijileriň biri hem edaranyň ýerleşýän sebiti (Aziýa, Ýewropa, Latyn Amerika, Afrika) we ýurdydyr. Meselem, edara diňe döwletiň içinde işleýärmi ýa-da daşary ýurtlar bilen hem işleşýärmi? Wezipeleriň görnüşleri we ýaş boýunça "basgançagyň" düzülmegi we elbetde aýal maşgala bilen erkek adamlaryň aragatnaşygy hem-de sosial tapawutlary.

Şeýlelik bilen, bu görkezijiler we olaryň hersini düzýän punktlar boýunça ýöredilýän we özgerdilýän iş ýeriniň medeniýeti, edaranyň dolandyryjylygyna we agzalarynyň saglygyna peýdaly täsir etýär. Ähli işgärleriň deň tutulmagy, hersine deň mümkinçilik berilmegi, adamlaryň dürlüliginiň (pikiri, jynsy, milleti, dili) sylanmagy we goldalmagy, berk we ýaýbaň işgärara we işgär-ýolbaşçyara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, öňden göriji we ruhy taýdan güýçli ýolbaşçynyň bolmagy we işgärleriň öwrenmegi, tejribe almagy we ösmegi üçin ýeterlik goýumlaryň goýulmagy – şularyň ählisi edaranyň geljekde medeni we maddy ösüşini çaltlaşdyrar we edaranyň "saglygyny" berkider. Sagdyn edarada işleýän agzalar hem höwesine görä iş, işine görä baýrak, baýraga göräde höwes taparlar. Öz işdeşleri we dolandyryjylary bilen ýakyn we açyk aragatnaşykda bolunmagy, iş dawalarynyň bolmazlygyna ýa-da olaryň dogry çözülmegine sebäp bolar. Elbetde, adamlaryň günüň we hepdäniň köp bolegini işde geçirýänini hasaba alsaň, olaryň şular ýaly iş gurşawynda zähmet çekmegi ruhy rahatlygyna getirer.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary höküminde kabul edilmeli däldir.

Awtor: Kemal Korbaýew