AÝRYLYŞAN KAKA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

ayrylsan kakaSalam Saglyk redaksiýasy,

Men Eziz, aýrylyşan hökmünde çagamy görmekde kynçylyk çekýän bir kaka. Türkmenistanda resmi aýrylyşanyňdan soň, sud köplenç ýagdaýda çagany ejesinde galdyrýar. Bu ýagdaý bilen ylalaşyp, aýry ýaşap başlanymdan soň gyzymy görmek maňa örän kyn düşdi. Çagamyň ejesi, maňa bolan öýke-kinesinden ugur alyp, maňa jeza hökmünde gyzymy görkezmezligi saýlap aldy. Üstesine, oňa "seniň kakaň ýok", "kakaň bizi taşlap gitdi" ýaly nädogry sözleri aýdyp, çaga manysyna düşünmejek gysga düşündirişleri bermegi netijesinde agyr ýagdaýlary başdan geçirdim. Bu meseläni çözmek üçin köp çemeleşmeli boldy. Bu barada size we okyjylaryňyza öz tejribämi, öwrenen usullarymy we pikirlerimi ýetiresim gelýär. Çünki, şeýle ýagdaýa düşen atalaryň jemgyýetimizde kändigini bilýärin.

Ene-atadan öňürti çaga...

Bir gün maşgala bölünmeli bolanda, ene-ata öz egosyny, ýigrenjini, dar pikirlerini bir tarapa goýup, "çaga üçin name etsek gowy bolar?" diýen soraga jogap gözlemeli. Bu gözleg öňden gelýän däp-dessurlar ýa-da ýaşulularyň düşünjeleri bilen gutarmaly däl. Häzirki wagtda, maglumatyň çäksiz we elýeter bolan döwründe aýrylyşan ene-atanyň çaga terbiýelemekde maglumat çeşmesi köne düşünjeler däl-de, ygtybarly ylmy maglumatlar we bilim işgärleriniň maslahatlary bolmaly.

6 ýaşa çenli çaganyň 70% harakteri doly oturýar. Çaganyň durmuşyndaky her bir hereket, waka, söz wajyp. Aýrylyşan ene-atanyň ölçemän edýän her bir hereketi çagada bejerip bolmajak ruhy ýaralar döredip bilýär.

Çaganyň ene-atanyň nädogry hereketleriniň pidasy bolmazlygy üçin:

↣ Ene-ata çaganyň ýanynda bir-birini ýamanlamaly däl. Gybatdan, töhmetlerden uzak bolmaly.

↣ Gelinler, çagalaryňyzy kakasy bilen wagtly-wagtynda görüşdirmek üçin kakasy siziň ganym duşmanyňyz hem bolsa ýa-da ýeriň ol ujunda hem bolsa onuň sorap-idemegine garaşman, özüňiz gözläp tapyň.

↣ Oglanlar, çagaňyzy görmek üçin eliňizdäki ähli mümkinçiligi ulanyň. Siz çagaňyzdan däl, gelniňizden aýryldyňyz. Siziň bilen görüşdirmek islemeseler hem, bir ýoluny tapyp hökman çagaňyz bilen wagt geçiriň.

Aýrylyşan ene-atalar çagalaryny nähili ýollar bilen görüp bilerler?

Türkmenistanyň Maşgala Kodeksiniň 79-njy maddasynda ene-ata we çaga gatnaşygy barada şeýle diýilýär: Çaganyň (şol sanda perzentlige alnanyň) ata-enesi (olaryň biri) we ýakyn garyndaşlary, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşynda ýaşaýanlar bilen hem, gatnaşyk saklamaga hukugy bardyr. Ata-enesiniň nikasyny bozmagy, onuň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi ýa-da ata-enesiniň aýry ýaşamagy çaganyň hukugyna täsir etmeýär.

Çaganyň bile galýan hossary siziň çagaňyz bilen gatnaşyk saklamagyňyza garşy bolsa, öz tejribämden aşakdaky ýollary barlap görmegiňizi maslahat berýärin:

Eger çaga bilen bir şäherde / etrapda ýaşaýan bolsaňyz:

♦ Şäher/etrap bilim bölüminiň mekdep ýaşyna ýetmedik çagalara jogapkär işgärine ýüz tutmaly. Degişli dokumentleri jemläp tabşyranyňdan soň, bir işgäriň gözegçiliginde hepdede bir ýa-da iki hepdede bir gezek görüşmäge rugsat berilýär.

Eger çagadan uzakda ýaşaýan bolsaňyz:

↪ Çaga bilen wideojaňlar arkaly görüşip bolar.

↪ Eger-de hossar görüşdirmäge garşy bolsa, ýakyn garyndaşlaryňa haýyş edip, çaganyň gatnaýan çagalar bagynda, mekdebinde, oýnaýan parkynda ýanyna baryp, wideojaň arkaly görüşmäge çalyşmaly.

↪ Ýokardakylaryň hijisi başa barmasa, öz ýakyn hossarlaryň birini şäher/etrap bilim bölümine iberip, kömek we maslahat soramaly. Wideojaň arkaly görüşmeleriň kabul edilmeýän bolmagy mümkin, emma tehnologiýanyň bu tilsimlerini işgäre düşündirip bilseňiz, siziň bilen ylalaşmagy ähtimal.

↪ Bu ýollaryň hijisi hem başa barmadyk bolsa, gynanmaň, siz ýeke däl. Özüňiz ýaly başgalaryň tejribelerinden peýdalanmaga çalyşyň. Elmydama täze ýollaryň gözleginde boluň.

Men çagam bilen gatnaşmak üçin näme etdim?

Meniň 5 ýylym sabyr bilen çagamyň ejesine "Çaga kakasy bilen gepleşmeli, görüşmeli, problema bar bolsa diňe ikimiziň aramyzda, çagany goşmaly däl" diýip düşündirmek bilen geçdi. Her gezek gepleşmek islemän, telefony ýapýar ýa-da kemsidiji sözler bilen ýüzümi alýardy. Ýöne, bu bökdençlikleriň gyzym bilen arama girmesine rugsat bermedim. Her pursatda düşündirdim. Ahyr bu gün "rugsat" çykdy. Indi aýda bir gezek wideojaň arkaly uzakdan hem bolsa gepleşmäge mümkinçilik döredi. Gyzym çagalar bagyna gatnaýar, özüm bolsa daşary ýurtda ýaşaýaryn. Ýakyn garyndaşlarymdan biri bellenen günlerde çagalar bagyna baryp gürleşdirýär.

Meniň çagam bilen gürleşjek bolup çemeleşmegimiň iň esasy sebäbi, onuň ýetişmegine maddy taýdan edýän goşandymdan başga, terbiýesine-de goşant goşmak isleýänligim. Men kakalaryň çagalaryna diňe pul we käýinç bermek däl, eýsem olaryň içki dünýäsine aralaşyp, ruhy sagdynlygyna, terbiýesine hem işjeň gatnaşmalydygyna ynanýaryn. Şeýlelik bilen, biz kakalar, öz maşgalamyzyň içinde özümizi ýeke duýmakdan hem halas edip bileris. Biz hem çagalarymyz bilen gülmeli, olar bilen gynanmaly, olar bilen oýnamaly, ýeri gelende olara duýgudaşlyk bildirip, çagalyk we ýetginjeklik döwürlerinde gabat gelýän kynçylyklardan üstünlikli geçmäge kömek etmeli.

Hormatlamak bilen,
Eziz

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.