ÝEKE BOLMAK AÝYP DÄL

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

yeke bolmak– Haçan toý edýäň?

Başy boş gezme-de, toý etd-ä tiz!

Hany halaşýanyň ýokmy?

Wah, pylany garry gyz bolup galaýdy.

Ýaşyň artdygyça beýle soraglaryň berilmesi ýygylaşýar. Bu soraglar gelip çykyşy boýunça dine we köne däp-dessurlara esaslanyp, jemgyýetimizde adaty sorag bolup galypdyr. Ýöne bu soraglaryň adamy utandyryp biljekdigini, emosional taýdan basyş ýa-da negatiw täsir edýändigini hiç kim aňşyrmaýana meňzeýär. Meniň pikirimçe, şeýle soraglar ýeke, taýsyz adamlary ýoldaş tapmaga ukypsyz ýaly görkezip, olaryň özüne ynamlylygyny peseldýär. Ýeke bolmak göýä aýyp zat ýaly görülýär. Hamala doly adam mertebesini, jemgyýetde belent statusy diňe durmuşa çykyp, öýlenip gazanyp bolýan ýaly.

Soňky ýyllarda ýekelik bir ýurda ýa-da sebite mahsus bolan fenomen bolman, eýsem ol global hadysa öwrüldi. Mysal üçin, BMG-nyň Ilat gaznasynyň taýýarlan hasabatyna görä, Kazagystanda 2013-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli nikalaşýanlaryň sany 18% azalyp, 2000-2018-nji ýyllarda aýrylyşýanlaryň sany ortaça iki esse köpelipdir (50% golaý). Şeýle hem, toý etmedikler öýlenmegi we durmuşa çykmagy yza çekýärler. Ýurdumyzda bulara degişli hasabat ýöredilmese-de, goňşularyňyzyň, garyndaşlaryňyzyň we ýakynlaryňyzyň arasynda aýrylyşýanlaryň sanynyň 20% we ýaşlaryň toý etmegi yza çekýänleriniň sanynyň soňky onýyllykda iň az 25% köpelendigine üns berip bilersiňiz.

Näme üçin?

Jemgyýetimizdäki aýrylyşýanlaryň sanynyň artmagynyň esasy sebäpleriniň biri hem ýaş gyzlaryň ene-atalarynyň göwnünden turmak üçin ir durmuşa çykýanlygydyr. Olar fiziki taýdan "ýetişen" bolsalaram, emosional taýdan maşgala gurmaga taýýar bolmaýarlar. Bu bolsa, uzak gelejekde çatynjalaryň düşünişmezligine, aýrylyşmagyna ýa-da durmuş tejribesiniň azlygy zerarly dowamly kynçylyklara duçar bolmagyna eltýär.

Näme etmeli?

Eger-de sen ýekeligiň üçin basyş we utanç duýýan bolsaň, munuň oňyn taraplaryna seretjek bol. Aslynda ýeke bolmagyň pozitiw taraplary hem az däl. Ine, ýekeligiň ylma esaslanýan 5 sany pozitiw aýratynlygy:

1. Pikirlenmäge we özüňi tanamaga wagt bolýar. "Ýar tapmankaň özüňi tap" diýlişi ýaly, ýekelik özüň üçin wagt aýyrmak, näme isleýäniňi bilmek we özüňi tanamak üçin pursatdyr. Eger-de sen geçmişde aýrylyşan ýa-da halaşýanyň bilen gatnaşygyňy kesen bolsaň, täze bir gatnaşyk açmaga howlukman, öňki edilen ýalňyşlyklar we nähili adamyň özüňe mynasypdygy barada oýlanmak üçin ýeke wagtyňda mümkinçilikler bar. Bu wagty täze ýerlere gidip görmäge, täze mümkinçiliklerden peýdalanmaga sarp edip bilýäň.

2. Has sagdyn bolýarsyň. Marriage and Family žurnalynda çap edilen barlaga görä, ýeke adamlar nikalaşanlara garanyňda has aktiw bolýarlar we sport bilen meşgullanýarlar. Şeýle hem, psihologyň belleýşi ýaly, ýeke adamlar we aýrylyşanlar toý edenlere seredeniňde has sagdyn bolýarlar we az keselleýärler.

3. Sosial aragatnaşyklar artýar. Ýeke adamlar dostlary, garyndaşlary we maşgalalary bilen ýakyn gatnaşyklar saklaýarlar we dostlukly gatnaşyklarynyň çägini giňeltmek üçin has köp tagalla edýärler.

4. Stres az bolýar. Ýeke bolmak stresli bolup görünse-de, gatnaşykdaky we nikaly adamlaryň stresi has köpdür. Ýagny, ýeke adamlar toý edenler bilen deňeşdirilende öý işlerini az edýärler, esasanam gyzlar. Biziň jemgyýetimizde maşgala durmuşynda aýallar erkeklere garaňda birnäçe esse kän öý işleri edýärler. Mundan başga-da, ýeke adamlaryň maddy meseleleri az bolýar. Çünki maşgalaly adamlarda çykdajy köp bolup, bu olaryň bergä ýa strese girmegine ýa-da dawa-jenjeliň artmagyna getirip biler.

5. Özüňden kanagatly bolýarsyň. Ýeke bolmak "ýalňyzlyk" däldir. Toý eden adamlar özlerini ýanýoldaşlaryna belli bir möçberde ýa-da doly bagly duýansoňlar – ýoldaşlarynyň igenjini, gaharjaňlyk we çäklendirmeler ýaly negatiw emosiýalary köp başdan geçirýärler. Psiholog Dr.Robert Puff-yň ýazmagyna görä, "Bagtly bolmak özümize baglydyr". Ýeke adamlar diňe özlerine bil baglaýanlygy üçin, özleri bilen kanagatlanmagy has köp endik edýärler. Bu olary negatiw emosiýalardan daşlaşdyryp, özlerini bagtly duýmaga eltýär.

Elbetde, döwrebap dünýäde ýekeligi saýlaýanlaryň ýazgarylmagy azalýar, emma ol dolulygyna aýrylmady, esasanam Aziýa ýurtlarynyň medeniýetinde. Bagtly bolmak üçin maşgalaly bolmagyň hökmany däldigine her birimiziň düşünmegimiz, "ýekelik – aýyp" stereotipini aýyrmaga ýardam edip biler. Edil öýlenmegiň ýa-da durmuşa çykmagyň bir karar bolşy ýaly, ýeke bolmak hem bir karardyr. Birek-biregiň saýlan kararyna hormat goýalyň!

Makalada beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Awtor: Päkize Ýomudowa