TÜRKMENISTANDA ÝENE GAZ SYZÝARMYŞ, DOGRUMYKA?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

gaz syzmasy

2019-njy ýylyň ýanwarynda Kler emeli hemrasy arkaly Türkmenistanyň günbatarynda zyýanly metan gaz syzmasy anyklanýar. Bu barada ýurda habar berilýär we gaz syzmasy birnäçe aýdan soňra durýar. Saglygyň ýazan düşündirişini şu ýerde okap bolýar "Tebigy gaz we adam saglygy".

Emma, 2020-nji ýylyň sentýabrynda Beýik Britaniýanyň BBC telekompaniýasy we oktýabrynda Reuters mediýa kompaniýasy Türkmenistandaky täze gaz syzmasy barada makala çap etdiler. Makalalaryň ikisinde hem sentýabrda uçurylan täze Iris emeli hemrasynyň Türkmenistanda düşüren gaz syzma ýagdaýynyň suratlary görkezilýär. Emma welin, BBC hem, Reuters hem suratlaryň geografik ýeriniň uzynlyk we giňişlik koordinatlaryny belli etmeýärler. Şonuň üçin hem, Türkmenistanda ol suratlar islendik wagtda düşürilen bolup biler. Biz bu suratlaryň hakykatdan hem 2020-nji ýylda Iris emeli hemrasy tarapyndan düşürilendigini tassyklaýan subutnama tapyp bilmedik.

2018-19-njy ýyllarda düşürilen gaz syzmalarynyň suratlary aşakdakdakylardyr we ynamdar çeşmeleriň suratlary hem şeýle bolmaly – geografik koordinatlar we alnan seneler görkezilmeli.

Munuň bilen hem çäklenmän, Saglyk topary habaryň ygtybarlylygyny tassyklamak üçin BBC makalasynyň awtoryna hat ýazdy. Emma hatymyz häzire çenli jogapsyz galýar.

Gelen netijämiz: Täze Iris emeli hemrasynyň hakykatdan hem sentýabryň başynda uçurylandygyny ygtybarly çeşmeler tassyklaýarlar. Emma, makalalardaky suratlaryň ygtybarlylygyny barlamak üçin Iris emeli hemrasyny dolandyrýan kompaniýanyň özi suratlary ilata elýeter etmeli. Okyjylar hökmünde, biz hemişe kabul edýän maglumatlarymyzyň çeşmeleriniň ygtybarlylygyny barlamaga borçludyrys.