SEN ÇÖLLEŞME BARADA NÄME BILÝÄRSIŇ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

collesme

Çölleşme – bu ekine ýaramly ýeriň ekine ýaramsyz ýere öwrülmegidir. Çölleşme dörände ekin ekmek, mallary iýmitlendirmek, hasyl ýygnamak kynlaşýar. Çölleşmä adamlaryň ýeri üznüksiz we jogapkärçiliksiz ulanmagy sebäp bolýar. Haçanda aşakdaky ýagdaýlar ýüze çykanda ýeriň hasyllylygy peselýär:

↪ Ýeriň üstüniň köp bölegi ekinsiz, boş galanda.

↪ Gurakçylyk höküm sürende.

↪ Daýhanlar oba-hojalyk maksatlary üçin ýeri oýlanyşyksyz we üznüksiz ulansalar. Başga söz bilen aýtsak, toprak agrohimikatlar/pestisidler bilen zaýalansa ýa-da diňe ýekeje görnüşli ekin ekilse (meselem, pagta), ýa bolmasa topraga tebigy dökünler ýetmezçilik etse.

Öňünden hiç zady meýilleşdirmezden, meýdanlara yzygiderli iri şahly mallar sürülse. Netijede sygyrlar, goýunlar we geçiler ösümlikleri iýip, ýeri ýalaňaç goýýarlar.

↪ Gurak ýerlerde ekinler ýeterlik suwarylmasa.

↪ Tokaýlardaky agaçlar kesilip azaldylsa.

Biziň ýurdumyz we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary garaşsyz bolany bäri, bütin sebitde ekine ýaramsyz ýerler köpelip, hasyllar 30% pese düşdi. Türkmenistanyň territoriýasynyň 80% çöllük bolany üçin, çölleşme ekerançylyk we tebigy ýerleriň ikisine-de belli bir derejede howp salýar. Ýelleriň täsiri bilen, Garagum çölüniň gum depeleri bir ýylyň dowamynda 1 metrden 1.5 metre çenli giňeýärler. Süýşýän çäge bolsa, ekerançylyk meýdanlaryny we ýollary basyp alýar. Şu sebäpli ýerli ýaşaýjylar öýleriniň ýerleşýän ýerini üýtgetmäge mejbur bolýarlar. Çägäniň ekin zonalaryny basyp almazlygy üçin bolsa sazakdyr ojar ekilýär.

Çölleşmäniň döremesi aşakdaky basgançaklardan ybaratdyr:

1. Ýeri aşa köp ulanmak (ýa-da gurakçylyk) topragy guradýar.

2. Ýeller we siller topragyň gumuny dargadýarlar.

3. Ýer ekine ýaramsyz ýere öwrülýär we suwy gowy saklap bilmeýär.

4. Ekin meýdanlarynyň suw saklama güýji kem-kemden gowşaýar.

5. Adatça ýerdäki suwuň bugarmasy netijesinde döreýän ýagyş azalýar.

6. Ýer barha guraklaşýar we klimat üýtgeýär.

7. Ýeriň çölleşendigi sebäpli, sebitdäki beýleki ekine ýaramly ýerler has hem köp ulanylyp başlanýar.

Çölleşmäniň salýan howpy:

→ Iýmit ýetmezçiligi: ýerleriň ekine ýaramsyzlygy sebäpli çöllük ýerler köpelip, iýmit (gök-önümler, miweler, däneli ekinler) önümçiligi azalýar, suw çeşmeleri guraýar.

→ Arassa suwuň we gigiýenanyň ýetmezçiliginden, suw we iýmit sebäpli döreýän keseller artýar.

→ Dem alyş ýollarynyň keselleri köpelýär (howadaky tozan we howa hapalaýjy maddalar sebäpli).

→ Oba-hojalyk önümçiliginiň pese gaçmagy iýmit önümleriniň nyrhlaryna ýaramaz täsir edip, daýhanlaryň girdejisiniň azalmagyna we işsizligiň köpelmegine getirýär.

Bulardan başga-da, çölleşmäniň täsiri klimatyň üýtgemegi bilen beterleşýär. Soňky ýyllarda adam hereketleriniň netijesinde klimatyň üýtgemegi has hem çaltlaşdy (industrializasiýa, tokaýlaryň ýok edilmegi, ekerançylyk tejribeleriniň üýtgemegi we ş.m.). Adatdan daşary howa hadysalary (tornadolar, siller, gurakçylyklar) has hem güýçlendi we ýygylaşdy. Biziň ýaşaýşymyza zerur bolan ähli zat howp astynda galýar: howa, oba-hojalygy, biodürlülik, infrastruktura.

Merkezi Aziýanyň Sebitleýin Ekologiýa Merkeziniň geçiren "Syn: Çölleşme Meselesi Global we Regional Derejelerde" atly maglumatyna görä, biziň sebitimiz global maýylganlygyň howp salýan ýerleriniň ilkinji hatarynda durýar. Türkmenistanyň 80% çöldügi ýadyňdamy? Howanyň temperaturasy galýar, gurakçylyk has ýygylaşýar, klimat has guraklaşýar we ýerleriň hasyllylygy peselýär.

Sen näme edip bilersiň?

↺ Ýeri we suwy tygşytly ulanmak we global maýylganlyk barada öwren. Öwrenenleriňi durmuşa geçir.

↺ Ýaz aýlarynda gurakçylyga çydamly, kän suw talap etmeýän agaçlary ek: ýüpek gülli akasiýa, kawkaz karkasy, uly gülli magnoliýa, garagaç, türkmen alma agajy, türkmen ýemşeni, igde.

↺ Türkmenistanda süýji suwuň 80-90%-i oba-hojalygynda ekinleri suwarmak üçin ulanylýar. Bazarlardan gök-önüm alan wagtyň daýhanyň suwy nireden alýandygy bilen gyzyklan.

↺ Ýaramaz topragy gaýtadan işleýiş usullaryna maýa goýum goý.

Biz eýýäm çölleşmäniň täsirleri astynda ýaşaýarys. Emma, biz ýaşlar üçin, çölleşmäniň geljekki howplaryny we biziň her birimiziň näme çäre görüp biljekdigimizi öwrenmek möhümdir. Çünki, häzirki hereketlerimiziň netijelerini geljekde ene-atalarymyz däl-de, özümiz göreris. Geljegimiz diňe öz elimizde.

Awtor: Laçyn Meredowa

Surat: © UNDP Turkmenistan