JYNSY GATNAŞYKLARY BARADA BILIMIŇI ARTYRMAGYŇ DÖRT SANY DOGRY ÝOLY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (47 Ses)

Biziň jemgyýetimizde adam bedeni barada açyk gürrüň alyp barmak kyn bolýar. Bu esasan hem adamyň seksual we önelgelilik saglygy baradaky gürrüňdeşliklerine degişlidir. Şu temalary "aýyp" hasaplap dymmak, söz açmakdan gaça durmak türkmen ýaş oglanlarynyň we gyzlarynyň "durmuş esaslaryna" degişli ygtybarly maglumatlardan bihabar bolup galmagyna, jogapsyz galýan soraglaryň köpelmegine, pajygaly ýagdaýlara eltýär. Ynha, edil şeýle ýagdaýda biz, ýaşlar, internetden kömek gözlemäne başlaýarys.

Internede gireňsoň, gizlinlikde, ene-ataňdan, mugallymyňdan utanyp soramadyk soragyňy berip bilýärsiň. Ýöne şu ýerde bir mesele bar: Googl-yň gözlegi saňa hemme ýagdaýda gerekli we dogry maglumaty saýlap berip bilmeýär. Gözlegiň netijeleri gaty kän maglumaty toplap görkezýär. Bu bolsa nireden başlamalydygyny, haýsy çeşmä, kime ynanmalydygyny kynlaşdyrýar.

Meselem, sen "aýbaşy" ýa-da "masturbasiýa" barada bilmek isleýän bolsaň, Internetde başga dilde ýazylan gaty kän maglumat tapyp bolýar. Ýöne olaryň arasynda ylmy taýdan dogry we nädogry maglumatlar bar. Türkmen dilinde adam seksuallygyna, önelgelige degişli maglumatlar azlyk edýär. Käbir temalar barada asla hem ene diliňde maglumat tapyp bolanok. Şunuň esasy sebäbi – degişli döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň ýaşlar bilen bu babatda onlaýn hiç hili iş alyp barmaýandyklarynyň netijesi diýip pikir edýärin.

Internet ulgamy adamy utandyrýan we masgaralaýan ýer hem bolup biler. Birnäçe zatlar barada habarly bolmak "gözlegiňi" aňsatlaşdyryp biler. Maglumat gözläňde şu aşakdaky maslahatlara eýermek saňa dogry, islegleriňi kanagatlandyryp biljek maglumatlary tapmana kömek berer.

1. Her adamyň bedeni, gurluşy özboluşly, islegleri dürli bolýandyr.

Gaty köp adam jynsy gatnaşyklary baradaky bilimi diňe gatnaşyklaryň göniden-göni bolup geçýän pursatyna deňeýär. Bu nädogry! Jynsy gatnaşyklary ençeme temalary öz içine alýar: adamyň ösmegi, özgermegi, psihologiýa, önelgelik, keselleriň öňüni almak we jynsy gatnaşygyň medeniýeti. Ýaşlarda erkek, aýal bedeni, onuň fiziologiýasy, anatomiýasy, sagdyn, howpsuz jyns gatnaşyklary, dostluk, söýginiň nähili bolmalydygy barada dogry düşünjeler bolmaly. Bu düşünjeleriň çeşmesi pornografiýa bolmaly däldir.

Iki beden meňzeş bolanok. Adamlaryň sypaty we tejribeleri dürli-dürli bolýar. Adamlar özlerini şahsyýet hökmünde nähili görkezmelidiginiň ýollaryny özleri isläp, saýlap almana ymtylýarlar. Ýaş gyz we oglan üçin öz gymmatlyklaryny bilmek, dostlukly gatnaşyklardan, söýgülisinden nämä garaşýanyna düşünmek we duşündirip bilmek zerur bolup durýar.

2. Jynsy gatnaşyklaryna degişli maglumatlar seni utandyrmaly däl.

Sen adam seksuallygyna we önelgelik saglygyna degişli islendik bir saýty ýa-da maglumaty okaňda özüňe şeýle sorag ber: "Men şu maglumaty okap, özüm barada, bedenim barada utançlyk, aýyplyk duýýarynmy?" Eger şeýle duýgulary başdan geçirýän bolsaň, onda maglumatlary, jogaplary başga ýerden gözle.

Adamy utandyrýan, masgaralaýan, aýyplaýan dilde, äheňde ýazylan maglumatlardan gaça dur. Meselem, türkmen dilinde "gyzlyk perdesi", "masturbasiýa", "aýal, erkek seksuallygy" barada ylmy, lukmançylyk taýdan nadogry maglumat berýän birnäçe saýtlar bar.

3. Faktlar, ylmy barlaglar bilen delillendirilen maglumatlary gözle we öwren.

Türkmen bilim ulgamynda, sapaklarda näderejede ylma esaslanan maglumatlaryň berilýändigi barada aýtmak kyn. Türkmen ýaşlarynyň aglaba bölegi erkek, aýal anatomiýasyny bilmeýär. Köp ýagdaýlarda ýaşlar internetden lukmançylyk taýdan nädogry maglumatlary alýarlar. Türkmen ýaş gyzlarynyň esasy bilim çeşmesi – "durmuşa çykanymda gelnejem, joram aýdyp berer" bolup durýar.

Halk arasynda giňden ýaýran garaýyşlar barada dürli forumlardan öwrenmek gowy zat, ýöne ýaş adamlar maglumatlary ytgybarly çeşmelerden alnyp ýazylan makalalary, lukmançylyk jähtden dogry maglumatly makalalary esasy çeşme hökmünde okamaly. Esasy zat, şeýle makalalaryň dili adamyň köpdürliligine hormat goýýan, mertebesini peseltmeýän we özünden tapawutly bolan toparlara ýigrenç bilen garamaýan dilde ýazylan bolmaly.

Bedeniň barada ilki bilen ylmy taýdan dogry maglumatlary almana çalyş. "Ahlaklylygy" satýan, dini, şahsy düşünjelere görä düşündiriş berýän saýtlardan ikinji çeşme hökmünde peýdalanyp bilersiň.

4. Gülkünç, pikirlenmäne çagyrýan maglumatlardan hem peýdalan.

Internetde seksual, erkek-aýal gatnaşyklarynyň gülkünç taraplaryny şöhlelendirýän maglumatlar diýseň kän. Sen şunuň ýaly maglumatlary ylmy taýdan dogry maglumatlara goşmaça çeşme hökmünde okasaň peýdaly bolar. Eger maglumat başga bir adamy masgaralamaýan bolsa we seni jemgyýetimiziň gizlinlikde saklaýan düşünjeleri, olaryň nädogrylygy güldürýän bolsa, onda sen bu mümkinçlikden peýdalanyp, şu temadan söz aç. Sen her gezek teswir ýazaňda, şu temada türkmen medeniýetiniň ösmegine goşant goşýanyňy ýatdan çykarma. Esasy zat – adam seksuallygynyň çylşyrymlydygyna düşünip, özüňden tapawutly garaýyşly adamy diňläp bilmekdir.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir.

Awtor: Maral Nazarowa