ZIR-ZIBILLERI AZALTMAK MESELESINDE MENIŇ OMANDA ALAN TEJRIBÄM

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.61 (18 Ses)

Siz ýöräp barşyňyza, duşuňyzdan geçýän awtoulagyň aýnasy açylyp, ondan suwdan boşan plastik çüýşäniň ýa-da bolmasa kagyzyň we şoňa meňzeş zatlaryň zyňylýandygyny syn edýärsiňiz. Biriniň ulagynda barmaly ýeriňize barýarkaňyz, sürüji: "Me dost, şuny daşaryk zyňsana" diýip, eliňe bir zatdan boşan gabyny gyssyryp göýberýär. Obalara baranyňyzda köçeleriň gyrasyna zir-zibilleri üýşürmegiň eýýäm adat bolup gidendigini görýärsiňiz. Doly suratlandyrmanyň üstüni zir-zibilleri ýakmakdan emele gelýän porsy we zäherli tüssäniň burnuňyza urmagy dolup biler. Bu ahwalatlara biz ýaşaýan ýerimizde duş gelýäris. Şeýle wakalar näme sebäpden ýüze çykýar?

Elbetde bu ýagdaý adamlaryň zir-zibiller barada, olaryň howa, suwa, ýere, hatda adamlaryň özüne hem getirýän zyýany barada ýeterlik ylmy sowatlylygynyň bolmany sebäpli döreýär diýip biljek. Bir wagtlar, arap ýarym adasynda ýerleşýän ülke bolan Omanda hem şeýledi, emma soňky ýyllarda bu ýurt hemme taraplaýyn ösdi we zir-zibilleri azaltmakda täsirli taslamalary gurnady. Men bolsa bu taslamalaryň birine gysgamöhletleýin bellenen işgär (intern) hökmünde gatnaşyp, zir-zibilleri azaltmak babatda örän peýdaly tejribe aldym.

Taşlan zibilim haçan maňa dolanyp geljek?

Zir-zibilleriň Ýer togalagyna ýetirýän täsiri uly. Ýere zyňylýan gaty galyndylar, diňe arassaçylyga, görke, tebigatyň owadanlygyna, adamlara we haýwanlara zyýan etmän, eýsem bütin dünýä zyýan edýär. Haçanda siz bir zady zyňanyňyzda, bu nämäni aňladýar? Eger pikirlensek, zyňylýan zat düýbünden biziň planetamyzdan ýitip gitmeýär. Biz nahar galyndylary, plastik, kagyz we başga zatlary taşlamyzda, olar bir ýerik gitmeli, şeýle dälmi? Belki siz, bu galyndylaryň zir-zibil özleşdirýän kampaniýalar tarapyndan, ýöriteleşdirilen ýerlere äkidilip gömülýär diýip pikir edýärsiňiz. Bu dogry, emma şeýdip gömülen zatlar hem köp ýyllaryň dowamynda pytrap, ýere zäherli maddalaryny çykaryp durýar. Gynansakda, zir- zibilleriň belli bir bölegi ýörite ýerlerde gömülsede, köprägi ýel, suw we adam tarapyndan bütin dünýä pytrap, hatda himiki bölejikler derejesinde bölünip ýaýrap gidýär. Meniň pikirimçe, bu bolýan zatlaryň öňüni almak üçin öndürijiler önümleri talaba laýyk, azrak öndürmeli ýa-da saglyga we ekosistema zeper ýetirmejek önüm bilen üpjün etmeli.

Oman tejribesi

Zir-zibili azaltmak ylmy bu gün dünýä derejesinde ösdi. Zir-zibili azaltmak üçin herhili taslamalar döredilýär. Oman hem şu işleri alyp barýan döwletleriň biri. Oman, arap ýarym adasynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän ýurt. Ilatynyň sany 2.9 million adam. Omanyň ekologiýasy biziňki bilen meňzeş diýsek ýalňyş bolmaz. Ýurduň merkeziniň köp bölegini çöller gurşaýar. Demirgazygynda we günorta-gündogarynda daglar ýerleşýär. Howasy yssy we gurak bolany sebäpli, ýurtda suw ýetmezçilik kynçylygy bar. Bu gün Oman ekosistemany gowlamak üçin ynamly ädimler ädýär. Zir-zibili azaltmak maksady bilen, bu ýurt döwlete degişli bolmaýan tebigaty goraýjy ýa-da tebigaty goramana maksat edinen guramalara goldaw berdi. Şeýle guramalaryň biri International Association of Students in Economic and Commercial Sciences – dünýäniň iň uly ýaşlar guramasy. Ol "Go Green" diýen taslamany öňe sürdi. Bu gurama zir-zibili azaltmak üçin ýerli halky terbiýelemegi göz öňune aldy. Şuny amala aşyrmak üçin, daşary ýurtlardan ekosistemany goramak bilen gyzyklanýan talyp işgärler (intern) çagyryldy. Gelen talyplar tebigaty goramak barada maglumat öwrenip, mekdeplerde wagyz-nesihat işlerini alyp bardylar. Mundan başgada, söwda merkezlerde, deňiz kenarlarynda dürli ýaşly raýatlar, tebigat barada alada etmäne we ony goramana çagyryldy. Wagyz-nesihatlar her bir adamyň tebigaty goramak üçin edip biläýjek iň ýönekeý zatlaryndan ybaratdy. Meselem, zir-zibilleri azaltmak ugrunda hödürlenip bilinjek care: nahar iýemizde öz paýymyzy gutarmak, eger galaýsada sowadyjyda goýup, soň iýmek. Şeýle etmek, nahary zyňanyňdan gowy dälmi name? Ondan başga-da, kagyz, plastik gap-gaçlaryň deregine aýna gap ulanmaklyk. Dükanlara gideňizde plastik paket almakdan saklanmak we şoňa meňzeş ýönekeý, emma täsirli hereketler barada nesihat bermek we ýatlatmak taslamanyň esasy maksadyna öwrüldi.

Bu taslama adamlaryň köne zatlaryny zyňmaň, olary gaýtadan ulanmaga çagyrdy. Meselem, köne eşikleri zyňman, mätäç adamlara paýlamak, bolmanda esgi ýa-da şoňa meňzeş peýdaly serişdelere öwürmek. Zyňyljak stakany belki diş ýuwujy şşýotka goýulýan etmek, gerekmejek kagyzlardan we plastik çüýşelerden herhili owadan bezeg ýasamak ýaly peýdaly nesihatlar berildi. Döwlete degişli bolmaýan guramalardan başga, Oman häkimiýeti zir-zibili azaltmakda herhili kampaniýalar bilen bilelikde uly maksatnamalar girizdi. Gaty galyndylary gaýtadan işleýän zawodlary açmak işi 2016-njy ýyla meýilleşdirilipdi.

Bu günki gün Oman zir-zibilleri azaltmakda öňde barýan ýurt. Bu ýurtdan sapak almak bolar diýsek hiç ýalňyş bolmaz. Hökümetleriň edýän uly tagallasyna we goldawyna garamazdan, bizde tebigatyň aladasyny edýän, ýaşlar bilen çynlakaý iş alyp barýan hiç hili garaşsyz gurama ýok. Emma bu ugurda bütin jemgyýetiň meselä düşünip, gatnaşmagy zerurdyr. Biziň raýatlarymyz hem tebigaty goramak hakynda wagyz-nesihata mätäç. Gaty galyndylary gaýtadan işleýän zawodlary açmak hem wajyp mesele. Bu işler bolsa döwlet ýa-da döwlete degişli bolmaýan, ekologiýany goraýjy jemgyýetçilik guramalar tarapyndan amala aşyrylmalydyr.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary höküminde kabul edilmeli däldir.

Awtor: Sapar Aşyrow