GÖZE ILMEÝÄN RAK KESELLI ÇAGALAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

AcuteLL

Çaga ragy irki basgançaklarynda anyklanylsa we netijeli bejergi geçirilse, halas bolma ähtimallygy örän ýokarydyr. Meselem, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda rakly çagalaryň 5 ýylyň içinde halas bolma ähtimallygy 80 göterime deňdir.

"Dünýäniň köp böleginde halas bolma derejesi has pes" diýip, St. Jude Adyndaky Çagalaryň Ylmy-Barlag Hassahanasynda (St. Jude Children's Research Hospital ) pediatrik onkolog we The Lancet Oncology žurnalynda ýakynda çap edilen hasabatyň awtory Lisa Force gürrüň berýär. Bu hasabatda 2017-nji ýylda çaga ragy sebäpli ýitirilen sagdyn ýyllaryň sany hasaplanylýar. Bu haýran galdyryjy san 11 million ýyla deň bolup, rak ölümleri we halas bolnandan soňky gaýraüzülmeler sebäpli ýitirilen ýyllary öz içine alýar. Çünki ragyň bejergisini alyp dynan çagalarda nerw şikeslerine we hroniki kesellere uçramak ähtimallygy ýokary bolýar.

Her ýyl rak bilen keselleýän 400,000 sany çaganyň 140,000 sanysy ýogalýar.

"Garyp we orta girdejili ýurtlaryň köpüsinde heniz çaga ragyna nähili çemeleşilmelidigi hatda döwlet kanunlarynda hem agzalmaýar" diýip, Force sözüniň üstüni ýetirýär. Bilelikde şeýle kanuny döretmegi Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we St. Jude Adyndaky Çagalaryň Ylmy-Barlag Hassahanasy maksat edinýärler. Bu maksat BMG-nyň 2030-njy ýyla çenli çaga ragynyň esasy 6 görnüşinden halas bolma derejesini dünýä ýüzünde 60 göterime çykarmak baradaky jarnamasy esasynda düzüldi. "Häzirki wagtda pes we orta girdejili döwletlerde halas bolma ähtimallygy ortaça 37 göterim, hatda 20 göterime çenli pes bolmagy hem ahmal" diýip, St. Jude wekilleriniň biri belleýär.

Biz hasabat barada Lisa Force bilen söhbetdeşlik geçirdik. Söhbetdeşlik düşnükli bolar ýaly gysgaldylyp alyndy.

Käbir ýurtlaryň beýle maglumatlary ýygnamaýandygyna garamazdan, çaga ragy barada statistika toplamak size nädip başartdy?

Biz ilki dünýäniň dürli ýerlerindäki ulgamlara girizilen rak ölümleriniň sanlaryndan başladyk. Bularyň içine ölümden soňky dil üsti bilen berilýän hasabatlar we rak bilen kesellänleri hasaba alýan ulgamlaryň maglumatlary hem girýär. Statistikasy ýok ýurtlaryň sanlaryny çaklamak üçin olaryň goňşy ýurtlarynyň ýa-da töweregindäki sebitleriň maglumatlaryna salgylandyk.

Ölüme we beýleki kesellere ýitirilýän ýyllaryň sanyny azaltmak üçin tiz anyklaýyşyň möhümdigini gaýta-gaýta belleýärsiňiz. Bu barada giňişleýin aýdyp beräýseňiz.

Çaga raklary adatça örän çalt ösýärler. Köp halatlarda, çaga ragy tizden-tiz anyklanylmasa we bejerilmese, soňunyň ölüme ýazjakdygy bize mälim bolýar. Has köp çaganyň rakdan gutulmagyny gazanmak işjeň saglygy goraýyş ulgamlaryny talap edýär.

Pes we orta girdejili ýurtlarda irki anyklaýyş mümkinmi?

Bu örän kyn. Meselem, ýakynyňda saglyk öýüniň bolmazlygy keseliňi ir anyklamakdan saklap biler. Ýa-da saglyk öýi ýakyn bolsa-da, ene-ata çagany ol ýere eltende ragyň alamatlary başga kesellere meňzedip bilner: Bedendäki çiş inçekesele meňzedilip bilner, ýa-da ikisiniň hem alamatlarynyň meňzeşdigi sebäpli leýkemiýany malariýa (gyzzyrma) hasaplap bilerler.

Inçekesel, AIW we malariýa ýaly keseller ösüp barýan sebitlerde müňlerçe çagalaryň we ulularyň ölümine sebäp bolýarlar. Bu kesellere pul goýmak çaga ragyna goýmakdan has möhümmi?

Biziň çaga ragyny beýleki kesellerden has öňde goýmaýandygymyzy ýene bir gezek ýatladyp geçesim gelýär. Biz esasy ünsi kanun çykaryjylaryň çaga kesellerine degişli kanunlarda rakdan söz açmaýandyklaryna çekesimiz gelýär. Köplenç resmi maslahatlarda rak meselesi orta hem atylmaýar. Ýa-da döwletler milli rak kontroly maksatnamasyny düzenlerinde, planlaryň hijisine çaga ragyny goşmaýarlar. Şeýle ýagdaýlaň aglabasynda bolsa, bejeriş ýollarynyň güýçlenendigi sebäpli ýokuşýan keselleriň howpunyň azalýandygy, emma rak ýaly ýokuşmaýan keselleriň howpunyň gitdigiçe artýandygy hemmelere mälimdir.

Ýurt üçin çaga raklaryny azaltmakda ilkinji ädim näme bolup biler?

Ilkinji ädim ýurduň çaga raklary babatynda häzirki edýän işlerine we ýerli halkyň talaplaryna seretmekdir. Döwlet kanunlarynda çaga ragyna nähili çemeleşilýändigini we şol kanunlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini derňemek hem-de ýerli saglyk öýleri bilen gürleşmek hem örän wajypdyr.

Nähili programmalaryň kömegi deger?

◈  Işini dogry berjaý edýän maşgala lukmanlary

◈  Hünärmenleri ýokary derejeli, ýöriteleşdirilen bilim bilen üpjün etmek

◈  Ragy ir anyklamaga kömek edýän laboratoriýalar

◈  Netijeli bejeriş usullary – himioterapiýa, şöhleli bejeriş we operasiýa

Çaga ragyny bejermäge degişli başga maslahatlaryňyz barmy?

Men çaga onkologiýasy ugrundan tälim alan, köp ugurly hünärmenleri, klinikalary teklip edýän we bejergiden galýan zäherlenmeleri aýyrmaga hem-de terapiýany goýbolsun etmäge ýardam edýän ulgamlary gurnamagy maslahat berýärin.

Ene-atalar näme edip bilerler?

Men ene-atalaryň hemmelerde rak bardyr diýip pikir etmeklerini we gorkmaklaryny islemeýärin. Men diňe ragyň irki alamatlarynyň bolýandygyny we olara üns bermelidigini ýatladasym gelýär: Meselem, dowamly üşütme, horlanmak, gijelerine derlemek, ýadawlyk, aşa ganama, içde ýa-da daşda döreýän çiş. Şeýle-de, eger-de çagaňyzy lukmana görkezeniňizden soň hem lukman bilen ýa-da onuň maslahatlary bilen kanagatlanmasaňyz, çagaňyz üçin göreşmegi dowam ediň we başga hassahanalardan kömek gözläň.

Siziň hasabatyňyzdan we teswirleriňizden köp ýurtda rak keselli çagalar garaňkylykda saklanýarlar diýen many çykarýan.

Elbetde, dogry bellediňiz. Men şu hasabat çagalaryň dünýäniň ähli ýerinde (hatda käbir ýurtda ragy hasaba alýan ulgam ýok hem bolsa) rak keseli bilen keselleýändigini aýan eder diýip umyt edýärin. Ol çagalar örän ejiz we raga degişli kanunlarda hem atlary tutulmaýar. Bütindünýä jemgyýeti hökmünde, biziň saglygy goraýyş ulgamlarymyzda olara hem ýer bermegimiz möhümdir. Iň gynançly ýeri hem, ýokary girdejili döwletlerde aňsatlyk bilen bejerip bolýan raklardan köp garyp ýurtlarda müňlerçe çagalar heläk bolýarlar. Häzirki döwrüň iň gynançly hakykaty: rak bilen kesellän çaganyň diri galma ähtimallygy onuň nirede ýaşaýandygy bilen gös-göni baglanyşyklydyr.

Makalanyň asyl nusgasy.