BILIM ALMAKDA PANDEMIÝA PÄSGEL BERÝÄMI? BIZ KÖMEK EDIP BILERIS

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

okajak.com intro

Okajak.com saýtyndan maslahatlar

Pandemiýa, karantin, we beýleki çäklendirmeler sebäpli, 2020-nji ýyl köp adam üçin, şol sanda ýokary okuw jaýlarynda okajaklar we okaýanlar üçin hem kyn we düşnüksiz ýyl boldy. Olaryň käbirleri okuwa giriş synaglaryny daşary ýurtda tabşyrmana gidip, yzyna gaýdyp bilmediler; Käbirleri okuwy gutaryp, okan ýerinde galmaly boldular; Ýene käbirleri hem, daşary ýurda okuwa kabul edilip, ýöne gidip bilmediler. Hatda, okuwa giriş synaglaryna gidip bilmedikler hem bar. Garaz, 2020 köpümiz üçin emosional taýdan hem, strese we depressiýa gurşaldy. Emma, Eýnşteýniň aýdyşy ýaly: "Durmuş bir tigir sürmek ýalydyr – deňagramlylygyňy saklamak üçin hereket etmeli".

Geliň, päsgelçiliklere bizi yza tesdirmäge ýol bermän, öňe tarap hereket etmegimizi dowam edeliň! Sebäbi bu ýyl mümkinçiliklerden doly:

1. Taýýarlan! Indiki ýyl okuwa girmek üçin, bu wagty gözleg we taýýarlyk üçin ulanyp bilersiňiz. Okuwa giriş prosesi gaty köp wagt talap edýär we karantindäki wagt diňe taýýarlyk üçin ulanylyp bilner:

↪ Öz islegiňize laýyk programmasy bolan, has gowusy, talyp hakyny hödürleýän okuw jaýyny tapmaly;

↪ Arza tabşyryş prosesini öwrenmeli;

↪ Resminamalary, hödürleýiş we höweslendiriş hatlaryny taýýarlamaly;

↪ Talap edilýän synaglardan geçmäge taýyn bolmaly. Mysal üçin, TOEFL ýa-da IELTS ýaly dil synaglary we söhbetdeşlik arkaly alynýan synaglar.

Bu prosesler ýurda ýa okuw jaýyna görä üýtgäp biler. Şonuň üçin, irgözinden karar bermek we taýyn bolmak has gowudyr.

2. Onlaýn okuw. Pandemiýa sebäpli, dünýäde köp sanly ýokary okuw jaýlary onlaýn kurslary açdylar. Olaryň içinde hem mugt, hem tölegli kurslar bar, we okuwyň ahyrynda şahadatnama berilýär. Coursera ýa-da EdX-de bu kurslaryň köpüsini tapyp bilersiňiz. Şeýle-de, wagtal-wagtal biziň sahypamyzyň "Makalalar" bölüminde gyzykly kurslar barada maglumatlary öwrenip bilersiňiz.

3. Täze başarnyklary öwren. Täze başarnyklar diňe şahsy ösüş üçin däl-de, eýsem bu çalt üýtgeýän dünýäde-de örän zerurdyr. Adatça, boş wagtymyz bar bolsa, näme üçin peýdaly ukyplary öwrenmeli ýa özleşdirmeli däl? Mysal üçin, Yale uniwersitetinden gepleşikler geçirmek boýunça kurs ýa-da King’s College-iň sanly-tehnologiýa ukyplaryny öwredýän kursy?

4. Täze dil öwren. Täze dil sizi gyzyklandyrýan diliň diňe bir medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik däl-de, eýsem okuwda we işde hem kömek edip biljek ajaýyp ussatlykdyr. Adamyň üç ýa-da dört daşary ýurt dilini gowy bilýändigini öwrenmek, hakykatdanam geň galdyrýar. Umuman, bu mümkindir. Mysal üçin, dünýäniň ýokary okuw jaýlarynda iňlis dili kurslaryny okap bilersiňiz, ýa-da nemes dilini öwrenmek üçin onlaýn platformany ulanyp bilersiňiz.

5. Onlaýn konferensiýa ýa-da başga bir gyzykly çärä gatnaş. Mysal üçin, Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetindäki rus dili boýunça olimpiada. Konferensiýalara giriş adatça ýapyk bolýar. Emma, pandemiýa sebäpli olaryň köpüsi onlaýn formatda geçirilýär. Elbetde, onlaýn format oflaýn bilen deň bolmaýar, ýöne onlaýn çäreleriň esasy artykmaçlygy olaryň has elýeterli bolmagydyr. Möhüm çärelere gatnaşyp, adamlar bilen tanyşyp, öýüňizde oturan ýeriňizden rahat bilim we maglumat alyp bilersiňiz. Bu mümkinçilikleri web sahypamyzda "Dürli mümkinçilikler" bölüminde tapyp bilersiňiz.

Biz siziň taýýarlanmaga ýeterlik wagtyňyz bolar ýaly, Okajak.com sahypamyzda öňünden maglumat paýlaşmaga çalyşýarys. Şonuň üçin, täze mümkinçiliklerimizi üns bilen okaň we olary elden gidermäň. Instagram, Facebook ýa-da Vkontakte sosial ulgamlarynda hem bizi yzarlap bilersiňiz.