YLYM, TEHNOLOGIÝA, INŽENERÇILIK, MATEMATIKA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

YTIM intro

Adamyň jynsy onuň ylmy-bilim almak ukybyna, islegine täsir ýetirýärmika? Oglan bilen gyzyň arasynda matematiki başarnykda tapawut barmyka? Ýakynda çap edilen ylmy işlere görä, iki jynsyň arasynda matematika bilimi boýunça tapawut ýetginjeklik ýaşyndan soň emele gelýär. Emma muňa ynsan biologiýasy däl-de, jynslar barada giňden ýaýran stereotipler sebäp bolýar. Aşakda biz Ylym, Tehnologiýa, Inženerçilik, Matematika (YTIM) ugurlarynda Türkmenistanly aýal-gyzlaryň örän az böleginiň okap-işlemegine sebäp bolýan giňden ýaýran düşünjeleri we toslamalary açyp görkezeris.

1. Gyzlara ýokary bilim almak hökman däl. Köp türkmen maşgalalarynda gyz çagany okatmaga üns berilmeýär.

Olarda "gyz kişi maşgalasy – ol toý edip, başga maşgala gidýär we öz ene-atasyna kän bir peýda getirmeýär" diýen düşünje bar. Şeýle hem, "ony toý edip baran maşgalasy, esasan hem adamsy eklär" diýen pikir bar. Şol bir wagtyň özünde, oglan çagany okatmaga uly üns berilýär. Sebäbi, "ol geljekde maşgala başy bolmaly we öz maşgalasyny ekläp bilmeli" diýýärler.

Emma, gyzlara hem ýokary bilim almak zerurdyr. Olar toý edip baran ýerinde dili gysga bolmaz ýaly, öz maşgalasyna goşant goşup biler ýaly, we öz çagalaryna görelde bolar ýaly bilimli bolmalydyrlar. Halkara barlaglara görä, bilimli eneler çagalaryna has gowy bilim berip, olara gowy okamaga we ylymly bolmaga itergi berýärler.

2. Aýal-gyzlaryň esasy käri hojalygy dolandyrmak we çagalaryny ösdürip ýetişdirmek.

YTIM 1Türkmenistanda zenanlar öý hyzmatlary we maşgala agzalaryna seretmek ýaly işleri orta hasap bilen 2,5 esse köp ýerine ýetirýärler (çeşme: BMGÖM Türkmenistan). Elbetde, hojalyk işleri we çagalary kemala getirmek örän wajyp. Emma, bu bir adamyň işi däl. Ony är-aýal deň derejede ýerine ýetirmeli. Maşgala iki adam bolup gurulýar we onuň berkemegine we ösmegine iki adamam deň derejede goşant goşmaly.

Aýal-gyzlar akylly we maksada okgunly. Olar islendik işi ýerine ýetirmäge we saýlan kärinde üstünlük gazanmaga ukyply. Muňa taryhda belli aýal sportsmenler, açyş eden alymlar we ýurt baştutany derejesinde işleýän zenanlar mysal bolup biler. Şonuň üçin, biz aýal-gyzlaryň mümkinçiliklerini çäklendirmeli däl-de, olara hojalyk işlerini, bilim almagy we hünärmen bolmagy bir wagtda alyp barar ýaly we ählisinde üstünlikli bolar ýaly şertler döretmeli.

Esasan hem 1-nji we 2-nji düşünjeler aýal-gyzlary öz adamsyna we gelin bolup baran maşgalasyna garaşly edýär. Mysal üçin, biz ýetginjek wagtymyz dost-ýarlarymyz bilen gezelenje gidesimiz, kafede doglan-gün belläsimiz ýa-da, iň bolmanda, jübümizde biraz pul bolmagyny isleýäris. Her gezek ene-atamyzdan pul almaga çekinýäris, sebäbi olar puly nämä sowjagymyzy soraýarlar we pul bermän hem bilýärler. "Wah, men bir tizräk işe girip, aýlyk alyp başlasam, öz pulumy isleýşimçe sowaryn" diýip, arzuw edýäris. Indi göz öňüne getiriň, köp sanly gyzlar ömür boýy maddy taýdan birine garaşly bolup ýaşaýarlar. Olara hojalyk işlerini edeni üçin aýlyk tölenmeýär. Emma, pul gerek bolanda oňa adamsy "seň gazanjyňam ýok" diýip, kemsitmegi hiç zatça görmeýär. Aýallar işläp pul gazanan ýagdaýda hem, maşgalanyň başy hökmünde erkekler pula ýolbaşçylyk edýärler.

YTIM 2

Türkmenistanda hojalyklaryň 76 göteriminde maliýe we beýleki çözgütler boýunça, erkek adamlar baştutanlyk edýärler. (çeşme: BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistan)

 

3. YTIM ugurlary aýal-gyzlara gelişyän kär däl, ol erkek oglanlara mahsus hünär.

 

YTIM 3

Ýakyn wagta çenli ylym, inženerçilik we tehnologiýa esasan hem erkeklere mahsus hünär hasaplanýardy. Türkmenistanda ilatyň 50.2% aýal-gyzlardan ybarat. Emma ylym we tehnologiýa pudaklarynda zenanlaryň diňe 17%-i işleýär. (çeşme: BMGÖM Türkmenistan)

Hünäriň jynsy ýokdur. Ony ylmy we tejribesi bolan islendik adam ýerine ýetirip bilýär. Mysal üçin, biz keselläp lukmana ýüz tutanymyzda, lukmany jynsy boýunça saýlamaýarys ahyry. Biz ony bilim-tejribesine, iş başarjaňlygyna görä saýlaýarys. Şonuň üçin, "aýallara bu kär, erkeklere ol kär gelişýär" diýlen düşünje nädogrudyr. Kim haýsy hünar bilen gyzyklanýan bolsa we haýsy hünäre ukyply bolsa şony saýlamaga hukugy bolmaly.

4. Gyzlar ylym we matematika ugurlaryny oglanlar ýaly gowy bilmeýärler.

Ýakynda çap edilen ylmy işlere görä, gyz bilen oglaryň arasynda matematiki başarnyk boýunça hiç hili biologiki we genetiki tapawut ýok. Bu diňe adamlaryň arasynda giňden ýaýran bir düşünje. Gynansakda, bu düşünje gyzlaryň matematika sapagyna bolan höwesine we mysal işlände özüne bolan ynamyna täsir edýär. Haçanda ähli adam saňa göwni ýetmezçilik edende, isleseň-islemeseň hem, ol öz-özüňe bolan ynamyň peselmegine itergi berýär. Şonuň üçin, biz beýle stereotipleri halk arasynda ýaýratmagy bes etmeli we olaryň nädogrydygyny wagz etmeli.

5. Saýlan hünäriň maşgalaň, dost-ýarlaryň we jemgyýet tarapyndan makullanmaly.

YTIM 4Köp aýal-gyzlar YTIM ugurlaryndan hünär edinmekden gaça durýarlar. Sebäbi köpçülik aýal-gyzlaryň mugallym, terbiýeçi, lukman ýa-da öý bikesi ýaly kärlerli edinmegini has köp goldaýar. Emma, aýal-gyzlar elmydama olardan garaşylýan zady etjek bolup janykmaly däl. Olar özi üçin gyzykly we peýdaly käri edinmeli. Eger-de biz hemişe köpçüligiň aýdany bilen ýaşasak, biz hiç haçan öz isleýän durmuşymyzy ýaşap bilmeris.

6. Aýallar YTIM ugrundan hünarmen bolmagy we çaga ýetişdirmegi bir wagtda alyp baryp bilmeýärler.

Biz aýal-gyzlary hünärmen bolmagyň ýa-da çaga seretmegiň arasyndan haýsy hem bolsa birini saýlamaga mejbur etmeli däl. Tersine, işleýän zenanlary goldap, olara iş bilen maşgala bir wagtda ýetişmek üçin ýardam bermeli. Türkmenistanda çaga dogran zenanlar işden azyndan 112 gün dynç alyp bilýärler. Emma, çagany ösdürip-ýetişdirmek diňe enäniň borjy bolmaly däl. Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 97-nji maddasy kakalara hem çaga seretmek üçin işden rugsada çykmaga hukuk berýär. Gynansakda, bizde kakalaryň diňe 15%-i çagalaryna irki ýaşda seretmek üçin rugsada çykýarlar. (çeşme: BMGÖM Türkmenistan) Muňa bolsa, giňden ýaýran "çaga seretmek aýallaryň borjy" diýen pikir sebäp bolýar.

YTIM 5

Gynansakda, dünýä boýunça ýokary okuw jaýynda YTIM ugurlary boýunça okaýan talyplaryň diňe 35 göterimi aýal-gyzlardan ybarat. (çeşme: www.unesco.org)

Bu meseläni çözmeklik her bir döwletiň esasy syýasatyna öwrülmeli. Sebäbi aýal-gyzlaryň ylym ulgamynda tutýan orny wajyp we olaryň ylma goşýan goşandy ummasyzdyr. Şeýle hem, dünýä boýunça ýurt baştutanlarynyň bilelikde döreden Durnukly Ösüş Maksatnamalaryna (DÖM) ýetmek üçin her bir döwlet aýal-gyzlara deň mümkinçilikler döretmeli, we olary YTIM ugurlarynda okap-işlemäge höweslendirmeli we goldamaly. Çünki ylym we tehnologiýa durnukly ykdysady ösüşiň girewidir.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Awtoryň pozisiýasy Saglyk redaksiýasynyň pozisiýasyny suratlandyrmaýar.

Awtor: Ogulgerek Pälwanowa