8-NJI MART: GÜN TERTIBI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

8 mart gun tertibi

Owadan çemenler, şokolad, ýakymly sözler… Şu gün men türkmenistanly zenanlaryň durmuşyny gowulaşdyryp biljek anyk teklipler etmekçi. Bir-birimize bolan ýakymsyz duýgularymyzy (bäsdeşlik, görüplik), aýratynlyklarymyzy, dini ynançlarymyzy, syýasaty bir tarapa goýup, sizi üç sany anyk öwrenip, ölçäp we tiz wagtda düzedip boljak wajyp meseleler bilen tanyşdyryp, olaryň çözgütlerini goldamana çagyrýaryn:

1. Ene we çaga ölümi: ÝUNISEF (UNICEF), UNDP ýaly halkara guramalar Türkmenistanda ene we çaga ölüminiň ýokary bolup galýandygyny yzygiderli belläp gelýärler. Geliň türkmenistanly eneleriň sagdynlygyny üpjün etmäne, göwreliligiň kadaly geçişini we bir ýaşa çenli çagalaryň sagdynlygyny gazanmak üçin anyk ädimleri ädeliň. Saglygy saklaýyş Ministrligi, tejribeli, progressiw lukmanlar, jemgyýetçilik bilen meseläni öwrenip, türkmenistanly ene-atalar üçin niýetlenen, synagdan geçen halkara tejribä öwrülen hyzmaty "sms ejä" (rus. SMSMame, eng. "Text4Baby") biziň hem durmuşymyza ornaşdyrsyn. Şeýle hyzmat göwreli gelinleriň we bir ýaşa çenli çagaly ýaş ejeleriň arasynda döräp biljek ýörgünli soraglara jogap berýär, olaryň düşünjesini artdyrýar, howply ýagdaýlaryň öňüni alýar. Bu hyzmatdan Orsýetde giňden peýdalanýarlar. Biziň ýurdumyz sebitde ilkinji bolup şeýle hyzmatlary girizse enelere, zenanlara begenmäne gowy sebäp bolardy.

2. Süýt mäziniň rak keseli: Ýurdumyzda aýal-gyzlaryň arasynda süýt mäzleriniň howply döremeleri artýana, epidemiýa öwrülýäne meňzeýär. Gynansakda bu babatda hiç hili statistiki sanlar agzalmaýar. Geliň, şu tema boýunça dymmagymyzy bes edeliň. Şu babatda goňşy ýurtlaryň bize gerekli bolan tejribelerini öwrenmek, iş ýuzünde, durmuşda ulanmana mümkinçlilik açmak möhüm bolup durýar. Meselem, Hindistanda barlaglara görä aýal-gyzlaryň agalaba bölegi rak bilen kesellänini giç bilip galýar. Bizde hem ýagdaýlar şoňa meňzeş. Bu bolsa aýal doganlarymyzyň, gyz jigilerimiziň ýaş ýogalmak ähtimallygyny ýokarlandyrýar. Ragy irki döwründe anyklamakda erkek adamlaryň roly uly bolup bilýär. Aýallaryň ýoldaşlary üçin ýörite, gymmat däl maglumatlar kampaniýasy geçirilip dursa, onda süýt mäziniň rak keselini irki döwründe anyklap bolýar. Bu bolsa ragyň wagtynda bejerilmegini gazanyp adam ýitgisini azaldýar.

3. Maşgalany meýilleşdirmek üçin wajyp maglumatlary sada dilde türkmenistanly ýaş ene-atalara ýetirip bilmek geljekki nesliň fiziki we ruhy taýdan sagdyn bolup ösmegine käbir derejede kepil geçýär. Türkmenistanly atalaryň öz çagasynyň idegine, terbiýesine gatnaşmagyna kim garşy çykyp biler? Birnäçe maksatly ýaş çatynjalar (ZAGSdan geçmänkäler) üçin niýetlenen ýörite, döwrebap sapakaryň gurnalmagy uly netije bererdi. Interaktiw sapaklarda aýal, erkek saglygy, kontrasepsiýa, maşgalany meýilleşdirmek, adam seksuallygy, sagdyn göwrelilik, ene- atanyň borçlary we beýleki ýaş maşgala üçin wajyp boljak maglumatar berilse ýaşlaryň durmuşa taýýarlykly we jogapkärli çemeleşmegine getirer. Gynansakda şu gün ýurdumyzda ýaş çatynjalar üçin döwrebap, ylmy maglumatlara esaslanan hiç hili okuwlar geçirilmeýär. Goňşy ýurtlarda şeýle işi döwlet guramalary we jemgyýetçilik guramalar hyzmatdaşlykda gurnap netijeli ýöredýärler.

PAÝLAŞ! TESWIR ÝAZ! 8-NJI MART BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Maral Nazarowa