GARNY DOK ÇAGA BELA ÝOK: MEKDEP TAGAMLARY WE ÇAGALAŇ SAGLYGY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.88 (8 Ses)

mekdep tagamlary

Meniň mekdep döwürlerim arzan bahadan kädili we etli somsa alyp iýýänim ýadyma düşýär. Sowet döwründe-de mekdebiň naharhanasynda elýeter bahadan arkaýyn iýip-içip bolýan ekeni. Daýym: "50 köpüge gyzgyn nahar düşýärdi. Pirožka, somsa 30 köpükdi" diýip, okuw wagtyny ýatlap gürrüň berdi. Daýzamam: "Çiburek, koržik, orsuň şokolady, limonad bardy, bahalary 30-20 köpükdi" diýip, goşuldy. Bu gün mekdeplerimiziň menýusy has hem baýlaşdy. Ol dürli işdäaçarlary, 1-nji we 2-nji naharlary, garnirleri, hamyr önümlerini we dürli içgileri öz içine alýar. Çagalaryň öýde we daşarda iýmitlenişi nähili zerur mowzuk hasaplanýan bolsa, olaryň mekdepde iýmitlenişi hem şonça zerurdyr. Çünki ol ýerde çagalar her günleriniň ýarym salkynyny geçirýärler.

Mekdeplerde nahar mugt bolmalymy?

Gürrüňdeş bolan ildeşlerimizden biri "Mekdepde nahar mugt bolmalymy?" diýip soramda: "Elbetde, mugt bolsa gowy bolardy, emma muňa hökümediň býujeti ýetmez. Men mekdepleriň tölegsizdigine begenýärin" diýip, jogap berdi. Adatça, okuw naharlary köp ýurtlarda tölegli. Şwesiýa, Finlandiýa, Çehiýa we Estoniýa bu köpçülige goşulmaýar. Bu ýurtlarda mekdep tagamlary mugt. Amerikada bolsa maşgala ýagdaýy pes çagalary hökümet mugt ýa-da bahasy arzanladylan iýmit bilen üpjün edýär. Şeýle däp biziň ýurdumyzda hem ýola goýulsa bu müňlerçe ýagdaýy pes çagalary kem iýmitlenmeden halas bolmagyna sebäp bolardy. Çünki bizde mekdep nahalaryny satyn almak beýlede dursun, çagalaryny öýde ýeterlik iýmitlendirmäge güýji ýetmeýän maşgalalar kän. Mekdep nahary üçin günde ortaça 3 manat gerek, aýlyklar bolsa 800-1000 manat aralygy. Ildeşimiz: "Bu aýlyk bilen ýetirinmek kyn" diýip, zeýrendi.

Oka, öwren, dogry iýip-iç

Mekdep tagamlary nähili bolmaly? Çagalar näme iýse sagdyn bolup okuwlarynda başarnykly bolarlar? Dogry nahar çaganyň gowy okamagyna güýç berýär, onuň sagdyn ösmegine kömek edýär. Mekdep tagamlary witaminlere baý we ýokumly bolmaly. Ir-iýmişler we gök önümleri ýokumlylyga gezek gelende birinji ýerde bolup, hemişe çagalaryň öňünde bolmaly. Ýaglar halkara iýmit guramalary tarapyndan çagalar üçin maslahat berlen möçberinden artykmaç bolmaly däl. Bugdaý önümleri bolan çörek, tüwi we makaron menýuda bolmaly, sebäbi olaryň ýokumlylygy uly. Içgä gezek gelende halkara guramalary süýdi ýa-da suwy nesihat berýärler. Gazly içgilerden çagalar daşda durmaly. Gepiň tümmek ýeri, mekdep tagamlary "balanslanan" bolmaly, ýagny dürli-dümeni öz içine almaly. Bugdaý önümleri, ir-iýmişler, gök-önümleri, et we proteinli iýmitler, süýt önümleri okuwçylaryň stoluny bezäp, olara gerekli witaminleri berer we fiziki we akyl taýdan güýçlendirer.

Biziň menýumyz

Paýtagtymyzyň bir mekdebiniň menýusyna göz aýlalyň. Ol nä derejede ýokarda aýdylan dogry dieta gabat gelýär? Menýuda miweler düýbünden ýok. Etli we ýagly naharlar juda kän we iň köp şolar iýilýär. Gök önümlerden işdäaçarlar, çorbalar we hamyrly tagamlar bar, ýöne men bu naharlaryň köp iýilýändigine şübhelenýärin. Içgiler biraz begendirýär, sebäbi gazlysy ýok. Olaryň deregine peýdaly kampot bar. Umuman, menýuda peýdaly iýmitler bilen birlikde zyýanly tagamlar hem bar. Menýunyň esasy kemçiligi bolsa ol "balanslanan" däl, ýagny naharlar garylan tabaklar (dürli iýmitleri öz içine alýan tagamlar toplumy) görnüşde däl-de, ýekejeden satylýar. Eger her bir nahary aýratyn almaly bolsa, çagalaryň köpüsi etli we ýagly naharlary saýlarlarmyka diýýän. Çagalaryň iýýän zatlaryna gözegçilik edýän hem ýok. Şonuň üçinem "gök-önüm iýeýin" ýa-da "ýeňiljek şüle iýeýin" diýip oturan çaga ýokmuka diýýärin. Muňa çözgüt hökmünde "balanslanan" menýuny teklip edýärin. Bir günortanlyk naharynda hemme peýdaly tagamlardan az-az porsiýalar bolmaly. Meselem, işdäaçar, 1-nji nahar gök-önümli çorba, 2-nji nahar etli bolup biler, miwelerden biri we içgi.

Ene atalar

Ýurdumyzda çagalarynyň mekdepde näme iýýändiklerini pikir edýän ene-atalar bar bolsada gaty azdyr. Biziň ildeşlerimiziň köpüsiniň düşünjesi "garny aç bolmasa bolýar" ýa-da "garny doka bela ýok" bilen ýöreýär. Her bir ene-ata öz çagasynyň nä derejede gerekli witaminlerini alyp durandygyny idäp durmaly. Çagalaryň iýýän naharlaryna öýde-de mekdepde-de üns bermeli.

Sagdyn ýaşaýşa hemmämiz mätäç, şol sanda mekdeplerdäki jigilerimiz, gyzlarymyz we ogullarymyz hem. Gerekli witaminleri öz içine alýan we dürli-dümenden bolan tagamlar mekdep okuwçysynyň gündelik nahary bolsa olara okuwlaryny üstünlikli okamana kömek eder. Okuwçylaryň saglygy döwlet derejesinde alada edilmeli, sebäbi sagdyn nesil – bilimli nesil we bilimli nesil – kuwwatly Watan.

Awtor: Sapar Esenow