HAÝYR-SAHAWAT ETMEK KISÄŇE DÄL, NIÝETIŇE BAGLY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

charity day5-nji sentýabr Bütindünýä Haýyr-sahawat Günüdir. Bu sene BMG-nyň Baş Assembleýasynyň rezolýusiýa gol çekmegi netijesinde, 2013-nji ýyldan bäri bellenip gelinýär. Haýyr-sahawat güni dünýä belli ynsanperwer zenan Tereza Enäni hatyralap, onuň ýogalan gününe gabat getirildi.

Bütindünýä Haýyr-sahawat Gününiň esasy maksady dünýäde haýyr-sahawat işine üns çekmekdir. Şol sanda, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik we meýletinçilik bilen meşgullanýan şahslara we guramalara ýerli, milli, sebitleýin we halkara derejede iş ýöretmek üçin umumy platformany we gymmatlyklary döretmekdir.

Bu gün mysabetli, biz hem ýurdumyzda haýyr-sahawat işine bolan garaýyş we onuň tutýan ornundan söz açmagy makul bildik.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde "haýyr-sahawat" sözüniň manysy haýyr hem ýagşylyk, kömek, ýardam, haýyr-yhsan diýip berilýär. Il arasynda bolsa, bu esasan sadaka, hudaýýoly manylary bilen belli.

Haýyr-sahawat Kömegi Fondunyň (CAF) 2019-nji ýylky hasabatyna görä, Türkmenistanda haýyr-sahawat işlerine ilatyň 40% gatnaşýar we dünýä boýunça 43-nji ýerde durýar. CAF eýýäm 10 ýyl bäri ýurtlaryň ilatynyň (140-dan gowrak ýurduň) haýyr-sahawat işlerine gatnaşygynyň hasabatyny alyp barýar. Bu hasabat üç kriteriýa ortaça baha bermek esasynda ýöredilýär:

1. meýletinçilik işleri bilen meşgullanmak;

2. kesekä ýardam etmek;

3. haýyr-sahawata pul bermek.

Bu hasabata içgin seretsek, Türkmenistan birinji kriteriý boýunça 35% bilen dünýäde 18-nji ýerde; kesekä ýardam etmekde – 88-nji ýerde (48%), haýyr-sahawata pul bermekde bolsa – 40-njy ýerde (37%) durýar. Bu görkezijileri sebitdäki goňşy ýurtlar bilen deňeşdirip göreliň:

↪ Täjigistan – 36-njy ýer (42%);

↪ Özbegistan – 53-nji ýer (36%);

↪ Gyrgyzystan – 55-nji ýer (36%);

↪ Gazagystan – 96-njy ýer (28%).

CAF hasabatyna görä, Türkmenistanyň ilaty haýyr-sahawat işlerine işjeň gatnaşýar. Esasan hem meýletinçilik işleri bilen köp meşgullanýar. Munuň esasy sebäbi "döwlet derejesinde geçirilýän hökmany ýowarlar" diýlip bellenilýär.

Şeýle hem, CAF barlaglary adamlardaky hemaýat etmek isleginiň maddy baýlyk bilen däl-de, özüňi bagtly duýmak bilen has ýakyn baglanyşyklydygyny ýüze çykardy.

Gadyrly okyjylar, size görä bu sanlar hakykata ýakynmy? Siz hem haýyr-sahawat işlerine gatnaşýarsyňyzmy? Nirede we nädip gatnaşýarsyňyz?