JEMGYÝETIMIZIŇ SEMIZLIK EPIDEMIÝASY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

semizlik epidemiyasyHaçan, nädip beýle semredik? Şahsy pikir

Jemgyýetimizde "semizlik – adaty zat" diýen düşünje giňden ýaýran. Bu düşünjäniň emele gelme sebäbi-de, öňki döwürlerde daýaw we semiz adamlar "pälwan", "baý" hasaplanylypdyr. Şeýle hem, geçmişde iýmit ýetmezçiligi sebäpli adamlar "ýarym dok" bolupdyrlar. Şonuň üçin, bolçulyk dörände "özüm iýip bilmedim, çagam bir iýsin", "semizlik – gurplulyk" diýen düşünjeler zerarly medeniýetimizde aşa ýogynlyk adaty, hatda gowy zat hasaplanylýar. Meselem, semizligi toýuňdan soň ýa dogrumdan soň "bolaýmaly zat" ýaly kabul edýärler. Semremediklere hem, "Gaýyn öýüňde seni horlaýalar öýdýän", "Gelniň seni bakanokmy?" ýaly, degişme äheňinde edilýän tankytlaram eşitmek bolýar.

Toý edýänçäler gyzlarymyz-da, oglanlarymyz-da bedenlerine örän gowy seredýärler, hatda berhiz tutýarlar. Toý edensoňlar, gyzlarymyz "hiç kime görünmek aladasynyň", oglanlarymyz bolsa, "taý gözlemek zerurlygynyň" ýoklugyndan arkaýynlaşyp ýognaýarlar. Aýallar göwrelilik rugsadynda azyndan 5-7kg semreýärler. Muny gyz-gelinlerimizde bedenini kesgitli agramlarda saklamak barada sowatlylygyň pesligi, iýmite gezek gelende "agzyna erk edip bilmezlikleri" bilen düşündirip bolar. Üns berseňiz, bizde erkekleriň aglabasy 23-28 ýaşlarynda alkogol (aýratynam piwo, arak) içmäge başlaýarlar. Içgileriň köpüsi işdä açyjy bolup, köp iýmit iýilmegine getirýär. Alkogol bedeniň ýag ýakyjylygyny duruzyp, garynda ýag ýygnalmagyna sebäp bolýar. Mundan başga-da, jemgyýetimizde 35 ýaşdan geçen we maşgalaly adamlar sport bilen kän meşgullanmaýarlar. Bu semremegiň ýene bir faktorydyr.

Iýmitlenme medeniýetimiz

Ýurdumyzda semiz adamlaryň artmagynyň esasy sebäpleriniň biri-de milli tagamlarymyzyň agyr iýmitlerden ybaratlygydyr. Merkezi Aziýanyň naharlarynda et we haýwan ýagy agdyklyk edýär. Şeýle-de, Balkan welaýatyndan başga welýatlarda balyk iňňän az iýilýär. Deňiz önümleri bolsa bütinleý iýilmeýär diýen ýaly. Ýurtda howa şertleriniň ýylyň ähli paslynda miweleri ýetişdirmäge oňaýsyzdygy sebäpli hem, ilatyň gök-önümleri we miweleri iýmek endigi ösmedik. Döwrebap naharlanyş hem türk we rus aşhanalarynyň täsiri esasynda hamyrly, şekerli, duzly önümleriň kabul edilmegi has köpeldi. Jemgyýetimizde wegan (haýwan önümlerini iýmeýänler), wegetarian (et önümlerini iýmeýänler) bolmak, sagdyn iýmitlenmek, iýmitiň mukdaryna däl-de hiline üns bermek düşünjeleri barada bolsa, diýseň az adam bilýär. Şonuň üçin, Türkmenistanda diňe ulular däl, eýsem, çagalaryň hem 10-dan 1-i semiz.

Onuň üstesine, soňky 3 ýylyň ykdysady çökgünligi sebäpli adamlaryň maliýe ýagdaýy peseldi we ilatyň organiki önümleri satyn alyp bilme mümkinçilikleri kemeldi. Indi organiki etleriň ýerine doňdurylyp import edilýän, himiki ýollar bilen semredilýän towuk etleri iýilýär. Tebigy miweleriň ýerini bolsa, parniklerde ýetişdirilýän miweler tutýar. Bilşime görä, häzirki wagtda obalarda suwuň ýiti ýetmezçiligi sebäpli mellekde ýetişdirilýän miweler 40%-e çenli azaldy.

Semizligiň nädip öňüni almaly?

↪ Ilki bilen, semizligiň adam ömrüni gysgaldyp, diabet, ýürek-damar, dem-alyş we käbir rak keselleriniň döremegine sebäp bolýandygyny bilmeli.

↪ Döwletiň semizligiň öňüni alýan meýilnamalary bolmaly. Semizlik meselesi barada köpçülige yzygiderli düşündiriş geçirmeli.

↪ Jemgyýetimizde semizligi "adaty" kabul etmegimizi üýtgetmeli. (Meselem, türkmen dilinde sagdyn naharlary mahabatlandyrmaly. Bir alma iýip, yzyndanam bir gazan manty iýmek bilen adam sagdyn bolmaýar.)

↪ Gowrulan we ýagly iýmitleri azrak, gaýnadylan we organiki miweleridir gök-önümleri köpräk kabul etmeli.

↪ Aşa semizler berhiz naharlaryny dowamly iýip horlanyp bilerler. (Ýurdumyzda semizler üçin ýek-tük (esasy Aşgabatda) berhiz naharlary hyzmaty bar. Olar her aý 3-5kg zyýansyz horlandyrýar.)

↪ Hereketliligi artdyrmaly. (Aşa semizler üçin ýöriteleşdirilen sport zallary bolmasa-da, ýörite sport meýilnamalaryny hödürleýän tälimçileri tapsa bolýar.)

Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Awtor: Päkize Ýomudowa