SENIŇ ÝURDUŇ STATUSY NÄHILI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

USAID AIDS map2019-njy ýylyň iýun aýynyň soňunda Halkara AIDS Guramasy (UNAIDS) AIW (rusça – WIÇ) ýokuşan adamlaryň dünýä ýüzündäki erkin syýahaty barada hasabat çykardy. Birleşen Milletler Guramasy (UN) we UNAIDS 48 sany ýurdy we territoriýany AIW ýokuşan adamlara girizýän çäklendirmelerini aýyrmaga çagyrýar. Bu çäklendirmeleriň içine ýurda girmek, ýaşamak, okamak, we işlemek üçin mejbury AIW barlagyndan geçmek we statusyňy aýan etmek hem girýär.

Hasabaty rus dilinde okamak üçin: Пресс-релиз на русском.

"AIW bilen baglanyşykly syýahat çäklendirmeleri göçüp-gonýan adamlar bu keseli ýaýradýar diýen ýalňyş we howply düşünjäniň ýaýramagyna getirip, adamlary üzňelige we çydamsyzlyga iterýär", diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) AIW, Saglyk we Ösüş Toparynyň direktory Mandip Dhalival gürrüň berýär. "AIW we Kanun baradaky Bütindünýä Komissiýasynyň 2018-nji ýyldaky Goşundysy hem beýle tejribeleriň AIDS-e garşy göreşmekde netijesizdigini aýdyň subut edýär".

"Syýahat çäklendirmelerini öňe sürmek üçin AIW barlagyny talap edýän kanunlar ylmy subutnamalara daýanmaýar. Olar adam hukuklaryndan doly peýdalanmaga böwet bolýarlar we diskriminasiýa, biabraýçylyga ýol açýarlar", diýip, her adamyň iň ýokary derejeli saglyk standartlaryndan peýdalanmak hukugy boýunça dokladçy Dainius Puras belleýär. "Beýle kanun saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy kynlaşdyrýar we ilat saglygyna täsirsiz bolup galýar. Men mejbury AIW barlaglary talap edýän we AIW statusy bilen baglanyşykly syýahat çäklendirmelerini öňe sürýän döwletleri bu kemsidiji kanunlardan daşlaşmaga çagyrýaryn".

Täze çykan maglumatda şeýle faktlar berilýär:

↪ 203 sany ýurtda we territoriýada AIW ýokuşan adamlaryň ýaşamagy we syýahat etmegi üçin hiç hili çäklendirme ýok.

↪ 48 ýurtda we territoriýada AIW bilen baglanyşykly syýahat çäklendirmeleri bar. Bu ýurtlar talyp, işçi ýa-da beýleki görnüşli wizalary almak üçin AIW barlagyndan geçmegi ýa-da barlagyň netijelerini görkezmegi talap edip bilerler.

↪ Ýokardaky 48 ýurduň we territoriýanyň içinden 19-ynda AIW göteriji daşary ýurt raýatlary deport edilýär.

Täze hasabata görä, 2016-njy ýylda BMG-nyň agzasy bolan ýurtlaryň aglabasy AIW ýokuşan adamlaryň mertebesini goramak maksady bilen AIW bilen baglanyşykly syýahat çäklendirmelerini aýyrdy. Türkmenistan bolsa henizem aşaky çäklendirmeleri ýöredýän ýurtlaryň arasynda galýar:

1. Daşary ýurt raýatlaryna iş wizasyny almak üçin AIW barlagyndan geçmek talap edilýär.

2. Daşary ýurt raýatlaryna talyp wizasyny almak üçin AIW barlagyndan geçmek talap edilýär.

3. Daşary ýurt raýatlaryna ýurtda 90 günden az wagtlyk galmak üçin AIW barlagyndan geçmek ýa-da gerek bolsa barlagyň netijelerini görkezmek talap edilýär.

4. Daşary ýurt raýatlaryna ýurtda 90 günden köp wagtlyk galmak üçin AIW barlagyndan geçmek talap edilýär.

5. AIW göteriji daşary ýurt raýatlaryna ýurda girmek gadagan edilýär ýa-da 90 günden az wagtlyk galmak möhleti gysgaldylýar.

6. AIW göteriji daşary ýurt raýatlaryna hususy wizasy (ýurtda 90 günden köp wagtlyk galmak) berilmeýär.

7. AIW göteriji daşary ýurt raýatlary ýurtdan deport edilýär.

Türkmenistanyň ilatynyň AIW/AIDS baradaky statistikasy UNAIDS websaýtynda henizem näbelli bolup galýar.

Awtory: Bossan Annageldiýewa

Peýdaly çeşmeler:

Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokuşmasynyň) öňüni almak hakynda, Türkmenistanyň Kanuny;

Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugy: Wizalary almak. Gerekli resminamalaryň sanawy.