BIZ “ÇAGAM DAÝAWJA BOLSUN” DIÝÝÄRIS. YLYM NÄME DIÝÝÄR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

dayawja cagaTürkmenistanyň ilatynyň ýarysy diýen ýaly semiz we her 7 adamdan 1 adam aşa semiz. Biz çagalarymyza nähili görelde görkezýäris?

Ýurdumyzda başlangyç mekdepdäki (6-8 ýaş) oglanlaryň we gyzlaryň her 10 sanysyndan 1 sanysy aşa semiz. Ähli çagalaryň 14% semiz, 3% aşa semiz. Goňşy ýurdumyz Gazagystanda çagalaryň 20% semiz, 5.5% aşa semiz. Täjigistanda semiz çagalar 8.5% we aşa semiz çagalar 1.5% barabar. Bu sanlar wagtyň geçmegi bilen ulalyp barýar. Ýyl geçdikçe has köp çaga semreýär.

Çagalarymyz näme üçin semräp barýar?

Aşgabatdaky okuwçy çagalaryň adaty gününi mysal alsak:

↪ Çagalar mekdebe esasan awtobus bilen ýa-da ene-atalarynyň maşynynda gatnaýarlar.

↪ Adaty mekdeplerde arakesmeler diňe 5 minut dowam edýär.

↪ Mekdepden soňra çagalar öýde ýa telewizoryň ýa-da elektron enjamyň öňünde oturýarlar.

Köp çaga öý işleriniň kändigi ýa-da ene-atalarynyň oýun meýdançalaryny halamaýandygy üçin daşary çykyp bilmeýär. Çagalaryň sporta gatnaýany welin örän az. Esasan hem gyzlar sporta däl-de, suratkeşlige, sazçylyga, dillere, ýa-da tikin-çatyna höweslendirilýärler.

Meniň üçünji synpda okaýan ýegenim gysgajyk arakesmeleriň dowamynda diňe binanyň içinde ýa-da synplaryna ýakyn koridorda oýnap ýetişýändiklerini aýdýar. Olar nakleýka, aşyk ýaly koridorda oýnap bolýan oýunlary oýnaýarlar. Käwagt ýegenim okuwdan soň mekdepde eglenip, ýoldaşlary bilen gizlenpeçek zat oýnaýar. Üstesine, mekdep eşiklerinde erkin hereket edip bolmaýar we olar çalt hapalanýarlar. Onuň üçin hem ýegenim ejesinden her gün diýen ýaly käýinç eşitmeli bolýar.

Türkmen ene-atalary hemişe çagalaryndan öňlerindäki nahary gutarmagy talap edýärler. Esasanam enelerimiz agtyklary näçe köp iýse şonça gowy görýärler. Tiz we elýeterli tagamlaryň köpelmegi bilen iýilýän iýmitiň möçberi hem köpeldi. Emma iýmitleriň ýokumlylygy gowulaşmady. Bu günki günde her ýerde çagalaryň öňünde onlarça ýokumsuz iýmit görnüşleri bar: fitçi, somsa, burger, pitsa.

Semizlik çaga näme edýär?

Bedendäki goşmaça agyrlyk çagalara oýnamagy, uklamagy kynlaşdyrýar. Semiz çagalar dem alyş we gan aýlanyş ýollarynyň, endokrin ulgamynyň, gandaky şekeriň kynçylyklaryndan we başga-da birnäçe kesellerden kösenýärler. Şeýle-de, az hereket etmek we agramyň uly bolmagy psihologik meseleleriň döremegine getirýär: özüňe ynamsyzlyk, aljyraňňylyk, garasöýmezlik.

Çagalary nädip semizlikden goramaly?

BSGG-nyň maslahatlaryna görä, 5-17 ýaş aralygyndaky çaga günde ýa-da günaşa azyndan 60 minut aralyk ýa-da ýokary depginde fiziki hereket etmeli. Meselem, ylgamak, bökjeklemek, aktiw oýunlary oýnamak, aerobika, gimnastika, futbol we ş.m.

Aktiw hereketliligiň peýdalary:

↪ Süňk myşsalarynyň dokumalaryny berkidýär;

↪ Ýürek-damar ulgamyny sagdynlaşdyrýar;

↪ Nerw-myşsalaryny işjeňleşdirýär;

↪ Bedeniň sagdyn agramyny saklaýar;

↪ Mekdebe ýetişigi ýokarlandyrýar.

Meniň hem ýakynda çagam boldy. Ol 6 aýlyk bolanda hepdede iki gezek sporta gatnap başladym. Munuň ýeterlik däldigini bilýärin, emma fiziki saglygyma wagt aýryp başlanyma begenýärin. Häzirki döwürde Aşgabatda ýaşlaryň arasynda gündelik ýa-da günaşa 1-2 sagady sport zalynda geçirmek moda öwrüldi. Eger-de biz, ene-atalar, çagalarymyzyň fiziki ösüşi barada alada etsek, olaryň saglygyna ullakan goşant goşup bileris.

Mekdepler hem öz gezeginde, arakesme wagtyny uzaltsalar, mekdeplerde ýokumsyz naharlaryň satylmagyny we iýilmegini çäklendirseler, oýun meýdançalaryny giňeltseler, bedenterbiýe we sport sapaklaryny köpeltseler, şeýle-de, mekdep eşiklerini çagalaryň erkin hereket edip bilmesini göz öňüne tutup bejerseler çagalarymyzyň saglygyna we gelejegine uly sowgat ederdiler.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Aýperi Soýmeniýewa