SENIŇ ULANÝAN HARYTLARYŇY ENDOKRINOLOGLAR ULANARDYMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.57 (7 Ses)

endokrinolog ulanardymyEndokrinolog, endokrin ulgamynyň kesellerini anyklamak, bejermek we öňüni almak bilen meşgullanýan lukman bolup, onuň edýän işi gönüden-göni bedeniň gormonal kadalaşmasy we onuň funksiýasynyň bozulmagy bilen baglanyşyklydyr.

Daşky gurşaw saglygy maglumatlar sahypasy, satylýan haýsy önümleriň saglyga zyýanlydygyny anyklamak maksady bilen, 22 sany endokrinolog bilen soraşma geçirýär. Endokrinologlaryň beren jogaplarynyň doly beýany:

Siz organiki (pestisidsiz) gök önümleri satyn alardyňyzmy?

↪ 63.6% ýagny 22-den 14-si "almagym örän ahmal";

↪ 18.2% ýagny 22-den 4-si "almagym ahmal";

↪ 13.6% ýagny 22-den 3-si "bitarap";

↪ 4.5% ýagny 22-den 1-i "almazlygym örän ahmal".

Endokrinologlaryň goşmaça teswirleri:

▷ "Adaty almalaryň hiç hili almanyň bolmadygyndan gowudygyna ynanýarys, ýöne mümkinçiligimiz bolsa organikilerini saýlaýarys".

▷ "Daşy (gabygy) bilen iýilýän önümleriň organikilerini alýaryn. Daşy aýrylyp iýilýän banan ýaly önümleri, köplenç alada etmeýärin".

▷ "Organiki önümler meniň ýaşaýan ýerimde örän gymmat, şonuň üçin hem, mümkin boldugyça gök-önümleri dükanlardan däl-de, göni organiki önümleri satýan daýhanlardan alýarys".

Soragnama gatnaşan endokrinologlaryň ählisi diýen ýaly organiki önümleriň satyn alynmagy, olaryň elýeterliligine bagly diýýärler. Olaryň käbirleri bolsa "hapa onkilige" girýän önümlerden daşrak durmalygyny aýdýarlar.

Siz kranyň suwuny filtrläp içerdiňizmi?

↪ 68.2% ýagny 22-den 15-si "filtrlemegim örän ahmal";

↪ 4.5% ýagny 22-den 1-i "filtrlemegim ahmal";

↪ 4.5% ýagny 22-den 1-i "bitarap";

↪ 4.5% ýagny 22-den 1-i "filtrlemezligim ahmal";

↪ 18.2% ýagny 22-den 4-si "filtrlemezligim örän ahmal".

Goşmaça teswirleri:

▷ "Birnäçe zyýanly we hapalaýjy maddalar suw arassalaýjy desgalarda doly filtrlenmeýär. Desgalardan arassalanyp çykanyndan soň hem, suwa birnäçe zyýanly we hapalaýjy maddalar düşüp bilýär".

▷ "Kran suwuny içmezlik üçin, ýerli suw çeşmelerinden 5 gallon (19 litr) suw alýaryn".

▷ "Iň azyndan, köplenç sowadyjynyň filtrleýän suwuny ulanýaryn. Onuň bolmadyk ýagdaýynda, suwy rakowinada filtrlemäge çalyşýaryn".

 Siz iýmitleriňizi mikrotolkunly (mikrowolnowaýa) peçde plastik gapda gyzdyrardyňyzmy?

↪ 4.5% ýagny 22-den 1-i "gyzdyrmagym örän ahmal";

↪ 4.5% ýagny 22-den 1-i "bitarap";

↪ 13.6% ýagny 22-den 3-si "gyzdyrmazlygym ahmal";

↪ 77.3% ýagny 22-den 17-si "gyzdyrmazlygym örän ahmal".

Goşmaça teswirleri:

▷ "Hiç haçan gyzdyrmazdym. Gaplanan iýmitleri hem mikrotolkunly peçde gyzdyrmaýaryn. Ilki aýna ýada keramika gaba geçirip, ondan soň gyzdyrýaryn".

▷ "Adamlaryň heniz hem şeýle görnüşde gyzdyrýandyklary meni geň galdyrýar. Men şu güne çenli iýmiti plastik gapda gyzdyrmagyň howpsuzdygyna ynandyryjy maglumat tapmadym".

Siz galak-gaçaklaryňyzy plastik gaplarda saklardyňyzmy?

↪ 9.5% ýagny 22-den 2-si "saklamagym örän ahmal";

↪ 19% ýagny 22-den 4-si "saklamagym ahmal";

↪ 33.3% ýagny 22-den 8-si "bitarap";

↪ 28.6% ýagny 22-den 6-sy "saklamazlygym ahmal";

↪ 9.5% ýagny 22-den 2-si "saklamazlygym örän ahmal".

Goşmaça teswirleri: "Sowuk/gury ýerlerde zatlarymy saklamak üçin, hakykatdanam plastik gaplary ulanýaryn. Plastik satyn alanymda, onuň gaýtadan işlenilenini saýlaýaryn. Täze plastik satyn almazlyga çemeleşýärin".

Soralanlaryň hemmesi diýen ýaly iýmitlerini keramik ýada aýna gap-gaçlarda gyzdyrýandyklaryny we saklaýandyklaryny aýtdylar. Plastigi örän seýrek ýagdaýlarda ulanýan ekenler – mysal üçin, soralanlaryň biri, plastik gaplary diňe suw howdanlaryna gidenlerinde ir-iýmişleri salyp äkitmek üçin ulanýandygyny aýtdy.

Soralanlaryň ählisi plastigi gyzdyrmajakdyklaryny bellediler, ýöne sowadyjyda plastigi köp ulanýan ekenler – sowadylan plastikden himiki maddalaryň iýmite geçmek ähtimallygy pes.

Siz "ýaşyl" (ekologiki) arassalaýjy serişdeleri alardyňyzmy?

↪ 13.6% ýagny 22-den 3-si "almagym örän ahmal";

↪ 18.2% ýagny 22-den 4-si "almagym ahmal";

↪ 36.4% ýagny 22-den 8-si "bitarap";

↪ 9.1% ýagny 22-den 2-si "almazlygym ahmal";

↪ 22.7% ýagny 22-den 5-si "almazlygym örän ahmal".

Goşmaça teswirleri:

▷ "Öý hojalygymyzda spreý arassalaýyş serişdeleri gündelik ulanylýar. Ýöne biz, mümkin boldugyndan, olary az ulanmaga çalyşýarys we satyn alanymyzda hem, uly gapda köp mukdarda alyp, köne spreý gutularyny doldurmaga çalyşýarys".

▷ "Men "Seventh Generation" markasyna ynanýaryn we öýde arassaçylyk işleri üçin uksus, çaý soda ulanýaryn. Bir gezeklik däl-de, köp gezeklik mata süpürgiçlerini ulanýaryn".

▷ "Meniň önüp ösen öýümde, ejem ak uksus bilen arassaçylyk işlerini edýärdi. Indi men hem şony dowam edýärin".

Soralanlaryň köpüsi öýlerinde arassalaýjy serişde hökmünde uksus ulanýandyklaryny aýtdylar. Uksus "ýaşyl" (ekologiki) bolmasa-da, onuň düzüminde hiç-hili yslandyryjylar (aromatizatorlar) bolmaýar.

Eger "ýaşyl" serişdeleriň ýerini tutujylar gowy netije bermeýän bolsalar, iň bolmanda hoşboý yssyz, adaty önümleri saýlaň.

Siz yslandyryjysyz serişdeleri alardyňyzmy?

↪ 68.2% ýagny 22-den 15-si "almagym örän ahmal";

↪ 18.2% ýagny 22-den 4-si "almagym ahmal";

↪ 13.6% ýagny 22-den 3-si "bitarap".

Goşmaça teswirleri: "Biz hemişe hoşboý ysy bolmadyk harytlary alýarys. Biziň maşgala agzalarymyzyň ählisiniň duýgur derileri bar, ýöne biz hoşboý ys beriji goşmaça himiki maddalary azaltmagy dogry hasaplaýarys. Eger ysly haryt almaly bolsak, onda efir ýaglylaryny (zyýansyz) saýlaýarys".

Soralanlaryň köpüsi hoşboý yssyz önümleri almagy makullaýarlar. Olar köplenç yssyz önümleri almaklarynyň sebäbini duýgur derileri bilen baglanyşdyrýarlar we ftalatlardan daşrak durýandyklaryny belleýärler.

Hoşboý ys beriji himikatlar esasan aşakdaky harytlarda duş gelýär:

▷ arassalaýjy we ýuwujy serişdelerde;

▷ şemlerde we otag spreýlerinde (oswežitel);

▷ sabynlarda;

▷ el antiseptiklerinde;

▷ şampunlarda we saç üçin ulanylýan serişdelerde;

▷ losýonlarda.

Eger ulanýan bolsaňyz, siz kosmetik serişdeleriniň tebigylaryny (parabensiz) alardyňyzmy?

↪ 33.3% ýagny 22-den 8-si "almagym örän ahmal";

↪ 44.4% ýagny 22-den 10-sy "almagym ahmal";

↪ 11.1% ýagny 22-den 2-si "bitarap";

↪ 11.1% ýagny 22-den 2-si "almazlygym ahmal".

Goşmaça teswirleri:

▷ "Men tebigy serişdeleri ulanmagyň tarapdary. Ýöne käwagt günden goraýan krem (tebigy bolmadyk) ulanýaryn, sebäbi meniň ýaşaýan ýerimde tebigy kosmetikalar beýle bir meşhur däl, esasanam tomusda".

▷ "Men kosmetika ulanmaýaryn".

▷ "Hemişe däl, sebäbi men kän bir kosmetika ulanmaýaryn, ýöne parabensiz harytlaryň ýaramlylyk möhleti parabenli harytlara garanyňda has az bolýar".

Soralanlaryň tebigy kosmetikalary alyp bilmeýändikleriniň esasy sebäbi, olaryň adaty kosmetikalardan has gymmat bolmagy ekeni.

Makalanyň awtory: Batyr Bäşimow