SEN DOGLAN GÜNÜŇDE NÄHILI SOWGAT ISLEÝÄRSIŇ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (4 Ses)

eco friendly giftDoglan gün biziň her birimiziň hökmany belleýän baýramymyzdyr. Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň hem, maddy ýagdaýlaryna görä, doglan gün belleýişleri dürli-dürli bolýar. Mysal üçin, ýubileý senesini belleýän käbir adamlar dost-ýarlary we dogan-garyndaşlary bilen restoranlara ýa-da kafelere gidýärler, emma ilatyň esasy bölegi ýaş toýlaryny öz öýlerinde kiçiräk edip belleýärler. Işleýän adamlaryň arasynda, iş ýerlerinde işdeşleri bilen tort bilen çaý içmek hem giňden ýaýran. Doglan günleriň bellenilişi her tüýsli bolsa-da, olaryň ählisinde diýen ýaly sowgat bermek däbi hem bar.

Ýakynlaryň, dost-ýarlaryň bilen oturyp, doglan gün bellemek şatlykly pursat hem bolsa, sowgat almak we bermek daşky gurşawymyza nähili zyýan ýetirip bilýärkä?

Doglan güne barýan her bir myhman doglan gün belleýän adama sowgat gowşurýar. Doglan gün sowgady hökmünde, biz köplenç doglan gün belleýän adama zerur däl bolan zatlary satyn alýarys. Doglan günümize köplenç egin-eşik, suwenir önümleri, ýa-da oýunjaklar ýaly sowgatlar berilýär. Sowgatlar her dürli bolup biler. Mysal edip egin-eşigi alsak, "Egin-eşik ekologiýa nädip zyýan ýetirip bilýärkä?" diýen sorag ýüze çykmagy mümkin.

Egin eşik öndürýän zawod-fabriklerden kömürturşy gazynyň bölünip çykmagy bilen we egin-eşikleriň zibile atylmagy bilen, ekologiýamyz hapalanýar. Soňky 15 ýylyň dowamynda, global egin-eşik önümçiligi iki esse artdy we dokma-senagat önümçiliginiň çykarýan CO2 zyňyndylary, gämi gatnaw we halkara uçuş pudaklaryny bilelikde alanyňdakydan hem ýokarlandy. Egin-eşiklerdäki çig malyň 85% pagta we poliester bolup, bu çig malyň ikisi-de ekologiki taýdan doly arassa däl. Mysal üçin, poliester çig nebitden alnyp, zäherli syzylmalara we suwuň hapalanmagyna getirýär. Poliester tebigatda öz-özünden ýitip gitmeýär. Pagta bolsa öz gezeginde, ekin hökmünde köp mukdarda suw talap edýär. Ýekeje geýýän futbolkamyzdaky pagtany ösdürip ýetişdirmek üçin 2,7 tonna suw gerek – bu bir adamyň 3 ýylky içjek suwuna barabardyr. Edil egin-eşigiň ekologiýa zyýan berşi ýaly, düzüminde plastik bolan sowgatlar we sowgatlaryň daşky örtükleri hem tebigatymyzda yz galdyrýar. Plastik organiki däldigi üçin, zyňlanyndan soň ýüzlerçe ýyllap çüýremeýär.

Doglan günlerimizi nädip ekologiýa zyýansyz belläp bileris?

↪ Günbatar ýurtlarynda "başdan geçirme" (experience) görnüşli sowgatlar bar. Bu doglan gün belleýäne zat satyn alyp bermän, oňa gyzykly we manyly başdan geçirmeleri sowgat etmekdir. Meselem, doglan gün belleýän adamy daşaryk nahar iýmäge äkitmek, oňa gidesi gelýän ýerlerine petek alyp bermek, ony halaýan kursuna ýazdyrmak we ş.m. Maddy däl sowgatlar adama has köp şatlyk getirip bilýär.

↪ Häzirki döwrüň çagalarynda oýunjaklar gaty köp. Indi olar üçin oýunjaklaryň gymmaty ýok. Käbir uly adamlar öz çagalaryna köp mukdarda oýunjak satyn almak bilen, öz çagalyk döwründäki isleglerini kanagatlandyrýarlar. Onuň ýerine, çaga bilen muzeýe, haýwanat bagyna, tebigata aýlanmaga gidilse, teatrda ýa-da kinoteatrda gyzykly, manyly bir sahna ýa kino tomaşa edilse, örän peýdaly bolar.

↪ Ekologiýa zyýansyz sowgatlaryň ýene biri puldur. Munuň gowy tarapy, doglan gün belleýän adama gerekmejek zady almakdan saklanylýar we onuň göwnüne ýaraýan, özüne hakykatdan hem gerek bolan zady özüniň saýlap almagyna mümkinçilik berilýär.

↪ Öz eliň bilen ýasalan sowgatlar hem peýdaly bolup biler. Otkrytka, dürli reňkli şemler, ýassyjak, fotoramka, elde çekilen surat we ş.m. Emma, köplenç, bu hili sowgatlary çagalar ýasaýarlar.

Eger sowgat bereýin diýseňiz, iň gowusy ony gaplamazlykdyr. Ýöne bu size hakykatdan hem zerur bolsa, sowgady döredijilikli we tebigata zyýansyz usulda – polotensede ýa-da ýaglykda, ýa bolmasa, gazet-žurnallaryň listleri ýa kagyz bilen örtüp bilersiňiz.

Seniň alýan ýa-da berýän sowgatlaryň ekologiýa zyýansyzmy?

Batyr Bäşimow