ZORLUGA SEZEWAR BOLÝAN GELNIŇ HOSSARLARYNA MASLAHAT

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.12 (25 Ses)

Durmuşa çykanymdan soň, ýarym ýyl geçip geçmänkä, meň täze guran maşgalamda agzalalyk başlandy. Ýanýoldaşym bilen günaşa pikirim deň gelmän, baldyzym bilen günde sögşüp başladyk. Iýen çöregim damagymdan geçmedi. Şu oňşuksyzlyklar zerarly hem ýoldaşym bir-iki gezek maňa elini galdyrdy. Men hemaýat isläp, dadymy ejemlere aýtdym. Kakamy 10 ýaşymda ýitiripdik we meni, iki erkek, iki gyz doganlarymy ejem ulaldypdy. Arzymy aýdamda ejem maňa: "Gyzym, indi näme edeýin? Häzir gaýyn tarapyň bilen gygyryşsak, onda seniň durmuşyň hasam pozular hem il-gün näme diýer? Şonuň üçin ýoldaşyň we gaýynlaryň ugruny tapda oňuşjak bol!" – diýip jogap berdi. Erkek doganlarym bolsa: "Günä sendedir! Özüň bir zat diýip olaň tersine gaýdýansyň" – diýip, meni yzyma eltip gaýtdylar. Şu sözlerden soň men günäni özümden görüp, gaýyn tarapymyň we ýoldaşymyň ugruny tapyp asuda yaşap başladym. Şol günlerde hem özümiň hamyla bolanymy bildim. Ýöne meň asuda durmuşym uzaga çekmedi. Bir gün baldyzym bilen sözüm alyşman ýene öýde goh turdy we ýoldaşym maňa elini galdyrdy. Men urga çydaman huşumy ýitiripdirin. Haçanda huşuma gelemde bolsa, göwrämdäki perzendimi ýitirendigimi bilip galdym.

Meniň dogan-oglan gyz doganym Bägül 27 ýaşynda. Onuň ýaş gelin halyna başdan geçirenleri meni gaty bimaza etdi. Şular ýaly pajygaly wakalarda ýaş gelinleň arkasynda olaryň maşgalasy durup, goldaw berseler onda beýle ýagdaýlaryň azaljagyna men ynanýaryn. Sebäbi, başga ojaga gelin bolan gyz maşgala gaýynlary tarapyndan köselse, onuň kömek sorap biljek ilkinji ýakyny ejeleri bolýar. Eger ejeleri hem kömek etmekden ýüz dönderse, Bagüliň belläp geçişi ýaly, gelin günäni özünden görüp, durmuşyna kaýyl bolup başlaýar. Bu bolsa gelniň içki dünýäsini zäherläp, duýgularynyň harlanmagyna, özüne kembaha garamagyna getirýär. Netijede, gelin birnäçe kesellere duçar bolup bilýär. Olaryň biri hem depressiýadyr.

Depressiýa – bu ruhyçökgünlikdir. Bu ruhy keseliň alamatlary keýpsizlik, köp gynanmak, köp aglamak, işdäniň bozulmagy ýaly alamatlary öz içine alýar. Depressiýa düşen gelniň hiç zada gyzygy bolmaýar, sagdyn pikirlenip we netije çykaryp bilmeýär. Depressiýanyň erbetleşmegi bolsa gelniň öz janyna kast etmekligine ýa-da hemişe erkekleri ýigrenmekligine getirip bilýär. Sebäbi zenanyň ruhy ýagdaýy üýtgäp, gözünde gorky galýar. Birleşen Milletler Guramasynyň barlaglary boýunça, Merkezi Aziýada her 4 aýalyň biri ýoldaşy tarapyndan fiziki, jynsy zorluga sezewar edilýär. Her 15 aýaldan biri ýoldaşy bolmadyk erkek adam tarapyndan jynsy zorlugyň pidasy bolýar.

Gelniň hossarlary, ýakyn garyndaşlary nädip kömek berip bilerler?

► Gelni doly diňlemeli. Onuň sözlerinden, delillerinden dogry netije çykarmany başarmaly. Ýagdaý barada açyk gürründeşlik geçirip, hemme zadyň anygyna ýetmeli. Eger-de ol arzyny aýdan mahaly ýakynlary üns bilen diňleseler we duýgudaşlyk bildirseler, gelin ozüniň ýeke däldigine, arkasyny aljaklaň bardygyna düşüner. Bu bolsa ony depressiýa düşmekden gorap biler.

► Gürrüňdeşlikde "Ynha ýoldaşyňy taşla!", "Aýrylyş!" ýa-da "Gürleme-de, asuda ýaşajak bol!" ýaly maslahatlary bermekden saklanmaly. Diňe gelni köşeşdirmeli we ony dogry pikirlenmäge ugrukdyrjak bolmaly. Sebäbi aýrylyşmak uly karar. Uly kararlara bolsa stress ýagdaýynda gelinmeýär.

► Ene-ata we dogan-garyndaş hökmünde gelniň ýanýoldaşy bilen gürleşmeli. Ony hem diňlemeli. Eger-de mümkinçilik bar bolsa, onda gelniň gaýyn tarapy bilen hem asuda gürrüňdeşlik geçirmeli.

► Eger-de siz "maşgaladaky zorluga garşy" göreşýän guramalary, psihologlary bilýän bolsaňyz, onda hökmany ýagdaýda olara ýüz tutmaly.

Meniň pikirimçe, eger gelniň maşgalasy gyzyna goldaw berse, kemsidilen naçara düşünip, onuň ýagdaýyna "il-gün näme diýerkä?" ýaly düşünje bilen däl-de, "biz gyzymyzyň bagtly bolmagyna ýardam etmeli" diýen pikir bilen çemeleşseler, onda bigüna we bagtsyz gelinlerimiziň sany azalardy. Çünki, eger giýewi we onuň maşgalasy gelniň maşgalasynyň goldawyny görseler we gelniň öz maşgalasynda sylanýandygyna göz ýetirseler, onda olar hem çyndanam sylap, "gelinjan" statusyny gury sözden durmuşa geçirerler.

Awtor: Aýgözel Begliýewa