ÖÝDÄKI ZORLUKDAN GORANMA: GAZAK TEJRIBESI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)

zorlukdan goranma gazak tejribe"Öýdäki zorluk" düşünjesi Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakyndaky kanunyň 3-nji babynyň 22-nji maddasynda kesgitlenilýär. Şeýle-de bolsa, Türkmenistanda henize çenli öýdäki zorluk barada aýratyn kanun çykarylmady.

Biz bu meselede Gazagystanyň tejribesini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Gazagystan birnäçe düşünjeleri kanunlaşdyryp, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan uly öwgä mynasyp boldy.

Kanunlaşdyrylan düşünjeler

2009-njy ýylda Gazagystan öýdäki zorluga garşy kanun kabul etdi. Onda öýdäki zorluk "fiziki, psihologik, jynsy we / ýa-da ykdysady" zorlugy öz içine alýan "bilkastlaýyn bikanun hereket ýa-da hereketsizlik" hökmünde kesgitlenilýär. Bu kanun "ýanýoldaşlara, aýrylyşan jübütlere, bile ýaşaýan we ýaşan kişilere, ýakyn garyndaşlara we umumy çagalary bolan kişilere" degişli.

Bu kanun pida bilen zulum edijiniň aragatnaşygyny 30 güne çenli çäklendirýän, wagtlaýyn gorag buýrugyny öz içine alýar we pidalary gaçybatalga we beýleki hyzmatlar bilen üpjün edýär. Muňa garamazdan, Gazagystanda öýdäki zorluga garşy kanun hem, jenaýat kodeksi hem öýdäki zorlugy jenaýat hasaplamaýar.

Biabraýçylyk we maşgalanyň pidadan ýüz öwürmegi

Maşgalada aýal adamsyna tabyn bolmaly diýen düşünje sebäpli we abraýdan gaçmazlyk üçin pidalar öýdäki zorluk barada degişli gulluklara kömek üçin ýüzlenmeýärler. Zorlukly gatnaşyklary kesmäge synanyşan aýallar ýakynlarynyň yza dolanyp, zulum ediji bilen ylalaşmagy maslahat berýändiklerini aýdýarlar.

Gazagystanyň 16 sany NGO-ny (hökümete degişli bolmadyk guramalar) öz içine alýan Krizis Merkezler Bileleşiginiň hasabatyna görä: Gazagystanda ýylda ýüzlerçe aýal adamsy tarapyndan öldürilýär we her 8 maşgalanyň birinde zorluk bolup geçýär. Guramanyň ýolbaşçysy Zulfia Baisakowanyň aýtmagyna görä, gurama her ýyl öýdäki zorluk sebäpli 14,000 töweregi jaň gelýär we olaryň aglabasy aýallardan. 2017-nji ýylyň döwlet hasabatyna laýyklykda, 18-75 ýaş aralygyndaky aýallaryň 17% häzirki ýa-da öňki ýoldaşy tarapyndan fiziki ýa-da jynsy zorluga sezewar bolupdyr.

Polisiýa

Kanunda içeri işleriň roly jikme-jik kesgitlenýär. Olar gorag buýruklaryny çykarýarlar we administratiw tussag edýärler.

Human Rights Watch guramasynyň aýtmagyna görä, polisiýa aýallara gaçybatalganyň we gorag buýruklary ýaly hyzmatlaryň bardygyny hemişe aýtmaýar. Aýallar polisiýanyň köplenç şikaýat etmän, zulum ediji bilen ylalaşmagy maslahat berýändigini aýdýarlar.

Gorag buýrugy

Içeri Işler Ministrliginiň hatynda, 2019-njy ýylyň ilkinji dokuz aýynda polisiýanyň 58,011 sany gorag buýrugyny çykaryp, bu buýruklaryň talaplaryny bozanlaryň 3,084 sanysyny tussaglyga alandygy bellenilýär.

Gazak kanunyna laýyklykda, gorag buýrugyny polisiýa çykarýar we pidany zulum edijiden goramak üçin olaryň aragatnaşyk saklamagy 30 günläp gadagan edilýär. Emma Zenan hukuklarynyň aktiwistleriniň we aklawçylaryň aýtmagyna görä, Gazagystanly aýallaryň köpüsi bu kanundan habarsyz we ol polisiýanyň güýje girizmeýänligi sebäpli netije bermeýär.

Krizis merkezleri

Kanuna laýyklykda, zorlukdan gaçýan aýallar üçin hyzmatlar psihologik we kanuny maslahatlary hem-de 6 aýa çenli wagtlaýyn ýaşaýyş ýerini öz içine alýar. Kanun bu gulluklardan halas bolanyň gizlinligini saklamagy we howpsuzlygyny üpjün etmegi talap edýär.

Içeri Işler Ministrliginiň hatyna görä, häzirki wagtda Gazagystanda 40 sany krizis merkezi işleýär. Emma Gazagystanyň ilatynyň 18 milliondygyny göz öňünde tutsak, bu san öýdäki zorlugyň pidalary üçin gaçybatalgalaryň maslahat berilýän sanyndan (100,000 adama 1 gaçbatalga ýeri) azdyr. Onlarça NGO-lar hem hyzmatlaryny höderleýärler, emma olar hökümet gulluklarynyň we krizis merkezleriniň ýerini tutup biljek dowamly çözgüt däldir. Mundan başga-da, NGO krizis merkezleri pul serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli, hyzmatlary dowamly üpjün etmekde we gaçybatalga bermekde kynçylyk çekýändiklerini aýdýarlar.

Human Rights Watch guramasy Gazagystanda öýdäki zorlugyň entägem köp ýagdaýlarda "maşgala meselesi" saýylyp, polisiýa habar berilmeýändigini aýdýar. Zenan hukuklarynyň aktiwistleri, aklawçylary, gulluklar we pidalaryň özleriniň aýtmagyna görä, jemgyýetçilik böwetleri sebäpli aýallar duçar bolýan zorluklary barada maşgala agzalaryndan başga adamlara aýtmaýarlar we meseläni öýden çykarmaýarlar. Maşgala "abatlygyny" öňe sürýän döwlet syýasatlary bolsa, aýallaryň zorlukdan saplanmagyna goşmaça böwet bolýar.

Şeýle hem, krizis merkezleriniň işgärleriniň aýallary ýanýoldaşlaryny öjükdirmekde günäkärleýändikleri we olary ylalaşyp, maşgala abatlygyny saklamaga mejbur edýändikleri barada aýdylýar.